Habarlar / Habarlar
Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäheriniň ikinji tapgyryndaky taslamalar bilen tanyşdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynyň çäklerinde gurulýan desgalaryň taslamalaryny synlady. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy “akylly” şäheriň durnukly ösüşiniň binýadyny emele getirjek medeni-durmuş we senagat maksatly desgalarda alnyp barylýan işlere ünsi çekdi diýip, Türkmenistanyň resmi metbugaty sişenbe güni habar berdi.

Türkmen halkynyň Milli Liderine täze şäheriň seýilgähiniň taslamasynyň şekilleri görkezildi. Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetniň başlygy Derýageldi Orazowyň hasabatynda mälim edilmegine görä, ýaşyl zolaklar bilen bezelen dynç alyş, çagalar üçin gezelenç ýerleri, oturylýan ýerler we yşyklandyryjylar seýilgähiň taslamasyna girizildi.

Gurbanguly Berdimuhamedow binagärlik sazlaşygynyň, bezeg işleriniň çuň mana eýe bolmagynyň, ulanylýan serişdeleriň ýokary hilli bolmagyny üpjün etmegiň möhümdigini belledi. Şeýle hem seýilgäh zolagyny mundan beýläk-de abadanlaşdyrmak boýunça birnäçe bellikler we tekliplerdir maslahatlar aýdyldy.

Çagalar dynç alyş seýilgähi, metjidiň bezegli derwezesi, Ahalteke atlar şaýolunyň ugrundaky atlaryň heýkelleri maslahatlaşylan desgalaryň hatarynda boldy. Türkmen halkynyň Milli Lideri degişli desgalarda milli binagärlik ýörelgeleriniň we häzirki zaman şähergurluşyk ülňüleriniň utgaşmalydygyny belledi.

Saparynyň ahyrynda Gurbanguly Berdimuhamedow her bir desganyň geljegiň şäheriniň kemala gelmeginde möhüm orun eýeleýändigini nygtap, ikinji tapgyryň gurluşygynyň durmuşa geçirilişindäki işlerde üstünlikleri arzuw etdi.

‘Dostluk’ tankeri Azerbaýjanyň we Türkmenistanyň hyzmatdaşlygyny berkid...
‘Dostluk’ tankeri Azerbaýjanyň we Türkmenistanyň hyzmatdaşlygyny berkider
Aşgabatda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky 13-nji mejlisi g...
Aşgabatda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky 13-nji mejlisi geçirildi
Türkmenistanyň DIM-nde Ýaponiýanyň Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi...
Türkmenistanyň DIM-nde Ýaponiýanyň Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi
Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-türk hökümetara toparynyň 9-njy me...
Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-türk hökümetara toparynyň 9-njy mejlisi geçirildi
Aşgabatda türkmen-amerikan biznes-forumy geçirildi...
Aşgabatda türkmen-amerikan biznes-forumy geçirildi
Aşgabatda we daşary ýurtlarda Bütindünýä welosiped güni mynasybetli köp...
Aşgabatda we daşary ýurtlarda Bütindünýä welosiped güni mynasybetli köpçülikleýin çäreler geçirildi
Türkmenistanyň Deňiz Administrasiýasy ISO 9001:2015 standartyna laýyklygyny...
Türkmenistanyň Deňiz Administrasiýasy ISO 9001:2015 standartyna laýyklygyny üstünlikli tassyklady
Türkmen-hytaý strategik hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlary ara alnyp maslahatla...
Türkmen-hytaý strategik hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy
Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy...
Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy
Türkmenistanyň wekiliýeti GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň çärelerin...
Türkmenistanyň wekiliýeti GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň çärelerine gatnaşdy