Habarlar / Habarlar
Türkmenistanda ýapon kompaniýalarynyň gatnaşmagynda 44 maýa goýum taslamasy durmuşa geçirilýär

Häzirki döwürde Türkmenistanda ýapon kompaniýalarynyň gatnaşmagynda umumy bahasy 11 milliard ABŞ dollaryndan geçýän 44 sany maýa goýum taslamasy durmuşa geçirilýär. Bu barada Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ýaponiýanyň işewür toparlarynyň wekilleri bilen sişenbe güni bolan duşuşygynda mälim etdi.

Şeýle hem bahasy 256 million ýewro we 190 milliard iýene golaý bolan taslamalar durmuşa geçirilýär. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.

Duşuşyga ýapon tarapyndan Türkmen-ýapon ykdysady komitetiniň, «Mitsubishi Corporation», «Sumitomo Corporation», «Komatsu Ltd.», «Toyo Engineering Corporation», «Kawasaki Heavy Industries, Ltd.», «Sanko Seiko Co. Ltd.», «Muroosystems Corporation», «Tokyo Boeki Eurasia Limited», «Mitsubishi Heavy Industries, Ltd.», «Sumitomo Heavy Industries Ltd.», «Tohkemy Corporation», «ITOCHU Corporation» kompaniýalarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar.

Ýapon kompaniýalary köp ýyllaryň dowamynda Türkmenistanda giň gerimli taslamalary durmuşa geçirip, özüni ygtybarly hyzmatdaş hökmünde görkezdiler. Şunda gaz we nebithimiýa, ulag-kommunikasiýa, oba hojalygy, öňdebaryjy tehnologiýalar ýaly ulgamlar hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary bolup durýar.

Türkmenistanyň döwlet Baştutany öz ýurdunyň  senagat düzümlerini yzygiderli döwrebaplaşdyrýandygyny, “ýaşyl” ykdysadyýete geçişi işjeňleşdirýändigini, energetika ulgamyny diwersifikasiýalaşdyrýandygyny, halkara ulag aragatnaşygyny ösdürýändigini belledi. Bellenen ähli ugurlara ýapon işewürliginiň gatnaşmagy üçin giň mümkinçilikler bar.

Syýasy durnuklylyk, durnukly ykdysady ösüş, baý serişde kuwwaty, innowasion ösüşiň goldanylmagy we amatly işewürlik gurşawy Türkmenistanyň maýa goýum özüne çekijiliginiň esasy şertleriniň hatarynda görkezildi.

Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti çäräniň ýokary guramaçylygy üçin ýapon tarapyna minnetdarlyk bildirdi hem-de oňa gatnaşanlara netijeli hyzmatdaşlygy arzuw etdi.

Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda German wekilýeti bilen duşuşyk geçiril...
Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda German wekilýeti bilen duşuşyk geçirildi
Türkmenistanyň wekiliýeti Nýu-Ýork şäherinde BMG-niň EKOSOS-yň howandar...
Türkmenistanyň wekiliýeti Nýu-Ýork şäherinde BMG-niň EKOSOS-yň howandarlygynda geçirilýän Ýokary derejeli syýasy foruma gatnaşýar
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy we Birleşen Milletler Guramasy hyzmat...
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy we Birleşen Milletler Guramasy hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdylar
Türkmen-azerbaýjan hökümetara toparynyň 9-njy mejlisinde hyzmatdaşlygyň g...
Türkmen-azerbaýjan hökümetara toparynyň 9-njy mejlisinde hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlary kesgitlenildi
Türkmenistanda “Sanly çözgüt — 2026” atly innowasion taslamalaryň bä...
Türkmenistanda “Sanly çözgüt — 2026” atly innowasion taslamalaryň bäsleşigi yglan ediler
Gahryman Arkadagymyzyň Eýran Yslam Respublikasyna sapary...
Gahryman Arkadagymyzyň Eýran Yslam Respublikasyna sapary
Türkiýäniň 5-nji Deňiz sammiti geçirildi
Türkiýäniň 5-nji Deňiz sammiti geçirildi
Hytaýdan Balkan welaýatyna täze ýük otlusy gatnawy ýola goýuldy...
Hytaýdan Balkan welaýatyna täze ýük otlusy gatnawy ýola goýuldy
Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda tegelek stol duşuşygy geçirildi...
Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda tegelek stol duşuşygy geçirildi
Azerbaýjan tarapyndan sowgat berlen «Dostluk» nebit tankeri Türkmenbaşy por...
Azerbaýjan tarapyndan sowgat berlen «Dostluk» nebit tankeri Türkmenbaşy portuna geldi