Habarlar / Habarlar
Türkmenistan ýewropaly hyzmatdaşlary gaýtadan dikeldilýän energetika ulgamynda hyzmatdaşlyga çagyrýar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow anna güni Özbegistanyň Samarkant şäherinde geçirilen «Merkezi Aziýa—Ýewropa Bileleşigi» görnüşindäki birinji sammitde eden çykyşynda ýewropaly hyzmatdaşlary gaýtadan dikeldilýän energetika ulgamynda hyzmatdaşlyk mümkinçiliklerini giňişleýin ara alyp maslahatlaşmaga çagyrdy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär. 

“Türkmenistan ÝB bilen energetika babatda ýakyn hyzmatdaşlyk etmäge we onuň mazmunyny täze derejä çykarmaga berk ygrarlydyr hem-de bu ugurda iş ýüzünde işleri durmuşa geçirmäge taýýar” diýip, Türkmenistanyň Prezidenti aýtdy. 

Türkmen tarapy “ýaşyl” energetika ulgamynda bilelikdäki taslamalara başlamaga hem-de ýel, Gün we wodorod energetikasyndan peýdalanmak boýunça hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerine seretmäge taýýardygyny mälim etdi.

Türkmenistanyň döwlet Baştutany Gündogar – Günbatar we Günbatar – Gündogar ulag-aragatnaşyk ulgamyny döretmegiň strategik hyzmatdaşlygyň möhüm düzümi bolup durýandygyny nygtady. 

Türkmenistan degişli taslamany durmuşa geçirmek üçin öz ýurdunyň ýol-ulag düzümleriniň, şol sanda Hazar deňziniň kenaryndaky Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň kuwwatlyklaryny hödürlemäge taýýar. Şunuň bilen birlikde, Hazar deňzinde suwasty düzümleri gurmagyň ähmiýetine üns çekildi. 

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow şeýle hem «Merkezi Aziýa ählumumy klimat meseleleri bilen ýüzbe-ýüz: umumy abadançylygyň bähbidine jebisleşmek» atly halkara forumyň açylyş dabarasyna gatnaşdy. 

‘Dostluk’ tankeri Azerbaýjanyň we Türkmenistanyň hyzmatdaşlygyny berkid...
‘Dostluk’ tankeri Azerbaýjanyň we Türkmenistanyň hyzmatdaşlygyny berkider
Aşgabatda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky 13-nji mejlisi g...
Aşgabatda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky 13-nji mejlisi geçirildi
Türkmenistanyň DIM-nde Ýaponiýanyň Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi...
Türkmenistanyň DIM-nde Ýaponiýanyň Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi
Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-türk hökümetara toparynyň 9-njy me...
Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-türk hökümetara toparynyň 9-njy mejlisi geçirildi
Aşgabatda türkmen-amerikan biznes-forumy geçirildi...
Aşgabatda türkmen-amerikan biznes-forumy geçirildi
Aşgabatda we daşary ýurtlarda Bütindünýä welosiped güni mynasybetli köp...
Aşgabatda we daşary ýurtlarda Bütindünýä welosiped güni mynasybetli köpçülikleýin çäreler geçirildi
Türkmenistanyň Deňiz Administrasiýasy ISO 9001:2015 standartyna laýyklygyny...
Türkmenistanyň Deňiz Administrasiýasy ISO 9001:2015 standartyna laýyklygyny üstünlikli tassyklady
Türkmen-hytaý strategik hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlary ara alnyp maslahatla...
Türkmen-hytaý strategik hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy
Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy...
Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy
Türkmenistanyň wekiliýeti GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň çärelerin...
Türkmenistanyň wekiliýeti GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň çärelerine gatnaşdy