Habarlar / Habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti Ýewropanyň kompaniýalaryny türkmen bazaryna çagyrdy

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow anna güni Samarkant şäherinde Ýewropanyň kompaniýalaryny türkmen bazarynda taslamalary durmuşa geçirmäge çagyrdy. Şunda Türkmenistanyň daşary ýurt maýadarlary üçin iň amatly şertleri döretmäge taýýardygy tassyklanyldy diýip, Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.

Samarkant şäherinde geçirilen “Merkezi Aziýa – Ýewropa Bileleşigi” birinji sammitinde çykyş eden Türkmenistanyň Prezidenti öz ýurdunyň Ýewropa bilen söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmäge gyzyklanma bildirýändigini belledi hem-de eksport we import işine gatnaşýan taraplary goldamak maskatnamasyny işe girizmek mümkinçiligine garamagy ÝB-e teklip etdi.

Serdar Berdimuhamedow Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýanyň infrastruktura taslamalaryna maýa goýumlarynyň ägirt uly geoykdysady we söwda bähbitlerini getirip biljekdigini hem-de ýewropaly işewürleriň sebitde eýeleýän ornuny berkitjekdigini belledi.

“Biziň sebitimiz senagat maksatly iri döwrebap önümçilikleri döretmek, ulag-aragatnaşyk ulgamyny ösdürmek, ylmy-tehnologiýa klasterleriň we hyzmat merkezleriniň taslamalary üçin Ýewropanyň kompaniýalaryna amatly ýer bolup biler” diýip, Türkmenistanyň döwlet Baştutany aýtdy.

Serdar Berdimuhamedow häzirki söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk ýagdaýynyň netijelilik we bar bolan mümkinçiliklere laýyk gelýändigi nukdaýnazardan gaýtadan seretmegi talap edýändigini nygtady.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow şeýle hem sammitiň çäklerinde ýewropaly hyzmatdaşlary gaýtadan dikeldilýän energetika ulgamynda hyzmatdaşlyk mümkinçiliklerini giňişleýin ara alyp maslahatlaşmaga çagyrdy.

Türkmenistanyň DIM-nde Birleşen Arap Emirlikleriniň Türkmenistandaky Ilçis...
Türkmenistanyň DIM-nde Birleşen Arap Emirlikleriniň Türkmenistandaky Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi
«Hazar deňziniň ekoulgamyny goramak: sebit hyzmatdaşlygy we durnukly ösüş...
«Hazar deňziniň ekoulgamyny goramak: sebit hyzmatdaşlygy we durnukly ösüş» atly ylmy-amaly maslahaty
Gurbanguly Berdimuhamedow Owganystana iş saparyny amala aşyrdy we Abdul Gani B...
Gurbanguly Berdimuhamedow Owganystana iş saparyny amala aşyrdy we Abdul Gani Baradar bilen gepleşikleri geçirdi.
Türkmenistanda daşary ýurt raýatlaryny hasaba almagyň onlaýn ulgamy işlen...
Türkmenistanda daşary ýurt raýatlaryny hasaba almagyň onlaýn ulgamy işlenip taýýarlanyldy
“Magtymguly” gaz käninde 1,3 million kub metr gaz akymy alyndy...
“Magtymguly” gaz käninde 1,3 million kub metr gaz akymy alyndy
Türkmenistanyň Prezidenti Hazaryň kenarynda welosipedli ýöriş etdi...
Türkmenistanyň Prezidenti Hazaryň kenarynda welosipedli ýöriş etdi
“Hazar Logistik” owgan wekiliýeti bilen logistika meselelerini maslahatlaş...
“Hazar Logistik” owgan wekiliýeti bilen logistika meselelerini maslahatlaşdy
Türkmen ilçisi JATA-nyň ýolbaşçysy bilen göni gatnawlary ýola goýmagy m...
Türkmen ilçisi JATA-nyň ýolbaşçysy bilen göni gatnawlary ýola goýmagy maslahatlaşdy
«Deňizçi» futzal topary 15 ýyllygyny «Deňizçi» kubogy ugrundaky ýaryş...
«Deňizçi» futzal topary 15 ýyllygyny «Deňizçi» kubogy ugrundaky ýaryşda gazanan ýeňşi bilen dabaralandyrdy
Hazar deňziniň türkmen böleginde nebit-gaz gazyp çykarýan platformalarda w...
Hazar deňziniň türkmen böleginde nebit-gaz gazyp çykarýan platformalarda we beýleki dürli maksatly desgalarda (gurluşlarda) tehnogen heläkçilikleriň öňüni almak we olary ýok etmek boýunça toplumlaýyn türgenleşik okuwy