Habarlar / Habarlar
Türkmenistan Bakudaky “Made in Turan” halkara sergisinde öz önümlerini tanyşdyrar

Türkmenistan 29-30-njy aprelde Baku şäherinde geçiriljek “Made in Turan” (“Turanda öndürilen”) atly halkara sergä gatnaşar. Bu barada Türkmenistanyň Ulag we kommunikasiýalar agentligi penşenbe güni habar berdi. 

Foruma Türkmenistan bilen bir hatarda, Özbegistanyň, Gazagystanyň, Türkiýäniň, Gyrgyzystanyň, Russiýanyň, Pakistanyň, Hindistanyň, Saud Arabystanynyň, Kataryň, Kuweýtiň, Wengriýanyň we Ýaponiýanyň dokma pudagynyň bilermenleri, dizaýnerleri we telekeçileri gatnaşarlar. Bu çäre dokma senagatynda söwda hyzmatdaşlygyny ösdürmek, telekeçileriň arasynda işewürlik gatnaşyklary giňeltmek, geljegi uly taslamalary ilerletmek meselelerine bagyşlanar.

Serginiň çäklerinde öňdebaryjy bilermenleriň tanyşdyrylyş dabaralarynyň, dokma önümleriň görkezilişleriniň, ikiçäk duşuşyklaryň, işewürlik gepleşikleriň, “tegelek stol” maslahatlaryň we mowzuklaýyn geňeşmeleriň geçirilmegi meýilleşdirilýär.

Sergä gatnaşyjylar şeýle hem ýörite işewürlik gezelenjiniň çäklerinde dokma senagatynda Azerbaýjanyň toplan öňdebaryjy tejribeleri bilen ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik alarlar.

“Made in Turan” atly halkara sergi – bu adybir haryt nyşany bilen türki dilli döwletleriň önümlerini we hyzmatlaryny ilerletmäge gönükdirilen başlangyç bolup durýar. Sergi halkara bazarlara bilelikde çykmak, harytlar we hyzmatlar barada habardarlygy we olaryň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak üçin Türki döwletleriň guramasyna (TDG) agza ýurtlaryň tagallalaryny birleşdirmegi maksat edinýär.

‘Dostluk’ tankeri Azerbaýjanyň we Türkmenistanyň hyzmatdaşlygyny berkid...
‘Dostluk’ tankeri Azerbaýjanyň we Türkmenistanyň hyzmatdaşlygyny berkider
Aşgabatda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky 13-nji mejlisi g...
Aşgabatda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky 13-nji mejlisi geçirildi
Türkmenistanyň DIM-nde Ýaponiýanyň Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi...
Türkmenistanyň DIM-nde Ýaponiýanyň Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi
Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-türk hökümetara toparynyň 9-njy me...
Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-türk hökümetara toparynyň 9-njy mejlisi geçirildi
Aşgabatda türkmen-amerikan biznes-forumy geçirildi...
Aşgabatda türkmen-amerikan biznes-forumy geçirildi
Aşgabatda we daşary ýurtlarda Bütindünýä welosiped güni mynasybetli köp...
Aşgabatda we daşary ýurtlarda Bütindünýä welosiped güni mynasybetli köpçülikleýin çäreler geçirildi
Türkmenistanyň Deňiz Administrasiýasy ISO 9001:2015 standartyna laýyklygyny...
Türkmenistanyň Deňiz Administrasiýasy ISO 9001:2015 standartyna laýyklygyny üstünlikli tassyklady
Türkmen-hytaý strategik hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlary ara alnyp maslahatla...
Türkmen-hytaý strategik hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy
Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy...
Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy
Türkmenistanyň wekiliýeti GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň çärelerin...
Türkmenistanyň wekiliýeti GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň çärelerine gatnaşdy