Habarlar / Habarlar
Ženewada Türkmenistanyň wekiliýeti SPECA-nyň ministrler duşuşygyna we UNECE-iň 71-nji mejlisine gatnaşdy

BMG-niň Merkezi Aziýanyň ykdysadyýetleri üçin ýörite maksatnamasynda (SPECA) Türkmenistanyň başlyklygynyň çäginde 2025-nji ýylyň 8-nji aprelinde Ženewadaky Milletler Köşgünde SPECA agza ýurtlaryň ministrler duşuşygy geçirildi.

Çärä Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary H.Geldimyradowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti, Ýewropa ykdysady komissiýasynyň ýerine ýetiriji sekretary Tatýana Molçan we ESCAP-yň Ýerine ýetiriji sekretary Armida S. Alişahbana (onlaýn görnüşde) ýaly BMG-niň ýokary derejeli wekilleri, şeýle hem SPECA agza ýurtlaryň milli wekiliýetleri gatnaşdylar.

Gün tertibine laýyklykda SPECA-nyň çäginde kabul edilen esasy strategiki resminamalaryň ýerine ýetirilmegine aýratyn üns berildi. Olaryň hatarynda: BMG-niň halkara hukuk gurallaryny ulanmak arkaly söwda we ulag ulgamlarynda böwetleri azaltmak boýunça Aşgabat başlangyjy, BMG-niň hukuk gurallaryny we standartlaryny ulanmak arkaly Hazarüsti ulag geçelgesiniň ugrunda maglumatlar hem-de resminamalar multimodal alşygyny sanlylaşdyrmak boýunça Ýol kartasy, SPECA-nyň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin ösüş konsepsiýasy.

Gatnaşyjylar eksport mümkinçiliklerini ösdürmek we sebitiň ýurtlarynyň ählumumy üpjünçilik zynjyrlaryna gatnaşmagy, Merkezi Aziýa, Kawkaz we Ýewropanyň arasyndaky infrastruktura baglanyşygy, energetika arabaglanyşygy we alternatiw energetikany ösdürmek, ulag we logistika pudagyna maýa goýumlaryny çekmek ýaly meseleleriň giň toplumyna garadylar.

2025-nji ýylyň 9-njy aprelinde Türkmenistanyň wekiliýeti Birleşen Milletler Guramasynyň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň (UNECE) Ženewada geçirilen 71-nji mejlisine gatnaşdy.

Sessiýa durnukly ösüş, sanly özgeriş, ýaşyl ykdysadyýet, Ýewropa sebitiniň çäginde hem-de onuň daşynda söwda we ulag bilen baglanyşykly wajyp meseleleri ara alyp maslahatlaşmak üçin agza ýurtlaryň, halkara guramalaryň we BMG-niň edaralarynyň wekillerini ýygnady.

Gün tertibinde söwda we ulag proseslerini sanlylaşdyrmak, sebit özara gatnaşygyny gowulandyrmak, howanyň durnukly infrastrukturasyny goldamak we sebitara hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak meselelerine aýratyn üns berildi.

Çärä BMG-niň Ženewadaky edarasynyň Baş direktory Tatýana Walowaýa hem gatnaşdy. Sessiýa gatnaşyjylaryň öňünde çykyş etmek bilen, T.Walowaýa 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Durnukly ösüşiň Gün tertibine ýetmekde sebit hyzmatdaşlygyny berkitmegiň ähmiýetini belledi.

Sessiýa gatnaşmagyň çäginde Türkmenistanyň wekiliýeti UNECE bilen hyzmatdaşlygy has-da berkitmäge hem-de sebitde durnukly, inklýuziw we deňagramly ykdysadyýeti ösdürmäge gönükdirilen BMG-niň edaralary tarapyndan durmuşa geçirilýän başlangyçlara işjeň gatnaşmaga taýýarlygyny beýan etdi.

Serdar Berdimuhamedow Astanada Aral deňzi boýunça Türkmenistanyň teklibini ...
Serdar Berdimuhamedow Astanada Aral deňzi boýunça Türkmenistanyň teklibini beýan etdi
Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda Täjigistan Respublikasynyň wekilleri bil...
Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda Täjigistan Respublikasynyň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi
«Migrasiýa hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunyna girizilen täze üýtgetmeler...
«Migrasiýa hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunyna girizilen täze üýtgetmeler barada
Türkmenistan bilen Hytaý ikitaraplaýyn resminamalaryň birnäçesine gol çek...
Türkmenistan bilen Hytaý ikitaraplaýyn resminamalaryň birnäçesine gol çekdi
Türkmenistan we Russiýa Federasiýasy deňiz gämiçiligi ulgamynda strategiki...
Türkmenistan we Russiýa Federasiýasy deňiz gämiçiligi ulgamynda strategiki hyzmatdaşlygy täzeleýärler
Gahryman Arkadagymyz UNIDO-nyň Baş direktory bilen duşuşdy...
Gahryman Arkadagymyz UNIDO-nyň Baş direktory bilen duşuşdy
Gahryman Arkadagymyz Wenada AEHA-nyň Baş direktory bilen duşuşdy...
Gahryman Arkadagymyz Wenada AEHA-nyň Baş direktory bilen duşuşdy
Türkmenistanyň wekiliýeti Seulda geçirilen «Merkezi Aziýa – Koreýa Resp...
Türkmenistanyň wekiliýeti Seulda geçirilen «Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy» hyzmatdaşlyk forumynyň ýokary wezipeli wekilleriniň maslahatyna gatnaşdy
Gahryman Arkadagymyzyň Awstriýa Respublikasyna sapary başlandy...
Gahryman Arkadagymyzyň Awstriýa Respublikasyna sapary başlandy
Türkmenistan we Özbegistan ulag-aragatnaşyk ulgamynda hyzmatdaşlygyň geljeg...
Türkmenistan we Özbegistan ulag-aragatnaşyk ulgamynda hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlaryny maslahatlaşdylar