Habarlar / Habarlar
Türkmenistan we Gazagystan özara söwda dolanyşygyny $1 milliarda çenli artdyrmakçy

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň resmi däl duşuşygy geçirildi. Onda iki ýurduň arasynda özara söwda dolanyşygyny ýakyn ýyllarda 1 milliard ABŞ dollaryna çenli artdyrmagyň möhümdigi bellenildi diýip, Gazagystanyň Prezidentiniň metbugat gullugy sişenbe güni habar berdi. 

Taraplar gaz pudagyna aýratyn üns bermek bilen, köptaraply strategik hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça özara pikir alyşdylar. Hususan-da, bu ýerde gürrüň Türkmenistanyň iri “Galkynyş” gaz känini özleşdirmek boýunça taslama Gazagystanyň gatnaşmagy barada boldy. 

Ulag geçelgelerini diwersifikasiýalaşdyrmakda we eksport mümkinçiliklerini giňeltmekde Turgundy-Hyrat-Kandagar-Spin-Buldak demir ýol taslamasyna aýratyn üns berildi. Gazagystan-Türkmenistan-Eýran demir ýol geçelgesi we Türkmenbaşy-Garabogaz-Gazagystanyň serhedi awtomobil ýolunyň gurluşygy üstaşyr geçelgeleri ösdürmekde möhüm şertler bolup durýar. 

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew bilen duşuşygy, 2025-nji ýylyň 22-nji apreli, Türküstan, Gazagystan (Surat: akorda.kz)

 

Gurbanguly Berdimuhamedow we Kasym-Žomart Tokaýew şeýle hem bilim we sanly ulgamlar babatda hyzmatdaşlygyň geljegine hem garadylar. 

Gazagystana dostlukly saparynyň çäklerinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew bilen bilelikde Türküstan şäherindäki taryhy-medeni ýerleriň birnäçesine baryp gördüler. 

‘Dostluk’ tankeri Azerbaýjanyň we Türkmenistanyň hyzmatdaşlygyny berkid...
‘Dostluk’ tankeri Azerbaýjanyň we Türkmenistanyň hyzmatdaşlygyny berkider
Aşgabatda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky 13-nji mejlisi g...
Aşgabatda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky 13-nji mejlisi geçirildi
Türkmenistanyň DIM-nde Ýaponiýanyň Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi...
Türkmenistanyň DIM-nde Ýaponiýanyň Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi
Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-türk hökümetara toparynyň 9-njy me...
Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-türk hökümetara toparynyň 9-njy mejlisi geçirildi
Aşgabatda türkmen-amerikan biznes-forumy geçirildi...
Aşgabatda türkmen-amerikan biznes-forumy geçirildi
Aşgabatda we daşary ýurtlarda Bütindünýä welosiped güni mynasybetli köp...
Aşgabatda we daşary ýurtlarda Bütindünýä welosiped güni mynasybetli köpçülikleýin çäreler geçirildi
Türkmenistanyň Deňiz Administrasiýasy ISO 9001:2015 standartyna laýyklygyny...
Türkmenistanyň Deňiz Administrasiýasy ISO 9001:2015 standartyna laýyklygyny üstünlikli tassyklady
Türkmen-hytaý strategik hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlary ara alnyp maslahatla...
Türkmen-hytaý strategik hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy
Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy...
Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy
Türkmenistanyň wekiliýeti GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň çärelerin...
Türkmenistanyň wekiliýeti GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň çärelerine gatnaşdy