Habarlar / Habarlar
Türkmenistan “KazanForumyň” çäklerinde “Russia Halal Expo” sergisine gatnaşýar

Türkmenistan 14 – 16-njy maýda “Kazan Ekspo” halkara sergiler merkezinde geçirilýän “Russiýa – Yslam dünýäsi: KazanForum” XVI halkara ykdysady forumynyň çäklerinde geçirilýän “Russia Halal Expo” sergisine gatnaşýar. Şu ýylda geçirilýän foruma 103 ýurtdan wekiller gatnaşýarlar.

“Russia Halal Expo” sergisi – bu maýa goýum we infrastruktura taslamalary hem-de Yslam ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin täze başlangyçlary tanyşdyrmak üçin Russiýada geçirilýän iň iri çäredir. Sergide B2B taslamalar, Yslam ýurtlarynyň maliýe ulgamlarynyň işleri, maşyngurluşyk, kiçi we orta telekeçiliginiň önümleri, halkara hem-de sebit düzümlere degişli diwarlyklar tanyşdyrylýar. Bu barada çäräniň web-saýtynda habar berilýär.

“Russia Halal Expo” sergisinde Türkmenistanyň diwarlygy, 2025-nji ýylyň 15-nji maýy, Kazan, Tatarystan (Surat: kommersant.ru)

 

“Russiýa – Yslam dünýäsi: KazanForum” forumy bolsa Russiýa Federasiýasy bilen Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň arasynda ykdysady gatnaşyklary berkitmek üçin möhüm ähmiýetli çäreleriň biri hasaplanylýar. Türkmenistanyň bu foruma gatnaşmagy onuň, hususan-da, halal önümleriň senagatynda halkara söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmäge çalyşýandygyny tassyklaýar.

Forum oňa gatnaşyjylara hyzmatdaşlygy ýola goýmak, işewürlik taslamalary ilerletmek we täze bazarlary ýüze çykarmak üçin giň mümkinçilikleri hödürleýär.

Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda German wekilýeti bilen duşuşyk geçiril...
Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda German wekilýeti bilen duşuşyk geçirildi
Türkmenistanyň wekiliýeti Nýu-Ýork şäherinde BMG-niň EKOSOS-yň howandar...
Türkmenistanyň wekiliýeti Nýu-Ýork şäherinde BMG-niň EKOSOS-yň howandarlygynda geçirilýän Ýokary derejeli syýasy foruma gatnaşýar
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy we Birleşen Milletler Guramasy hyzmat...
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy we Birleşen Milletler Guramasy hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdylar
Türkmen-azerbaýjan hökümetara toparynyň 9-njy mejlisinde hyzmatdaşlygyň g...
Türkmen-azerbaýjan hökümetara toparynyň 9-njy mejlisinde hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlary kesgitlenildi
Türkmenistanda “Sanly çözgüt — 2026” atly innowasion taslamalaryň bä...
Türkmenistanda “Sanly çözgüt — 2026” atly innowasion taslamalaryň bäsleşigi yglan ediler
Gahryman Arkadagymyzyň Eýran Yslam Respublikasyna sapary...
Gahryman Arkadagymyzyň Eýran Yslam Respublikasyna sapary
Türkiýäniň 5-nji Deňiz sammiti geçirildi
Türkiýäniň 5-nji Deňiz sammiti geçirildi
Hytaýdan Balkan welaýatyna täze ýük otlusy gatnawy ýola goýuldy...
Hytaýdan Balkan welaýatyna täze ýük otlusy gatnawy ýola goýuldy
Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda tegelek stol duşuşygy geçirildi...
Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda tegelek stol duşuşygy geçirildi
Azerbaýjan tarapyndan sowgat berlen «Dostluk» nebit tankeri Türkmenbaşy por...
Azerbaýjan tarapyndan sowgat berlen «Dostluk» nebit tankeri Türkmenbaşy portuna geldi