Habarlar / Habarlar
Gurbanguly Berdimuhamedow Kazanda geçirilýän halkara foruma gatnaşar

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynda geçirilýän “Russiýa – Yslam dünýäsi: KazanForum” XVI halkara ykdysady forumyna gatnaşar. Bu barada Türkmenistanyň DIM-i anna güni habar berdi.

Türkmenistan bu çärä gatnaşmagy Russiýa Federasiýasy we Yslam ýurtlary bilen hyzmatdaşlygynyň möhüm bölegi hökmünde garaýar. Syýasy, ykdysady, söwda, medeni-ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlygyň uzakmöhletleýin esasda berkidilmegine möhüm ähmiýet berilýär.

Her ýyl onlarça ýurtdan gatnaşyjylary bir ýere jemleýän “KazanForumda” Türkmenistana däp boýunça uly wekiliýet topary wekilçilik edýär. Halal senagatyna bagyşlanan “Russia Halal Expo 2025” halkara sergisinde Türkmenistanyň milli pawilýonynyň ýaýbaňlandyrylmagy nobatdaky gezek möhüm wakalaryň biri bolar. Onda azyk senagatyndan başlap dokma we senagat önümçiligine çenli dürli ugurlarda önüm öndürýän öňdebaryjy türkmen kärhanalary özleriniň harytlaryny bu ýere gelýänlere hödürleýärler.

Türkmenistanda öndürilýän önümleriň ýokary halkara ölçeglere laýyk gelýändigini bu harytlaryň Russiýa edilýän eksportynyň yzygiderli artmagynda hem görünýär. Kazanda geçirilýän sergä gatnaşmaklyk Russiýanyň sebitleri, şol sanda Yslam ýurtlary bilen işewürlik gatnaşyklary giňeltmek üçin goşmaça mümkinçilikleri açýar.

Türkmenistanyň DIM-nde Birleşen Arap Emirlikleriniň Türkmenistandaky Ilçis...
Türkmenistanyň DIM-nde Birleşen Arap Emirlikleriniň Türkmenistandaky Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi
«Hazar deňziniň ekoulgamyny goramak: sebit hyzmatdaşlygy we durnukly ösüş...
«Hazar deňziniň ekoulgamyny goramak: sebit hyzmatdaşlygy we durnukly ösüş» atly ylmy-amaly maslahaty
Gurbanguly Berdimuhamedow Owganystana iş saparyny amala aşyrdy we Abdul Gani B...
Gurbanguly Berdimuhamedow Owganystana iş saparyny amala aşyrdy we Abdul Gani Baradar bilen gepleşikleri geçirdi.
Türkmenistanda daşary ýurt raýatlaryny hasaba almagyň onlaýn ulgamy işlen...
Türkmenistanda daşary ýurt raýatlaryny hasaba almagyň onlaýn ulgamy işlenip taýýarlanyldy
“Magtymguly” gaz käninde 1,3 million kub metr gaz akymy alyndy...
“Magtymguly” gaz käninde 1,3 million kub metr gaz akymy alyndy
Türkmenistanyň Prezidenti Hazaryň kenarynda welosipedli ýöriş etdi...
Türkmenistanyň Prezidenti Hazaryň kenarynda welosipedli ýöriş etdi
“Hazar Logistik” owgan wekiliýeti bilen logistika meselelerini maslahatlaş...
“Hazar Logistik” owgan wekiliýeti bilen logistika meselelerini maslahatlaşdy
Türkmen ilçisi JATA-nyň ýolbaşçysy bilen göni gatnawlary ýola goýmagy m...
Türkmen ilçisi JATA-nyň ýolbaşçysy bilen göni gatnawlary ýola goýmagy maslahatlaşdy
«Deňizçi» futzal topary 15 ýyllygyny «Deňizçi» kubogy ugrundaky ýaryş...
«Deňizçi» futzal topary 15 ýyllygyny «Deňizçi» kubogy ugrundaky ýaryşda gazanan ýeňşi bilen dabaralandyrdy
Hazar deňziniň türkmen böleginde nebit-gaz gazyp çykarýan platformalarda w...
Hazar deňziniň türkmen böleginde nebit-gaz gazyp çykarýan platformalarda we beýleki dürli maksatly desgalarda (gurluşlarda) tehnogen heläkçilikleriň öňüni almak we olary ýok etmek boýunça toplumlaýyn türgenleşik okuwy