Habarlar / Habarlar
Brýussel: Türkmenistan ÝB bilen hyzmatdaşlygy giňeltmegiň esasy ugurlaryny tanyşdyrdy

Türkmenistanyň maliýe we ykdysadyýet ministriniň orunbasary Babanyýaz Ýalakow 12-13-nji maýda Belgiýanyň Brýussel şäherinde ykdysady we maliýe hyzmatdaşlygy boýunça ýokary derejeli “ÝB – Merkezi Aziýa” dialogynyň mejlisine gatnaşdy. Türkmen wekili umumy mejlisiň dowamynda Türkmenistan bilen ÝB-niň arasyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmegiň esasy ugurlary barada tanyşdyrdy.

B.Ýalakow infrastruktura, durnukly energetika, sanlylaşdyrmak, suwy tygşytlamak we seýrek duş gelýän peýdaly magdanlary gazyp almak ýaly möhüm ugurlarda köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhümdigini belledi. Maslahatlaşmalar ÝB-niň “Global Gateway” maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde geçirildi diýip, Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçihanasy habar berýär.

ÝB-niň Geňeşinde Polşanyň başlyklyk etmeginde guralan bu çäre Merkezi Aziýa ýurtlarynyň, Ýewropa Bileleşiginiň edaralarynyň we halkara maliýe düzümleriniň wekillerini bir ýere jemledi. Türkmen wekiliýeti şeýle hem Ýewropanyň maýa goýum bankynyň, Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň hem-de ösüş boýunça Ýewropanyň öňdebaryjy banklarynyň torunyň birleşmesi bolan JEFIC-iň wekilleri bilen geçirilen iş maslahatlaryna gatnaşdy.

Ykdysady we maliýe hyzmatdaşlygy boýunça ýokary derejeli “ÝB – Merkezi Aziýa” dialogy, 12-13-nji maý, Brýussel, Belgiýa (Surat: Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçihanasy)

 

Duşuşyga gatnaşyjylar Hazarüsti ulag geçelgesini ösdürmäge hem-de “ýaşyl” energetika ulgamyndaky taslamalara, şol sanda wodorody ulanmak boýunça synag başlangyçlaryna aýratyn üns berdiler.

Jemleýji mejlisde çykyş eden Türkmenistanyň Belgiýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Sapar Palwanow öz ýurdunyň Ýewropanyň ösüş banklary bilen, hususan-da, ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmak we halkara maýa goýum gatnaşyklaryny berkitmek babatda hyzmatdaşlyga açykdygyny belledi.

Duşuşygyň netijeleri boýunça türkmen wekiliýeti Türkmenistanyň ÝB bilen dialogy giňeltmäge hem-de durnukly infrastruktura we ykdysady ösüş ulgamynda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga çalyşýandygyny tassyklady.

Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda German wekilýeti bilen duşuşyk geçiril...
Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda German wekilýeti bilen duşuşyk geçirildi
Türkmenistanyň wekiliýeti Nýu-Ýork şäherinde BMG-niň EKOSOS-yň howandar...
Türkmenistanyň wekiliýeti Nýu-Ýork şäherinde BMG-niň EKOSOS-yň howandarlygynda geçirilýän Ýokary derejeli syýasy foruma gatnaşýar
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy we Birleşen Milletler Guramasy hyzmat...
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy we Birleşen Milletler Guramasy hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdylar
Türkmen-azerbaýjan hökümetara toparynyň 9-njy mejlisinde hyzmatdaşlygyň g...
Türkmen-azerbaýjan hökümetara toparynyň 9-njy mejlisinde hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlary kesgitlenildi
Türkmenistanda “Sanly çözgüt — 2026” atly innowasion taslamalaryň bä...
Türkmenistanda “Sanly çözgüt — 2026” atly innowasion taslamalaryň bäsleşigi yglan ediler
Gahryman Arkadagymyzyň Eýran Yslam Respublikasyna sapary...
Gahryman Arkadagymyzyň Eýran Yslam Respublikasyna sapary
Türkiýäniň 5-nji Deňiz sammiti geçirildi
Türkiýäniň 5-nji Deňiz sammiti geçirildi
Hytaýdan Balkan welaýatyna täze ýük otlusy gatnawy ýola goýuldy...
Hytaýdan Balkan welaýatyna täze ýük otlusy gatnawy ýola goýuldy
Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda tegelek stol duşuşygy geçirildi...
Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda tegelek stol duşuşygy geçirildi
Azerbaýjan tarapyndan sowgat berlen «Dostluk» nebit tankeri Türkmenbaşy por...
Azerbaýjan tarapyndan sowgat berlen «Dostluk» nebit tankeri Türkmenbaşy portuna geldi