Habarlar / Habarlar
Gurbanguly Berdimuhamedow Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron bilen duşuşdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow duşenbe güni Pariž şäherinde Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron bilen duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.

Şeýle hem Fransiýanyň Prezidentiniň sosial ulgamdaky sahypasynda bellenilmegine göra, duşuşygyň barşynda taraplar energetika geçiş, infrastruktura, bilim we medeniýet ulgamlarynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen birnäçe ylalaşyklar baglaşdylar.

Türkmenistany ikinji telekommunikasiýa hemrasy bilen üpjün etmek hakynda “Thales Alenia Space Group” kompaniýasy bilen Çarçuwaly ylalaşyga gol çekilmegi şolaryň esasylarynyň hataryndadyr diyip, Fransiýanyň resmi metbugaty habar berýär.

Gurbanguly Berdimuhamedow we Emmanuel Makron şeýle hem durnukly şäher gurşawyny ösdürmek, akademik we bilim alyşmalary boýunça Ýol kartasyny taýýarlamak hem-de Türkmenistanda bilelikdäki arheologik barlaglary giňeltmek babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda ylalaşdylar.

Şeýle hem şol gün türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmen-fransuz ykdysady forumyna gatnaşdy.

‘Dostluk’ tankeri Azerbaýjanyň we Türkmenistanyň hyzmatdaşlygyny berkid...
‘Dostluk’ tankeri Azerbaýjanyň we Türkmenistanyň hyzmatdaşlygyny berkider
Aşgabatda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky 13-nji mejlisi g...
Aşgabatda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky 13-nji mejlisi geçirildi
Türkmenistanyň DIM-nde Ýaponiýanyň Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi...
Türkmenistanyň DIM-nde Ýaponiýanyň Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi
Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-türk hökümetara toparynyň 9-njy me...
Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-türk hökümetara toparynyň 9-njy mejlisi geçirildi
Aşgabatda türkmen-amerikan biznes-forumy geçirildi...
Aşgabatda türkmen-amerikan biznes-forumy geçirildi
Aşgabatda we daşary ýurtlarda Bütindünýä welosiped güni mynasybetli köp...
Aşgabatda we daşary ýurtlarda Bütindünýä welosiped güni mynasybetli köpçülikleýin çäreler geçirildi
Türkmenistanyň Deňiz Administrasiýasy ISO 9001:2015 standartyna laýyklygyny...
Türkmenistanyň Deňiz Administrasiýasy ISO 9001:2015 standartyna laýyklygyny üstünlikli tassyklady
Türkmen-hytaý strategik hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlary ara alnyp maslahatla...
Türkmen-hytaý strategik hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy
Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy...
Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy
Türkmenistanyň wekiliýeti GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň çärelerin...
Türkmenistanyň wekiliýeti GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň çärelerine gatnaşdy