Habarlar / Habarlar
Türkiýe Hazaryň üstünden turbageçiriji arkaly türkmen gazyny satyn almagy meýilleşdirýär

Türkiýe ýene bäş ýyldan Hazar deňziniň düýbünden çekilen turbageçiriji arkaly Türkmenistandan tebigy gaz import eder. Bu barada Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan Stambul şäherinde geçirilen Tebigy baýlyklar boýunça sammitde eden çykyşynda mälim etdi diýip, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi habar berýär. 

Türk Lideriniň bellemegine görä, eýýäm şu ýylyň martyndan türkmen gazyny ibermek işi Eýranyň çäginden amala aşyrylyp başlandy. Şondan bäri bu ugur boýunça Türkiýä 250 million kubmetre golaý “mawy ýangyç” gelip gowuşdy. Ýylyň ahyryna çenli onuň möçberi 1,3 milliard kubmetre ýetirilip bilner. 

Ärdogan Türkmenistan bilen energetika hyzmatdaşlygy ösdürmegiň Türkiýäniň ileri tutýan ugurlarynyň biri bolmagynda galýandygyny belledi.

Türkmen gazyny Türkiýä ibermek hakynda ylalaşyk 2025-nji ýylyň 10-njy fewralynda iki ýurduň wekiliýetleriniň arasynda geçirilen gepleşikleriň netijesinde gol çekildi.

‘Dostluk’ tankeri Azerbaýjanyň we Türkmenistanyň hyzmatdaşlygyny berkid...
‘Dostluk’ tankeri Azerbaýjanyň we Türkmenistanyň hyzmatdaşlygyny berkider
Aşgabatda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky 13-nji mejlisi g...
Aşgabatda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky 13-nji mejlisi geçirildi
Türkmenistanyň DIM-nde Ýaponiýanyň Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi...
Türkmenistanyň DIM-nde Ýaponiýanyň Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi
Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-türk hökümetara toparynyň 9-njy me...
Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-türk hökümetara toparynyň 9-njy mejlisi geçirildi
Aşgabatda türkmen-amerikan biznes-forumy geçirildi...
Aşgabatda türkmen-amerikan biznes-forumy geçirildi
Aşgabatda we daşary ýurtlarda Bütindünýä welosiped güni mynasybetli köp...
Aşgabatda we daşary ýurtlarda Bütindünýä welosiped güni mynasybetli köpçülikleýin çäreler geçirildi
Türkmenistanyň Deňiz Administrasiýasy ISO 9001:2015 standartyna laýyklygyny...
Türkmenistanyň Deňiz Administrasiýasy ISO 9001:2015 standartyna laýyklygyny üstünlikli tassyklady
Türkmen-hytaý strategik hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlary ara alnyp maslahatla...
Türkmen-hytaý strategik hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy
Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy...
Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy
Türkmenistanyň wekiliýeti GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň çärelerin...
Türkmenistanyň wekiliýeti GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň çärelerine gatnaşdy