Habarlar / Habarlar
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Gazagystan Respublikasyna dostlukly sapary tamamlandy

2025-nji ýylyň 22-nji aprelinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Gazagystan Respublikasyna dostlukly sapary tamamlandy.

Saparynyň ikinji gününde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew bilen duşuşygy boldy.

Gazagystanyň Baştutany türkmen halkynyň Milli Liderini mähirli mübärekläp, belent mertebeli myhmana Gazagystan Respublikasyna gelmäge çakylygy kabul edendigi üçin hoşallyk bildirdi we bu sapara sabyrsyzlyk bilen garaşylandygyny hem-de onuň öz wagtynda amala aşyrylandygyny nygtady.

Goňşy ýurduň Lideriniň belleýşi ýaly, Gazagystanda Gahryman Arkadagy ajaýyp döwlet işgäri hökmünde tanaýarlar.

Gazagystanyň Baştutany Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna bagyşlanyp, 12-nji dekabrda Aşgabatda geçiriljek halkara foruma gatnaşmaga çakylygy üçin türkmen halkynyň Milli Liderine hoşallyk bildirip, bu çakylygy höwes bilen kabul edendigini hem-de türkmen paýtagtyna sapary amala aşyrmaga meýillidigini nygtady. Şu ýylyň Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna gabat gelýändiginiň çuňňur manysy bardyr diýip, Prezident Kasym-Žomart Tokaýew aýtdy.

Goňşy ýurduň Lideri mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Serdar Berdimuhamedowa şu ýyl Gazagystan Respublikasyna döwlet sapary bilen gelmek baradaky çakylygyny beýan etdi. Bu sapar özara doganlyk gatnaşyklaryna goşmaça itergi berer.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Prezident Kasym-Žomart Tokaýewe mähirli kabul edendigi we myhmansöýerlik, Türkmenistanyň wekiliýetiniň gadymy Türküstan şäherinde bolmagy üçin amatly şertleriň döredilendigi üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.

Mümkinçilikden peýdalanyp, türkmen halkynyň Milli Lideri Gazagystan Respublikasynyň Baştutanyna Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Prezident Kasym-Žomart Tokaýewe 12-nji dekabrda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna, şeýle hem Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanyp geçiriljek halkara foruma gatnaşmagyny tassyklandygy üçin minnetdarlyk bildirdi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy dünýäniň syýasy giňişliginde hyzmatdaşlyk etmek meselesine geçip, iki ýurduň iri halkara guramalaryň, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde birek-biregi özara goldamagynyň asylly däbe öwrülendigini nygtady.

Pursatdan peýdalanyp, türkmen halkynyň Milli Lideri 2025-nji ýylyň 21-nji martynda ýurdumyzyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy” atly Kararnamany goldandygy we awtordaş bolup çykyş edendigi üçin gazak tarapyna minnetdarlyk bildirdi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy söwda-ykdysady ulgamda türkmen-gazak hyzmatdaşlygy meselesine geçip, ikitaraplaýyn haryt dolanyşygynyň oňyn ösýändigini aýtdy we şunda bu görkezijini mundan beýläk-de artdyrmak babatda mümkinçilikleriň bardygyny belledi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy ulag-kommunikasiýa pudagyny hem hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlarynyň hatarynda görkezdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri mundan beýläk-de amatly üstaşyr ulag şertlerini döretmek maksady bilen, Hazar deňzinde Türkmenbaşy, Aktau we Kuryk portlarynyň arasyndaky hemmetaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmek meselelerine garamagy teklip etdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri ikitaraplaýyn medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň netijeli häsiýete eýedigini nygtap, Türkmenistanyň we Gazagystanyň wekilleriniň biziň ýurtlarymyzda geçirilýän halkara maslahatlara, sergilere, beýleki çärelere işjeň gatnaşýandyklaryny belledi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy sözüniň ahyrynda Prezident Kasym-Žomart Tokaýewe Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasyndaky dostlugy we hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga goşýan şahsy goşandy üçin minnetdarlyk bildirip, goňşy ýurduň doganlyk halkyna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Gazagystan Respublikasynyň Prezidentiniň bilelikdäki awtoulag kerweni “SPK TURKISTAN” senagat parkyna tarap ugrady.

Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow we Prezident Kasym-Žomart Tokaýew senagat parkyna baryp, bu ýerde öndürilýän dürli önümler bilen ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik berýän sergi bilen tanyşdylar.

Açyk meýdançada ýeňil awtoulaglar, traktorlar, kombaýnlar, awtobuslar, şeýle hem olaryň ätiýaçlyk şaýlary görkezildi.

Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri we Gazagystan Respublikasynyň Baştutany ykdysadyýetiň dürli pudaklary, şol sanda gurluşyk, oba hojalygy, ulag pudaklary üçin niýetlenen senagat önümleriniň nusgalarynyň, gaýtadan işleýän senagatyň harytlarynyň, kompýuter we durmuş tehnikasynyň görkezilýän sergi bölümine bardylar. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyna we Gazagystan Respublikasynyň Prezidentine mowzuklaýyn wideoşekiller hem görkezildi.

Günüň ikinji ýarymynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy we Gazagystanyň Prezidenti bilelikde Türküstan şäheriniň Hazret Sultan Halkara howa menziline geldiler.

Bu ýerde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow we Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew birek-birek bilen mähirli hoşlaşyp, iki ýurduň hem-de olaryň halklarynyň doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna, umumy abadançylygyň bähbidine laýyk gelýän köpugurly hyzmatdaşlyga ygrarlydygyny tassykladylar.

Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow uçarda dostlukly sapar bilen Gyrgyz Respublikasyna ugrady.

Azerbaýjan we Pakistan Türkmenistanyň üsti arkaly demir ýol hyzmatdaşlygyn...
Azerbaýjan we Pakistan Türkmenistanyň üsti arkaly demir ýol hyzmatdaşlygyny berkidýär
“Belavia” Türkmenistana uçuşlaryny wagtlaýyn Balkanabat Halkara howa men...
“Belavia” Türkmenistana uçuşlaryny wagtlaýyn Balkanabat Halkara howa menziline üýtgedýär
Türkmenistan Eýran bilen serhetde söwda-ykdysady zolaklary döretmegi teklip ...
Türkmenistan Eýran bilen serhetde söwda-ykdysady zolaklary döretmegi teklip etdi
Masud Pezeşkian: Eýran Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy giňeltmäge çalyş...
Masud Pezeşkian: Eýran Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy giňeltmäge çalyşýar
Türkmenistan ÝB we HSM bilen hyzmatdaşlykda sanly söwdany ösdürýär...
Türkmenistan ÝB we HSM bilen hyzmatdaşlykda sanly söwdany ösdürýär
Türkmenistan Eýrandan gazyň üstaşyr geçirilişini artdyrmagy, eýran maýa...
Türkmenistan Eýrandan gazyň üstaşyr geçirilişini artdyrmagy, eýran maýasyny çekekmegi meýilleşdirýär
Tähranda ulag-logistika arabaglanyşygyny ösdürmek boýunça Türkmenistanyň...
Tähranda ulag-logistika arabaglanyşygyny ösdürmek boýunça Türkmenistanyň garaýşy tanyşdyryldy
Gurbanguly Berdimuhamedow we BAE-niň wise-prezidenti täze bilelikdäki taslama...
Gurbanguly Berdimuhamedow we BAE-niň wise-prezidenti täze bilelikdäki taslamalaryň geljegini maslahatlaşdylar
Aşgabadyň bilen Almatynyň arasyndaky uçar gatnawlaryny 2025-nji ýylda dikel...
Aşgabadyň bilen Almatynyň arasyndaky uçar gatnawlaryny 2025-nji ýylda dikeltmek meýilleşdirilýär
Serdar Berdimuhamedow Aşgabatda geçirilýän “Parahatçylyk sazy” festiwal...
Serdar Berdimuhamedow Aşgabatda geçirilýän “Parahatçylyk sazy” festiwalyna gatnaşyjylary gutlady