Habarlar / Habarlar
Türkmenistan Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hytaýyň DIM-leriniň ýolbaşçylarynyň duşuşygyna gatnaşdy

Türkmenistanyň Hytaýdaky ilçisi Parahat Durdyýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet 25-26-njy aprelde Almaty şäherinde geçirilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hytaýyň daşary işler ministrleriniň 6-njy duşuşygyna gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-i habar berýär. 

Döwlet Baştutanlarynyň şu formatda iýun aýynda Astanada geçirilmegi meýilleşdirilýän ikinji sammitine taýýarlyk meseleleri gepleşikleriň esasy mazmunyny düzdi. Gatnaşyjylar öňde boljak forumda gol çekilmegi meýilleşdirilýän resminamalaryň mazmunyny ara alyp maslahatlaşdylar hem-de hyzmatdaşlygyň şertnama-hukuk binýadyny berkitmegiň möhümdigini bellediler. 

Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hytaýyň daşary işler ministrleriniň 6-njy duşuşygy, 2025-nji ýylyň 25-26-njy apreli, Almaty, Gazagystan (Surat: Türkmenistanyň DIM-i)

 

Taraplar syýasy dialogy ösdürmäge, ykdysady gatnaşyklary giňeltmäge, ulag arabaglanyşygyna hem-de durnukly ösüş we daşky gurşawy goramak meselelerine aýratyn üns berdiler. 

Duşuşygyň jemleri boýunça hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary boýunça ylalaşyklary beýan edýän Bilelikdäki maglumat beýannamasy kabul edildi.

‘Dostluk’ tankeri Azerbaýjanyň we Türkmenistanyň hyzmatdaşlygyny berkid...
‘Dostluk’ tankeri Azerbaýjanyň we Türkmenistanyň hyzmatdaşlygyny berkider
Aşgabatda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky 13-nji mejlisi g...
Aşgabatda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky 13-nji mejlisi geçirildi
Türkmenistanyň DIM-nde Ýaponiýanyň Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi...
Türkmenistanyň DIM-nde Ýaponiýanyň Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi
Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-türk hökümetara toparynyň 9-njy me...
Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-türk hökümetara toparynyň 9-njy mejlisi geçirildi
Aşgabatda türkmen-amerikan biznes-forumy geçirildi...
Aşgabatda türkmen-amerikan biznes-forumy geçirildi
Aşgabatda we daşary ýurtlarda Bütindünýä welosiped güni mynasybetli köp...
Aşgabatda we daşary ýurtlarda Bütindünýä welosiped güni mynasybetli köpçülikleýin çäreler geçirildi
Türkmenistanyň Deňiz Administrasiýasy ISO 9001:2015 standartyna laýyklygyny...
Türkmenistanyň Deňiz Administrasiýasy ISO 9001:2015 standartyna laýyklygyny üstünlikli tassyklady
Türkmen-hytaý strategik hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlary ara alnyp maslahatla...
Türkmen-hytaý strategik hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy
Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy...
Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy
Türkmenistanyň wekiliýeti GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň çärelerin...
Türkmenistanyň wekiliýeti GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň çärelerine gatnaşdy