Habarlar / Habarlar
Türkmenistan nebitgaz pudagynda halkara hyzmatdaşlygy ösdürýär

Türkmenistan nebitgaz pudagynda halkara hyzmatdaşlygy ösdürýär. Munuň şeýledigine çarşenbe güni Aşgabatdaky “Garagum” myhmanhanasynda geçirilen birnäçe duşuşyklar hem şaýatlyk edýär diýip, Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.

Duşuşyklara “Türkmengaz” we “Türkmennebit” döwlet konsernleriniň ýolbaşçylary hem-de Türkmenistanda saparda bolan Malaýziýanyň “Petronas” kompaniýasynyň, Abu-Dabiniň milli nebit kompaniýasynyň (ADNOC) wekiliýetleri gatnaşdylar.

“Türkmengaz” we “Türkmennebit” döwlet konsernleriniň ýolbaşçylary Türkmenistanyň ozaldan gelýän hyzmatdaşy “Petronas” kompaniýasynyň ýokary derejeli dolandyryjylary bilen gepleşikleri geçirdiler. Maslahatlaşmalaryň çäklerinde ikitaraplaýyn energetika hyzmatdaşlygynyň möhüm meselelerine garaldy.

ADNOC kompaniýasynyň wekilleri bilen geçirilen duşuşykda taraplar nebitgaz ulgamynda hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we ony mundan beýläk-de giňeltmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. BAE-niň wekiliýeti köpugurly hyzmatdaşlygy berkitmäge gyzyklanmalaryny beýan edip, Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň durnukly ösýändigini, ýurduň halkara borçnamalara ygrarlydygyny bellediler.

Soňra BAE-niň energetika düzümleriniň, “Petronas” kompaniýasynyň we Türkmenistanyň ýangyç-energetika edaralarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde halkara duşuşyk geçirildi. Onuň gün tertibine bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegiň we geljekki hyzmatdaşlygyň meseleleri girizildi.

Gepleşikleriň jemleri boýunça taraplar birnäçe ikitaraplaýyn ylalaşyklara gol çekdiler. Hususan-da, «Türkmennebit» döwlet konserni bilen Malaýziýanyň «PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn Bhd» kompaniýasynyň hem-de BAE-niň «ADNOC Türkmenistan RSC Limited» kompaniýasynyň arasynda Şertnama baglaşyldy. Şunuň ýaly Şertnamanyň «Türkmengaz» döwlet konserni bilen ady agzalan kompaniýalaryň arasynda hem baglaşylmagy taraplaryň energetika ulgamynda strategik hyzmatdaşlygy ösdürmegi maksat edinýändiklerini tassyklaýar.

Şeýle hem şol gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň çarşenbe güni Aşgabatda Malaýziýanyň “Petronas” nebitgaz korporasiýasynyň ýolbaşçysy Tan Şri Tengku Muhammad Taufik, şeýle hem BAE-niň senagat we öňdebaryjy tehnologiýalar ministri, Abu-Dabiniň milli nebit kompaniýasynyň (ADNOC) Baş direktory Soltan Ahmed Al-Jaber, BAE-niň energetika we infrastruktura ministri Suheýl Al Mazrui, Daşary işler ministrliginiň döwlet ministri Ahmed Al-Saýeg bilen duşuşyklary boldy.

Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda German wekilýeti bilen duşuşyk geçiril...
Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda German wekilýeti bilen duşuşyk geçirildi
Türkmenistanyň wekiliýeti Nýu-Ýork şäherinde BMG-niň EKOSOS-yň howandar...
Türkmenistanyň wekiliýeti Nýu-Ýork şäherinde BMG-niň EKOSOS-yň howandarlygynda geçirilýän Ýokary derejeli syýasy foruma gatnaşýar
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy we Birleşen Milletler Guramasy hyzmat...
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy we Birleşen Milletler Guramasy hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdylar
Türkmen-azerbaýjan hökümetara toparynyň 9-njy mejlisinde hyzmatdaşlygyň g...
Türkmen-azerbaýjan hökümetara toparynyň 9-njy mejlisinde hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlary kesgitlenildi
Türkmenistanda “Sanly çözgüt — 2026” atly innowasion taslamalaryň bä...
Türkmenistanda “Sanly çözgüt — 2026” atly innowasion taslamalaryň bäsleşigi yglan ediler
Gahryman Arkadagymyzyň Eýran Yslam Respublikasyna sapary...
Gahryman Arkadagymyzyň Eýran Yslam Respublikasyna sapary
Türkiýäniň 5-nji Deňiz sammiti geçirildi
Türkiýäniň 5-nji Deňiz sammiti geçirildi
Hytaýdan Balkan welaýatyna täze ýük otlusy gatnawy ýola goýuldy...
Hytaýdan Balkan welaýatyna täze ýük otlusy gatnawy ýola goýuldy
Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda tegelek stol duşuşygy geçirildi...
Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda tegelek stol duşuşygy geçirildi
Azerbaýjan tarapyndan sowgat berlen «Dostluk» nebit tankeri Türkmenbaşy por...
Azerbaýjan tarapyndan sowgat berlen «Dostluk» nebit tankeri Türkmenbaşy portuna geldi