Habarlar / Habarlar
Arkadag şäherinde “Al-Arabiýa” teleýaýlymynyň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi

19-njy aprelde Arkadag şäherinde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa, ýurdumyza sapar bilen gelen “Al-Arabiýa” teleýaýlymynyň esasy alyp baryjysy Rizwan Hanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşdy. Bu barada “Watan” habarlar gepleşiginde habar berildi.

 

Golaýda Arkadag şäherinde, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewanyň başlylyk etmeginde Gaznasynyň döredilmeginiň dört ýyllygy mynasybetli “Parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: çagalaryň hatyrasyna halkara işiniň ösüşi” atly halkara maslahat üstünli geçirildi. Bu forum halkara jemgyýetçiliginde uly seslenme döretdi. Şunuň bilen baglylykda, “Al-Arabiýa” teleýaýlymynyň wekilleri Gaznanyň alyp barýan işleri bilen ýakyndan tanyşmak üçin Arkadag şäherinde saparda boldylar.

 

Köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň alyp barýan asylly işlerine ýokary baha berdiler.

 

Şu nukdaýnazardan teleýaýlymyň wekilleri Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň alyp barýan işleri bilen öz tomaşaçylaryny has giňden tanyşdyrmak maksady bilen, Gaznanyň wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewadan interwýu bermegini haýyş etdiler.

 

Duşuşygyň ahyrynda Oguljahan Atabaýewa myhmanlaryň haýyşyna kanagatlanma bilen dünýäniň meşhur “Al-Arabiýa” teleýaýlymynyň esasy alyp baryjysy Rizwan Hanyň sowallaryna jogap berdi.

 

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewanyň “Al-Arabiýa” teleýaýlymyna beren interwýusy ýakyn günlerde tomaşaçylara ýetiriler.

 

Meşhur teleýaýlymyň esasy alyp baryjysynyň belleýşi ýaly, Oguljahan Atabaýewanyň interwýusy bu Gazananyň alyp barýan işleri bilen ýakyndan tanyşmaga ýardam berdi.

Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda German wekilýeti bilen duşuşyk geçiril...
Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda German wekilýeti bilen duşuşyk geçirildi
Türkmenistanyň wekiliýeti Nýu-Ýork şäherinde BMG-niň EKOSOS-yň howandar...
Türkmenistanyň wekiliýeti Nýu-Ýork şäherinde BMG-niň EKOSOS-yň howandarlygynda geçirilýän Ýokary derejeli syýasy foruma gatnaşýar
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy we Birleşen Milletler Guramasy hyzmat...
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy we Birleşen Milletler Guramasy hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdylar
Türkmen-azerbaýjan hökümetara toparynyň 9-njy mejlisinde hyzmatdaşlygyň g...
Türkmen-azerbaýjan hökümetara toparynyň 9-njy mejlisinde hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlary kesgitlenildi
Türkmenistanda “Sanly çözgüt — 2026” atly innowasion taslamalaryň bä...
Türkmenistanda “Sanly çözgüt — 2026” atly innowasion taslamalaryň bäsleşigi yglan ediler
Gahryman Arkadagymyzyň Eýran Yslam Respublikasyna sapary...
Gahryman Arkadagymyzyň Eýran Yslam Respublikasyna sapary
Türkiýäniň 5-nji Deňiz sammiti geçirildi
Türkiýäniň 5-nji Deňiz sammiti geçirildi
Hytaýdan Balkan welaýatyna täze ýük otlusy gatnawy ýola goýuldy...
Hytaýdan Balkan welaýatyna täze ýük otlusy gatnawy ýola goýuldy
Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda tegelek stol duşuşygy geçirildi...
Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda tegelek stol duşuşygy geçirildi
Azerbaýjan tarapyndan sowgat berlen «Dostluk» nebit tankeri Türkmenbaşy por...
Azerbaýjan tarapyndan sowgat berlen «Dostluk» nebit tankeri Türkmenbaşy portuna geldi