Habarlar / Habarlar
Türkmenistan Aziýanyň we Ýewropanyň ygtybarly üstaşyr köprüsi hökmündäki ornuny berkidýär

Türkmenistan sebitleýin ulag geçelgelerini kämilleşdirmek boýunça toplumlaýyn tagallalarynyň netijesinde Aziýa bilen Ýewropanyň arasynda möhüm üstaşyr geçelge hökmünde eýeleýän ornuny barha berkidýär. Munuň şeýledigine Germaniýanyň Halkara hyzmatdaşlyk boýunça jemgyýetiniň (GIZ) 2024-nji ýylyň oktýabr-noýabr aýlarynda geçiren barlaglary hem şaýatlyk edýär diýip, Türkmenistanyň resmi metbugaty şenbe güni habar berdi.

Geçirilen barlaglara laýyklykda, Türkmenistanyň serhedinden ýükleri geçirmäge sarp edilýän ortaça wagt 50 minuda deňdir. Bu Merkezi Aziýada iň az görkezijidir. Deňeşdirme hökmünde alsak, bu babatda Gazagystandaky görkeziji 2 sagat 26 minuda, Täjigistandaky görkeziji 1 sagat 50 minuda, Gyrgyzystandaky görkeziji 1 sagat 28 minuda, Özbegistandaky görkeziji hem 1 sagat 25 minuda deňdir.

Hasabatda bellenilişi ýaly, şeýle görkezijileri Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy tarapyndan sanly tehnologiýalaryň işjeň ornaşdyrylmagy netijesinde gazanmak başartdy. Gulluk gümrük amallaryny ýeňilleşdirmäge we umumylaşdyrmaga çalyşýar.

Bu görkezijiler ygtybarly üstaşyr köpri hökmünde Türkmenistanyň ornuny barha artýandygyny nygtaýar. Şunda strategik taýdan ähmiýetli bu işde Döwlet gümrük gullugynyň mynasyp orny bar.

Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda German wekilýeti bilen duşuşyk geçiril...
Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda German wekilýeti bilen duşuşyk geçirildi
Türkmenistanyň wekiliýeti Nýu-Ýork şäherinde BMG-niň EKOSOS-yň howandar...
Türkmenistanyň wekiliýeti Nýu-Ýork şäherinde BMG-niň EKOSOS-yň howandarlygynda geçirilýän Ýokary derejeli syýasy foruma gatnaşýar
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy we Birleşen Milletler Guramasy hyzmat...
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy we Birleşen Milletler Guramasy hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdylar
Türkmen-azerbaýjan hökümetara toparynyň 9-njy mejlisinde hyzmatdaşlygyň g...
Türkmen-azerbaýjan hökümetara toparynyň 9-njy mejlisinde hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlary kesgitlenildi
Türkmenistanda “Sanly çözgüt — 2026” atly innowasion taslamalaryň bä...
Türkmenistanda “Sanly çözgüt — 2026” atly innowasion taslamalaryň bäsleşigi yglan ediler
Gahryman Arkadagymyzyň Eýran Yslam Respublikasyna sapary...
Gahryman Arkadagymyzyň Eýran Yslam Respublikasyna sapary
Türkiýäniň 5-nji Deňiz sammiti geçirildi
Türkiýäniň 5-nji Deňiz sammiti geçirildi
Hytaýdan Balkan welaýatyna täze ýük otlusy gatnawy ýola goýuldy...
Hytaýdan Balkan welaýatyna täze ýük otlusy gatnawy ýola goýuldy
Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda tegelek stol duşuşygy geçirildi...
Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda tegelek stol duşuşygy geçirildi
Azerbaýjan tarapyndan sowgat berlen «Dostluk» nebit tankeri Türkmenbaşy por...
Azerbaýjan tarapyndan sowgat berlen «Dostluk» nebit tankeri Türkmenbaşy portuna geldi