Habarlar / Habarlar
Türkmenistan Bakuda geçiriljek oba hojalyk we azyk senagatynyň sergilerine gatnaşar

Türkmenistan “Caspian Agro” atly Azerbaýjanyň 18-nji Halkara oba hojalyk sergisine hem-de 30-njy ýubileý Halkara azyk senagaty sergisine gatnaşar. Bu çäreler Baku şäherinde 13 – 16-njy maý aralygynda geçiriler diýip, Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär. 

Habar berlişine görä, Türkmenistanyň 30-dan gowrak ýurtdan 450 töweregi kompaniýanyň gatnaşjak möhüm ähmiýetli çärelere gatnaşjakdygy tassyklanyldy. Sergiler türkmen kärhanalaryna halkara giňişlikde öz önümlerini tanyşdyrmaga we geljegi uly hyzmatdaşlar we maýadarlar bilen işewürlik gatnaşyklary ýola goýmaga mümkinçilik berer. 

Bakuda geçiriljek sergilere gatnaşmaklyk türkmen kärhanalarynyň öňünde oba hojalygyndaky we azyk senagatyndaky üstünliklerini görkezmekleri, olaryň dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň soňky innowasion gazananlary bilen tanyşmaga giň şertleri döredýär. Olara gatnaşýan ýurtlaryň hataryna Germaniýa, ABŞ, Günorta Koreýa, Italiýa, Eýran, Türkiýe, Özbegistan, Gazagystan we Russiýa hem goşuldy. 

“Caspian Event Organizers” kompaniýasynyň guramaçylyk işgärleriniň wekili Bahruz Hidaýatzade şu ýylda bu sergileriň dört günläp geçirilmeginiň olara gatnaşýanlaryň işewürlik gatnaşyklaryny ýola goýmaklary üçin has köprak wagt mümkinçiliklerini hödürleýändigini aýtdy. 

“Caspian Agro” atly Azerbaýjanyň 18-nji Halkara oba hojalyk sergisi häzirki zaman oba hojalyk tehnologiýalaryny ilerletmegi, halkara işewürlik gatnaşyklary ösdürmegi hem-de pudagyň innowasion çözgütlerini goldamagy maksat edinýär.

Balkandaky täze awtoýol bir gije-gündizde 14 müň awtoulaga hyzmat eder...
Balkandaky täze awtoýol bir gije-gündizde 14 müň awtoulaga hyzmat eder
Milli döwletliligiň we agzybirligiň dabaralanmasy: Türkmenistanda Konstitusi...
Milli döwletliligiň we agzybirligiň dabaralanmasy: Türkmenistanda Konstitusiýanyň we Döwlet baýdagynyň güni bellenildi
Hazarüsti ulag geçelgesini sanlylaşdyrmak boýunça halkara okuw maslahaty ge...
Hazarüsti ulag geçelgesini sanlylaşdyrmak boýunça halkara okuw maslahaty geçirildi
Merkezi Aziýanyň logistika strategiyasy Astanada kesgitlener: Türkmen işewü...
Merkezi Aziýanyň logistika strategiyasy Astanada kesgitlener: Türkmen işewürleri halkara foruma çagyrylýar
Aşgabat şäherinde GDA agza ýurtlaryň demir ýol ulagy boýunça Geňeşiniň 84-nji halkara mejlisi öz işine başlady
Türkmenistanyň gämi gurluşygynda täze döwür: “Gadamly” ilkinji halkar...
Türkmenistanyň gämi gurluşygynda täze döwür: “Gadamly” ilkinji halkara ýüzüşinde
«GADAMLY» GURY ÝÜK GÄMISINIŇ DABARALY AÇYLYŞY MYNASYBETLI HOŞALLYK ÝÝ...
«GADAMLY» GURY ÝÜK GÄMISINIŇ DABARALY AÇYLYŞY MYNASYBETLI HOŞALLYK ÝÝGNAGY GEÇIRILDI
Türkmenistanyň Prezidenti täze «Gadamly» gury ýük gämisiniň ulanmaga be...
Türkmenistanyň Prezidenti täze «Gadamly» gury ýük gämisiniň ulanmaga berilmegi mynasybetli geçirilen dabarara gatnaşdy
Aşgabatda türkmen-hytaý işewürler forumy we sergisi açyldy...
Aşgabatda türkmen-hytaý işewürler forumy we sergisi açyldy
Serdar Berdimuhamedow Astanada Aral deňzi boýunça Türkmenistanyň teklibini ...
Serdar Berdimuhamedow Astanada Aral deňzi boýunça Türkmenistanyň teklibini beýan etdi