Habarlar / Habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti Samarkantda “MA-ÝB” sammitine gatnaşdy

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow anna güni Samarkant şäherinde geçirilýän "Merkezi Aziýa – Ýewropa Bileleşigi" görnüşindäki birinji sammite gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.

Merkezi Aziýada netijeli toplumlaýyn howpsuzlyk ulgamynyň döredilmegine işjeň gatnaşýan we bu ugurda möhüm orun eýeleýän Türkmenistan halkara syýasy we ykdysady giňişlikdäki abraýyny barha pugtalandyrýar. Türkmenistanyň parahatçylygy we ösüşi berkitmekdäki tagallalary ählumumy gün tertibinde ýüze çykýan meseleleriň oňyn çözülmegine ýardam edýän ýokary derejeli duşuşyklara gatnaşmagynda hem aýdyň görünýär. 

"Merkezi Aziýa – Ýewropa Bileleşigi" görnüşindäki birinji sammit, 2025-nji ýylyň 4-nji apreli, Samarkant, Özbegistan (Surat: prezident.uz)

 

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň sammitde eden çykyşy hyzmatdaşlygy ösdürmek we halkara giňişlikde netijeli gatnaşyklary ilerletmek üçin bar bolan mümkinçiliklerinden peýdalanmaga taýýardygynyň aýdyň mysaly boldy. 

Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň we ÝB-niň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda Samarkant şäherinde geçirilýän sammit söwda-ykdysady, maýa goýum we medeni-ynsanperwer ulagmlardaky hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlaryny öz içine aldy. 

‘Dostluk’ tankeri Azerbaýjanyň we Türkmenistanyň hyzmatdaşlygyny berkid...
‘Dostluk’ tankeri Azerbaýjanyň we Türkmenistanyň hyzmatdaşlygyny berkider
Aşgabatda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky 13-nji mejlisi g...
Aşgabatda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky 13-nji mejlisi geçirildi
Türkmenistanyň DIM-nde Ýaponiýanyň Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi...
Türkmenistanyň DIM-nde Ýaponiýanyň Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi
Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-türk hökümetara toparynyň 9-njy me...
Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-türk hökümetara toparynyň 9-njy mejlisi geçirildi
Aşgabatda türkmen-amerikan biznes-forumy geçirildi...
Aşgabatda türkmen-amerikan biznes-forumy geçirildi
Aşgabatda we daşary ýurtlarda Bütindünýä welosiped güni mynasybetli köp...
Aşgabatda we daşary ýurtlarda Bütindünýä welosiped güni mynasybetli köpçülikleýin çäreler geçirildi
Türkmenistanyň Deňiz Administrasiýasy ISO 9001:2015 standartyna laýyklygyny...
Türkmenistanyň Deňiz Administrasiýasy ISO 9001:2015 standartyna laýyklygyny üstünlikli tassyklady
Türkmen-hytaý strategik hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlary ara alnyp maslahatla...
Türkmen-hytaý strategik hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy
Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy...
Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy
Türkmenistanyň wekiliýeti GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň çärelerin...
Türkmenistanyň wekiliýeti GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň çärelerine gatnaşdy