Habarlar / Habarlar
Aşgabatda Ýeňşiň 80 ýyllygy mynasybetli seýilgäh açyldy

Türkmenistanyň paýtagty Aşgabatda Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 80 ýyllygy mynasybetli Hatyra seýilgähi açyldy. Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň çäginde geçirilen hatyra çäresi faşizme garşy göreşen sowet halklarynyň gahrymançylygyna goýulýan çuňňur hormatyň nyşany boldy diýip, Türkmenistanyň resmi metbugaty sişenbe güni habar berdi.

Dabarany Russiýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Iwan Wolynkin tarapyndan açyldy. Ol öz çkyşynda taryhy hakydany gorap saklamagyň we ony geljek nesillere ýetirmegiň möhümdigini belledi.

Dabara Russiýanyň ilçihanasynyň işgärleriniň, daşary döwletleriň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalarynyň wekilleriniň gatnaşmagy Ýeňiş hakydasynyň halkara ähmiýete eýedigini görkezdi.

Dabaranyň resmi bölegi tamamlanandan soňra ilçi beýleki diplomatik wekiller bilen birlikde Hakyda seýilgähine ugradylar. Bu ýerde şanly senäniň şanyna onlarça bag nahallaryny oturtmak çäresi geçirildi. Gatnaşyjylar wepat bolanlaryň hormatyna bir minut dymyşlyk yglan etdiler hem-de seýilgähiň etegine gül desselerini goýdular.

Habarda bellenilişi ýaly, Hakyda seýilgähini döretmek başlangyjy 2020-nji ýylda badalga alan iri halkara taslamanyň möhüm bölegidir. Onuň çäklerinde her ýylda tutuş dünýäde Beýik Watançylyk urşunyň gerçekleriniň hormatyna 27 million bag nahaly ekilýär. Häzirki wagtda bu taslamanyň çäklerinde eýýäm 130 million düýp bag nahaly oturdyldy.

Russiýanyň Aşgabatdaky ilçihanasynyň çäginde döredilen täze Hakyda seýilgähi sowet halklarynyň edermenligine we ählumumy parahatçylyk ýörelgelerine bagyşlanan ýene-de bir möhüm ähmiýetli ýerleriň birine öwrüldi.

Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda German wekilýeti bilen duşuşyk geçiril...
Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda German wekilýeti bilen duşuşyk geçirildi
Türkmenistanyň wekiliýeti Nýu-Ýork şäherinde BMG-niň EKOSOS-yň howandar...
Türkmenistanyň wekiliýeti Nýu-Ýork şäherinde BMG-niň EKOSOS-yň howandarlygynda geçirilýän Ýokary derejeli syýasy foruma gatnaşýar
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy we Birleşen Milletler Guramasy hyzmat...
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy we Birleşen Milletler Guramasy hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdylar
Türkmen-azerbaýjan hökümetara toparynyň 9-njy mejlisinde hyzmatdaşlygyň g...
Türkmen-azerbaýjan hökümetara toparynyň 9-njy mejlisinde hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlary kesgitlenildi
Türkmenistanda “Sanly çözgüt — 2026” atly innowasion taslamalaryň bä...
Türkmenistanda “Sanly çözgüt — 2026” atly innowasion taslamalaryň bäsleşigi yglan ediler
Gahryman Arkadagymyzyň Eýran Yslam Respublikasyna sapary...
Gahryman Arkadagymyzyň Eýran Yslam Respublikasyna sapary
Türkiýäniň 5-nji Deňiz sammiti geçirildi
Türkiýäniň 5-nji Deňiz sammiti geçirildi
Hytaýdan Balkan welaýatyna täze ýük otlusy gatnawy ýola goýuldy...
Hytaýdan Balkan welaýatyna täze ýük otlusy gatnawy ýola goýuldy
Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda tegelek stol duşuşygy geçirildi...
Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda tegelek stol duşuşygy geçirildi
Azerbaýjan tarapyndan sowgat berlen «Dostluk» nebit tankeri Türkmenbaşy por...
Azerbaýjan tarapyndan sowgat berlen «Dostluk» nebit tankeri Türkmenbaşy portuna geldi