Habarlar / Habarlar
Astrahanda Hazar mediaforumy 2024-nji ýylyň awgust aýynda geçiriler.

Her ýyl dürli ýurtlardan media hünärmenlerini bir ýere jemleýän Astrahandaky Hazar mediaforumy 2024-nji ýylyň awgust aýynda geçiriler. Forumyň mowzugy «Medeniýetleriň dialogy Hazar sebitiniň ösüşleriniň esasy hökmünde» bolar diýip, Astrahan oblastynyň medeniýet ministri Olga Prokofýewa «Russiýa – Yslam dünýäsi: KazanForum» forumynda aýtdy diýip, TASS habar berýär.

«2024-nji ýylda Astrahanda dokuzynjy gezek Hazar mediaforumy geçiriler, ol bitewi maglumat meýdanyny döretmek wezipesini ýerine ýetirýär, maglumatlaryň galplaşdyrylmagyny aradan aýyrmaga kömek edýär, möhüm meseleler boýunça bitewi maglumat meýilnamasyny döredýär we dialog üçin netijeli meýdança bolýar. Forum 2024-nji ýylda 16-njy awgustda geçiriler» diýip, Prokofýewa belledi.

«Hazar möwsümleri» sungat festiwaly çäräniň özboluşly dowamy bolar, onuň çäklerinde Astrahan Kremliniň taryhy sahnalarynda açyk asmanyň astynda opera görkezilişi bolar, festiwalyň çärelerine dünýä meşhur ýyldyzlar gatnaşarlar. Mundan başga-da, festiwalyň çäklerinde Russiýanyň, Azerbaýjanyň, Eýranyň, Gazagystanyň we Türkmenistanyň sazandalaryny öz içine alýan Hazarýaka döwletleriniň birleşen simfoniki orkestri çykyş eder.

«Biz ýaş nesle dostluk däplerine öwredýäris. Häzirki wagtda sebitde ýaşlar simfoniki orkestri taslamasy durmuşa geçirilýär, Hazarýaka döwletleriniň orkestriniň özbaşdak düzüm bölegine öwrüldi. Orkestriň agzalary Russiýanyň günorta sebitleriniň ýaşlarydyr, olar bilen Hazarýaka döwletleriniň sazandalary işleşýärler. 2025-nji ýylda Hazarýaka döwletlerinden zehinli ýaşlar taslama gatnaşmaga çagyrylar» diýip, Prokofýewa sözüniň üstüne goşdy.


 

‘Dostluk’ tankeri Azerbaýjanyň we Türkmenistanyň hyzmatdaşlygyny berkid...
‘Dostluk’ tankeri Azerbaýjanyň we Türkmenistanyň hyzmatdaşlygyny berkider
Aşgabatda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky 13-nji mejlisi g...
Aşgabatda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky 13-nji mejlisi geçirildi
Türkmenistanyň DIM-nde Ýaponiýanyň Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi...
Türkmenistanyň DIM-nde Ýaponiýanyň Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi
Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-türk hökümetara toparynyň 9-njy me...
Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-türk hökümetara toparynyň 9-njy mejlisi geçirildi
Aşgabatda türkmen-amerikan biznes-forumy geçirildi...
Aşgabatda türkmen-amerikan biznes-forumy geçirildi
Aşgabatda we daşary ýurtlarda Bütindünýä welosiped güni mynasybetli köp...
Aşgabatda we daşary ýurtlarda Bütindünýä welosiped güni mynasybetli köpçülikleýin çäreler geçirildi
Türkmenistanyň Deňiz Administrasiýasy ISO 9001:2015 standartyna laýyklygyny...
Türkmenistanyň Deňiz Administrasiýasy ISO 9001:2015 standartyna laýyklygyny üstünlikli tassyklady
Türkmen-hytaý strategik hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlary ara alnyp maslahatla...
Türkmen-hytaý strategik hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy
Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy...
Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy
Türkmenistanyň wekiliýeti GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň çärelerin...
Türkmenistanyň wekiliýeti GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň çärelerine gatnaşdy