Habarlar / Habarlar
Aşgabat GDA-nyň täze sport mümkinçilikleriniň şäheri diýip yglan edildi

GDA-nyň Hökümet baştutanlarynyň Geňeşiniň 24-nji maýda, anna güni türkmen paýtagtynda geçirilen mejlisinde biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky sport hyzmatdaşlygyny giňeltmek maksady bilen Aşgabat “Arkalaşygyň täze sport mümkinçilikleriniň şäheri” diýlip yglan edildi. Şeýle hem Hökümet baştutanlary Bedenterbiýe we sport geňeşine başlangyjy durmuşa geçirmäge gönükdirilen 2024-2025-nji ýyllar üçin çäreleriň maksatnamasynyň taslamasyny taýýarlamagy tabşyrdy.

Türkmenistan sportuň dürli görnüşleri boýunça iri halkara sport ýaryşlaryny we forumlaryny geçirmek hem-de gurnamak boýunça yzygiderli başlangyçlar bilen çykyş edýär. Şona laýyklykda 2017-nji ýylda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary Aşgabatda üstünlikli geçirildi.

2018-nji ýylda Türkmenistanyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy 3-nji iýun – Bütindünýä welosiped güni diýip yglan etdi we şondan bäri her ýylyň 3-nji iýunynda giňden bellenip geçilýär. Şol ýylda Beýik ýüpek ýolunyň ugrunda “Amul — Hazar 2018” halkara awtorallisi, şeýle hem agyr atletika boýunça dünýä çempionatyny uly üstünlikler bilen geçirildi. 2023-nji ýylda Türkmenistan Kuraş boýunça XIV dünýä çempionatyny, 2024-nji ýylda bolsa hokkeý boýunça halkara ýaryşy üstünlikli geçirildi.

Soňky ýyllarda Türkmenistan Arkalaşygyň ýurtlarynyň arasyndaky sport hyzmatdaşlygyna gatnaşygyny has-da işjeňleşdirdi. 2022-nji ýylyň 14-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisinde GDA döwletleriniň we beýleki ýurtlaryň türgenleriniň gatnaşmagynda yzygiderli esasdaky “Dostluk oýunlaryny” guramak başlangyjy boýunça çykyş etdi. Häzirki wagtda bu başlangyç GDA agza ýurtlaryň Bedenterbiýe we sport geňeşi tarapyndan seredilýär, 2023-nji ýyldan bäri Türkmenistanyň wekilleri hem muňa gatnaşýar, diýip GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň web saýtynda habar berilýär.


 

‘Dostluk’ tankeri Azerbaýjanyň we Türkmenistanyň hyzmatdaşlygyny berkid...
‘Dostluk’ tankeri Azerbaýjanyň we Türkmenistanyň hyzmatdaşlygyny berkider
Aşgabatda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky 13-nji mejlisi g...
Aşgabatda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky 13-nji mejlisi geçirildi
Türkmenistanyň DIM-nde Ýaponiýanyň Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi...
Türkmenistanyň DIM-nde Ýaponiýanyň Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi
Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-türk hökümetara toparynyň 9-njy me...
Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-türk hökümetara toparynyň 9-njy mejlisi geçirildi
Aşgabatda türkmen-amerikan biznes-forumy geçirildi...
Aşgabatda türkmen-amerikan biznes-forumy geçirildi
Aşgabatda we daşary ýurtlarda Bütindünýä welosiped güni mynasybetli köp...
Aşgabatda we daşary ýurtlarda Bütindünýä welosiped güni mynasybetli köpçülikleýin çäreler geçirildi
Türkmenistanyň Deňiz Administrasiýasy ISO 9001:2015 standartyna laýyklygyny...
Türkmenistanyň Deňiz Administrasiýasy ISO 9001:2015 standartyna laýyklygyny üstünlikli tassyklady
Türkmen-hytaý strategik hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlary ara alnyp maslahatla...
Türkmen-hytaý strategik hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy
Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy...
Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy
Türkmenistanyň wekiliýeti GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň çärelerin...
Türkmenistanyň wekiliýeti GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň çärelerine gatnaşdy