Habarlar / Habarlar
Türkmenistanyň Medeniýet ministri Türkiýede YHG-nyň syýahatçylyk boýunça 6-njy ministrler mejlisine gatnaşdy

2025-nji ýylyň 25-26-nji aprelinde Türkmenistanyň Medeniýet ministri Atageldi Şamyradowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) Syýahatçylyk boýunça 6-njy ministrler mejlisinegatnaşmak maksady bilen Türkiýe Respublikasynyň Erzurum şäherinde boldy.Duşuşygyň gün tertibine syýahatçylyk pudagynda YHG-na agza ýurtlaryň arasynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge we berkitmäge gönükdirilen möhüm meseleler girizildi.Öz çykyşynda Türkmenistanyň Medeniýet ministri döwlet tarapyndan goraglylygyna aýratyn üns berilýän amatly ekologiýa we baý ruhy-medeni mirasa bilen täsin tebigy mümkinçilikler ýaly esasy çeşmelere eýe bolan Türkmenistan tarapyndan syýahatçylyk pudagyna strategiki ähmiýet berilýändiginibelledi.Saparyň çäklerinde Türkmenistanyň Medeniýet ministri YHG-nyň Baş sekretary Asad Majid, Eýran Yslam Respublikasynyň medeni miras, syýahatçylyk we senetçilik ministri Seýed Reza Salehi Amiri we Türkiýe Respublikasynyň Medeniýet we syýahatçylyk ministri Mehmet Nuri Ersoý bilen birnäçe ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirdi. Duşuşyklaryň dowamynda syýahatçylyk pudagyndaky özara gyzyklanma bildirilýän hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we ösdürmegiň geljegi bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

‘Dostluk’ tankeri Azerbaýjanyň we Türkmenistanyň hyzmatdaşlygyny berkid...
‘Dostluk’ tankeri Azerbaýjanyň we Türkmenistanyň hyzmatdaşlygyny berkider
Aşgabatda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky 13-nji mejlisi g...
Aşgabatda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky 13-nji mejlisi geçirildi
Türkmenistanyň DIM-nde Ýaponiýanyň Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi...
Türkmenistanyň DIM-nde Ýaponiýanyň Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi
Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-türk hökümetara toparynyň 9-njy me...
Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-türk hökümetara toparynyň 9-njy mejlisi geçirildi
Aşgabatda türkmen-amerikan biznes-forumy geçirildi...
Aşgabatda türkmen-amerikan biznes-forumy geçirildi
Aşgabatda we daşary ýurtlarda Bütindünýä welosiped güni mynasybetli köp...
Aşgabatda we daşary ýurtlarda Bütindünýä welosiped güni mynasybetli köpçülikleýin çäreler geçirildi
Türkmenistanyň Deňiz Administrasiýasy ISO 9001:2015 standartyna laýyklygyny...
Türkmenistanyň Deňiz Administrasiýasy ISO 9001:2015 standartyna laýyklygyny üstünlikli tassyklady
Türkmen-hytaý strategik hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlary ara alnyp maslahatla...
Türkmen-hytaý strategik hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy
Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy...
Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy
Türkmenistanyň wekiliýeti GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň çärelerin...
Türkmenistanyň wekiliýeti GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň çärelerine gatnaşdy