Habarlar / Habarlar
Türkmenistan Kuweýtde geçirilen “MA – AADHG” ministrler duşuşygyna gatnaşdy

Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 2025-nji ýylyň 15-16-njy aprelinde El-Kuweýt şäherinde geçirilen “Merkezi Aziýa – Aýlagdaky arap döwletleriniň hyzmatdaşlyk geňeşi” (MA-AADHG) strategik dialogynyň üçünji ministrler duşuşygyna gatnaşmak üçin Kuweýt Döwletine iş saparyny amala aşyrdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-i habar berýär. 

Foruma Merkezi Aziýa ýurtlarynyň daşary syýasat edaralarynyň ýolaşçylary hem-de AADHG-niň düzümine girýän alty döwletiň – Saud Arabystanynyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Kataryň, Kuweýtiň, Omanyň we Bahreýniň wekilleri gatnaşdylar. 

Duşuşygyň dowamynda söwda, maýa goýumlar, ulag-logistika, ekologiýa, syýahatçylyk we ynsanperwer alyşmalar ýaly ulgamlarda hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça amaly teklipleri işläp taýýarlamak meselelerine seretdiler. 

Türkmen wekiliýeti ulag-logistika, energetika, ykdysady we ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen birnäçe möhüm başlangyçlaryny tanyşdyrdy. 

Türkmen wekiliýetiniň Kuweýt Döwletiniň Mirasdüşer Şazadasy Şeýh Sabah Al-Haled Al-Hamad Al-Mubarak Al-Sabah bilen duşuşygy, 2025-nji ýylyň 15-16-njy apreli, El-Kuweýt, Kuweýt (Surat: Türkmenistanyň DIM-i)

 

Saparyň çäklerinde türkmen wekiliýetiniň Kuweýt Döwletiniň Mirasdüşer Şazadasy Şeýh Sabah Al-Haled Al-Hamad Al-Mubarak Al-Sabah bilen duşuşygy geçirildi. 

Ministrler duşuşygynyň çäklerinde Ahmet Gurbanow şeýle hem Bahreýn Patyşalygynyň we Oman Soltanlygynyň wekiliýetleriniň ýolbaşçylary bilen gepleşikleri geçirdi. Söhbetdeşlikleriň dowamynda hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we onuň ileri tutulýan ugurlary,  halkara ulag we üstaşyr geçelgesini döretmek hakynda Eýranyň, Omanyň, Kataryň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň Hökümetleriniň arasynda baglaşylan ylalaşygy durmuşa geçirmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda German wekilýeti bilen duşuşyk geçiril...
Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda German wekilýeti bilen duşuşyk geçirildi
Türkmenistanyň wekiliýeti Nýu-Ýork şäherinde BMG-niň EKOSOS-yň howandar...
Türkmenistanyň wekiliýeti Nýu-Ýork şäherinde BMG-niň EKOSOS-yň howandarlygynda geçirilýän Ýokary derejeli syýasy foruma gatnaşýar
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy we Birleşen Milletler Guramasy hyzmat...
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy we Birleşen Milletler Guramasy hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdylar
Türkmen-azerbaýjan hökümetara toparynyň 9-njy mejlisinde hyzmatdaşlygyň g...
Türkmen-azerbaýjan hökümetara toparynyň 9-njy mejlisinde hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlary kesgitlenildi
Türkmenistanda “Sanly çözgüt — 2026” atly innowasion taslamalaryň bä...
Türkmenistanda “Sanly çözgüt — 2026” atly innowasion taslamalaryň bäsleşigi yglan ediler
Gahryman Arkadagymyzyň Eýran Yslam Respublikasyna sapary...
Gahryman Arkadagymyzyň Eýran Yslam Respublikasyna sapary
Türkiýäniň 5-nji Deňiz sammiti geçirildi
Türkiýäniň 5-nji Deňiz sammiti geçirildi
Hytaýdan Balkan welaýatyna täze ýük otlusy gatnawy ýola goýuldy...
Hytaýdan Balkan welaýatyna täze ýük otlusy gatnawy ýola goýuldy
Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda tegelek stol duşuşygy geçirildi...
Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda tegelek stol duşuşygy geçirildi
Azerbaýjan tarapyndan sowgat berlen «Dostluk» nebit tankeri Türkmenbaşy por...
Azerbaýjan tarapyndan sowgat berlen «Dostluk» nebit tankeri Türkmenbaşy portuna geldi