Habarlar / Habarlar
Türkmenistanyň Ilçisi Horwatiýanyň resmi wekilleri bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdy

2025-nji ýylyň 15-nji aprelinde Türkmenistanyň Horwatiýa Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (oturýan ýeri Buharest ş.) A.Annaýewiň Horwatiýa Respublikasynyň Daşary we ýewropa işleri ministri Gordon Grlik Radman bilen duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň gün tertibine ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň dürli pudaklaryny öz içine alýan meseleleriň giň toplumy girizildi.

Söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň ösüşine aýratyn üns berildi. Iki ýurduň işewür toparlarynyň arasynda göni aragatnaşygy ýola goýmaga ýardam edýän yzygiderli duşuşyklaryň, işewürler forumlaryň we sergileriň wajyplygy barada bellenip geçildi. Şunuň bilen baglylykda, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-horwat hökümetara toparynyň işiniň depgininiň artmagynyň ähmiýeti barada nygtaldy. Taraplar gami gurluşyk, derman, himiýa, azyk senagaty, gurluşyk, şol sanda deňiz portunyň gurluşygy, syýahatçylyk infrastrukturasy, gaýtadan işleýän senagat, ýokary tehnologiýalar, ylym, bilim ýaly ugurlarda hem-de beýleki pudaklarda gatnaşyklary giňeltmek babatda pikir alyşdylar.

Şol gün A.Annaýew Hökümetara türkmen-horwat dostluk toparynyň rumyn tarapyndan başlygy deputat Goran Kaniski bilen duşuşdy.

Gepleşikleriň barşynda türkmen diplomaty hökümetara dialogy işjeňleşdirmegiň wajyplygyny nygtap, 2016-njy ýylda ýokarda agzalan dostluk toparynyň döredilmeginiň iki ýurduň kanun çykaryjy edaralarynyň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlykda uly itergi bolup durýandygyny aýtdy.

Türkmenistanyň halkara giňişliginde alyp barýan işjeň syýasaty hakynda aýdyp, taraplar Durnukly Ösüş Maksatlarynda berkidilen meseleleri durmuşa geçirmekde ýurduň oňyn Bitaraplygynyň mümkinçilikleri barada bellediler.

Günüň ikinji ýarymynda Ilçi A.Annaýew Horwatiýa Respublikasynyň Medeniýet we media ministrliginiň Halkara medeni hyzmatdaşlyk we ýewropa işleri müdirliginiň direktory Anýa Ýelawiç bilen duşuşdy. Direktor horwat tarapynyň türkmen tarapy bilen medeniýet we medeni alyş-çalyş, ikitaraplaýyn çärelere gatnaşmak, şeýle-de türkmen muzeýleri bilen gatnaşyklary ýola goýmak babatda hyzmatdaşlyga isleg we gyzyklanma bildirýändigi barada belläp geçdi.

Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda German wekilýeti bilen duşuşyk geçiril...
Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda German wekilýeti bilen duşuşyk geçirildi
Türkmenistanyň wekiliýeti Nýu-Ýork şäherinde BMG-niň EKOSOS-yň howandar...
Türkmenistanyň wekiliýeti Nýu-Ýork şäherinde BMG-niň EKOSOS-yň howandarlygynda geçirilýän Ýokary derejeli syýasy foruma gatnaşýar
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy we Birleşen Milletler Guramasy hyzmat...
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy we Birleşen Milletler Guramasy hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdylar
Türkmen-azerbaýjan hökümetara toparynyň 9-njy mejlisinde hyzmatdaşlygyň g...
Türkmen-azerbaýjan hökümetara toparynyň 9-njy mejlisinde hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlary kesgitlenildi
Türkmenistanda “Sanly çözgüt — 2026” atly innowasion taslamalaryň bä...
Türkmenistanda “Sanly çözgüt — 2026” atly innowasion taslamalaryň bäsleşigi yglan ediler
Gahryman Arkadagymyzyň Eýran Yslam Respublikasyna sapary...
Gahryman Arkadagymyzyň Eýran Yslam Respublikasyna sapary
Türkiýäniň 5-nji Deňiz sammiti geçirildi
Türkiýäniň 5-nji Deňiz sammiti geçirildi
Hytaýdan Balkan welaýatyna täze ýük otlusy gatnawy ýola goýuldy...
Hytaýdan Balkan welaýatyna täze ýük otlusy gatnawy ýola goýuldy
Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda tegelek stol duşuşygy geçirildi...
Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda tegelek stol duşuşygy geçirildi
Azerbaýjan tarapyndan sowgat berlen «Dostluk» nebit tankeri Türkmenbaşy por...
Azerbaýjan tarapyndan sowgat berlen «Dostluk» nebit tankeri Türkmenbaşy portuna geldi