Habarlar / Habarlar
Türkmenistanda ulag edaralarynyň ygtyýarlyklary giňeldildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow pudagyň kanunçylyk düzgünlerine goşmaçalary girizýän “Awtomobil ulagy hakynda” Kanuny tassyklady. Bu resminama awtoulag ulgamyndaky işleri dolandyrýan ugurdaş döwlet düzümleriniň ygtyýarlyklaryny giňeldýär diýlip, “Neýtralnyý Türkmenistan” gazetiniň anna günündäki sanynda habar berilýär. 

Kanunyň täzelenen beýanynyň 10-njy maddasynda berkidilişi ýaly, şeýle edaralara, hususan-da, Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi hem-de “Türkmenawtoulaglary” agentligi degişlidir. 

Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligine degişli ygtýarlyklary kesgitleýän madda birnäçe goşmaçalar girizildi. Täze beýanyň 12-nji maddasyna laýyklykda, Agentlige awtomobil ulagy çygrynda döwlet syýasatyny amala aşyrmak, rugsatlary bermek, ýük daşalyşyna we awtoulag serişdeleriniň tehniki ýagdaýyna gözegçilik etmek hem-de halkara giňişlikde ýurduň milli bähbitleriniň adyndan çykyş etmek ygtyýarlyklary berilýär. 

Şeýle hem Kanuna ygtyýarly edara – “Türkmenawtoualglary” agentliginiň ygtyýarlyklaryny kesgitleýän 121-nji täze madda goşulýar. Pudaklaýyn maksatnamalary işläp düzmek, nyrhlary bellemek, gatnaw ugurlary üçin rugsatlary bermek hem-de ulag bazaryny we halkara hyzmatdaşlygyny seljermek onuň ýerine ýetirýän wezipeleriniň hataryndadyr. 

Şeýle hem döwlet kärhanalaryna we edaralaryna degişli awtoulag serişdeleriniň ýerlenilmeginiň tertibine degişli düzgünler anyklaşdyrylýar. 

Kabul edilen üýtgetmeler Türkmenistanyň awtoulag ulgamynyň netijeli dolandyrylmagyna hem-de bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine gönükdirilendir.

Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda German wekilýeti bilen duşuşyk geçiril...
Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda German wekilýeti bilen duşuşyk geçirildi
Türkmenistanyň wekiliýeti Nýu-Ýork şäherinde BMG-niň EKOSOS-yň howandar...
Türkmenistanyň wekiliýeti Nýu-Ýork şäherinde BMG-niň EKOSOS-yň howandarlygynda geçirilýän Ýokary derejeli syýasy foruma gatnaşýar
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy we Birleşen Milletler Guramasy hyzmat...
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy we Birleşen Milletler Guramasy hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdylar
Türkmen-azerbaýjan hökümetara toparynyň 9-njy mejlisinde hyzmatdaşlygyň g...
Türkmen-azerbaýjan hökümetara toparynyň 9-njy mejlisinde hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlary kesgitlenildi
Türkmenistanda “Sanly çözgüt — 2026” atly innowasion taslamalaryň bä...
Türkmenistanda “Sanly çözgüt — 2026” atly innowasion taslamalaryň bäsleşigi yglan ediler
Gahryman Arkadagymyzyň Eýran Yslam Respublikasyna sapary...
Gahryman Arkadagymyzyň Eýran Yslam Respublikasyna sapary
Türkiýäniň 5-nji Deňiz sammiti geçirildi
Türkiýäniň 5-nji Deňiz sammiti geçirildi
Hytaýdan Balkan welaýatyna täze ýük otlusy gatnawy ýola goýuldy...
Hytaýdan Balkan welaýatyna täze ýük otlusy gatnawy ýola goýuldy
Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda tegelek stol duşuşygy geçirildi...
Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda tegelek stol duşuşygy geçirildi
Azerbaýjan tarapyndan sowgat berlen «Dostluk» nebit tankeri Türkmenbaşy por...
Azerbaýjan tarapyndan sowgat berlen «Dostluk» nebit tankeri Türkmenbaşy portuna geldi