Habarlar / Habarlar
Türkmenistanda elektron wiza ulgamy kanunlaşdyryldy

Türkmenistanda elektron wizalar (e-Visa) barada düzgünleri milli kanunçylyga resmi taýdan berkidýän, täze goşmaçalar we üýtgetmeler  girizilen “Migrasiýa hakynda” Kanun güýje girdi. Degişli üýtgetmeler girizilen kanunçylyk resmi metbugatda çap edildi. 

Täze Kanuna laýyklykda, elektron wiza ygtyýarly döwlet edaralary tarapyndan maglumatlar ulgamynda elektron görnüşde resmileşdirilýän resminamadyr. Ol daşary ýurt raýatlaryna, raýatlygy bolmadyk adamlara Türkmenistana gelmäge, onuň çäklerinde bolmaga we Türkmenistandan gitmäge, şeýle hem ýurduň çäginden üstaşyr geçmäge rugsat berýär.

Wizalar, hususuan-da, elektron wizalar saparyň maksatlaryna laýyklykda berilýär. Olary resmileşdirmek boýunça ähli işler Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň üstüne ýüklenilendir. Bu edara ýöriteleşdirilen sanly ulgam arkaly işleri alyp barar. 

Elektron wizalaryň derejeleri we görnüşleri, olary bermegiň we möhletini uzaltmagyň tertibi Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan bellenilýär. Şunda “e-Visa” almak üçin ýurda gelmäge çakylygyň talap edilmeýändigi onuň esasy aýratynlygydyr. 

Döwlet migrasiýa gullugy şeýle hem ýüztutmanyň görnüşini, gerekli resminamalaryň sanawyny, olary bermegiň tertibini hem-de wiza stikerleriniň we elektron wizalaryň nusgalaryny tassyklaýar. 

2025-nji ýylyň 14-nji aprelinde geçirilen Türkmenistanyň Mejlisiniň ýedinji çagyrylyşynyň sekizinji maslahatynda hereket edýän kanunçylyga birnäçe üýtgetmeler girizildi. Has takygy, “Migrasiýa hakynda”, “Administratiw önümçilik hakynda” Türkmenistanyň Kanunlaryna, Jenaýat kodeksine, Zähmet kodeksine, “Salgytlar hakynda” Türkmenistanyň bitewi Kanunyna we beýlekilere üýtgetmeler we goşmaçalar girizildi. 

Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda German wekilýeti bilen duşuşyk geçiril...
Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda German wekilýeti bilen duşuşyk geçirildi
Türkmenistanyň wekiliýeti Nýu-Ýork şäherinde BMG-niň EKOSOS-yň howandar...
Türkmenistanyň wekiliýeti Nýu-Ýork şäherinde BMG-niň EKOSOS-yň howandarlygynda geçirilýän Ýokary derejeli syýasy foruma gatnaşýar
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy we Birleşen Milletler Guramasy hyzmat...
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy we Birleşen Milletler Guramasy hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdylar
Türkmen-azerbaýjan hökümetara toparynyň 9-njy mejlisinde hyzmatdaşlygyň g...
Türkmen-azerbaýjan hökümetara toparynyň 9-njy mejlisinde hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlary kesgitlenildi
Türkmenistanda “Sanly çözgüt — 2026” atly innowasion taslamalaryň bä...
Türkmenistanda “Sanly çözgüt — 2026” atly innowasion taslamalaryň bäsleşigi yglan ediler
Gahryman Arkadagymyzyň Eýran Yslam Respublikasyna sapary...
Gahryman Arkadagymyzyň Eýran Yslam Respublikasyna sapary
Türkiýäniň 5-nji Deňiz sammiti geçirildi
Türkiýäniň 5-nji Deňiz sammiti geçirildi
Hytaýdan Balkan welaýatyna täze ýük otlusy gatnawy ýola goýuldy...
Hytaýdan Balkan welaýatyna täze ýük otlusy gatnawy ýola goýuldy
Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda tegelek stol duşuşygy geçirildi...
Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda tegelek stol duşuşygy geçirildi
Azerbaýjan tarapyndan sowgat berlen «Dostluk» nebit tankeri Türkmenbaşy por...
Azerbaýjan tarapyndan sowgat berlen «Dostluk» nebit tankeri Türkmenbaşy portuna geldi