Habarlar / Habarlar
Türkmenistan “TEIF 2025-de”: energetika hyzmatdaşlygynda täze mümkinçilikler

Türkmenistan Kuala-Lumpur şäherinde 23-24-nji aprelde geçiriljek daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara forumda (TEIF 2025) özüniň maýa goýum mümkinçiliklerini tanyşdyrar. Bu forum energetika, durnukly ösüş we halkara hyzmatdaşlyk ulgamynda möhüm ähmiýetli çärä öwrüler.

Resmi açylyşdan öň, başlanjak deslapky bölümlerde nebitgaz pudagynda emeli aň mümkinçiliklerinden peýdalanmak ýaly möhüm meselelere aýratyn üns berler. Bu barada çäräni guraýjylar habar berýär.

Kuala-Lumpur şäherindäki forumyň çäklerinde Inženerler-nebitçiler jemgyýeti (SPE) bilen guraljak birinji bölümde “PETRONAS”, “Ad Terra Asia” ýaly kompaniýalarynyň we “Türkmengaz” döwlet konserniniň Tebigy gaz ylmy-barlag institutynyň wekilleri çykyş ederler.

Gatnaşyjylar buraw işini awtomatlaşdyrmakda, önüm beriji gatlaklara gözegçilik etmekde, logistika we zyňyndylary dolandyrmak işinde çaklama seljermeleri geçirmekde emeli aňdan peýdalanmak mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşarlar.

Forumyň ikinji bölümi Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda bilim ulgamynda özara alyşmak we durnukly syýahatçylyk meselelerine bagyşlanylar.

Forumyň maksatnamasynda göz öňünde tutulan esasy çärelere Merkezi we Günorta-Gündogar Aziýa ýurtlarynyň işewür we syýasy toparlarynyň hem-de halkara guramalarynyň wekilleri gatnaşarlar. Tebigy gazy çuň gaýtadan işlemek, wodorod tehnologiýalary, energetika pudagynyň sanly ösüşi we iri infrastruktura taslamalary durmuşa geçirmek meseleleri göz öňünde tutulan çäreleriň gün tertibini emele getirer.

Forum halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmek we sebit üçin strategik taýdan möhüm ähmiýete eýe bolan taslamalara maýa goýumlary çekmek üçin möhüm meýdança öwrüler.

‘Dostluk’ tankeri Azerbaýjanyň we Türkmenistanyň hyzmatdaşlygyny berkid...
‘Dostluk’ tankeri Azerbaýjanyň we Türkmenistanyň hyzmatdaşlygyny berkider
Aşgabatda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky 13-nji mejlisi g...
Aşgabatda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky 13-nji mejlisi geçirildi
Türkmenistanyň DIM-nde Ýaponiýanyň Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi...
Türkmenistanyň DIM-nde Ýaponiýanyň Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi
Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-türk hökümetara toparynyň 9-njy me...
Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-türk hökümetara toparynyň 9-njy mejlisi geçirildi
Aşgabatda türkmen-amerikan biznes-forumy geçirildi...
Aşgabatda türkmen-amerikan biznes-forumy geçirildi
Aşgabatda we daşary ýurtlarda Bütindünýä welosiped güni mynasybetli köp...
Aşgabatda we daşary ýurtlarda Bütindünýä welosiped güni mynasybetli köpçülikleýin çäreler geçirildi
Türkmenistanyň Deňiz Administrasiýasy ISO 9001:2015 standartyna laýyklygyny...
Türkmenistanyň Deňiz Administrasiýasy ISO 9001:2015 standartyna laýyklygyny üstünlikli tassyklady
Türkmen-hytaý strategik hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlary ara alnyp maslahatla...
Türkmen-hytaý strategik hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy
Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy...
Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy
Türkmenistanyň wekiliýeti GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň çärelerin...
Türkmenistanyň wekiliýeti GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň çärelerine gatnaşdy