Habarlar / Habarlar
Türkmenistanyň Prezidentiniň Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň ýolbaşçysy bilen duşuşygy

Şu gün Özbegistan Respublikasynda iş saparynda bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Samarkant şäherinde geçiriljek «Merkezi Aziýa — Ýewropa Bileleşigi» görnüşindäki birinji sammitiň çäklerinde Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň ýolbaşçysy hanym Odil Reno-Basso bilen duşuşdy.

Söhbetdeşler mähirli salamlaşyp, iki sebitiň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meselelerine bagyşlanan ýokary derejeli forumyň çäklerinde duşuşmaga dörän mümkinçilige kanagatlanma bildirdiler. Duşuşygyň dowamynda döwlet Baştutanymyz Türkmenistanda durmuşa geçirilýän ykdysady ösüş strategiýasynda halkara hyzmatdaşlygy giňeltmäge, hususan-da, abraýly maliýe guramalary we bank-karz düzümleri bilen gatnaşyklary işjeňleşdirmäge möhüm ähmiýet berilýändigini belledi. Şunda Türkmenistan bilen Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň arasyndaky köpýyllyk hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýeti nygtaldy.

Hanym Odil Reno-Basso Türkmenistanyň ykdysady ösüşine ýokary baha berip, ýolbaşçylyk edýän düzüminiň özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge gyzyklanma bildirýändigini aýtdy. Döwlet Baştutanymyz köpugurly we sebit ähmiýetli Demirgazyk — Günorta, Gündogar — Günbatar halkara ulag geçelgelerini döretmek boýunça işleriň alnyp barylýandygyny belläp, Türkmenistanyň bu ugurda amala aşyrylýan taslamalara gatnaşmak üçin Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň anyk tekliplerine seretmäge taýýardygyny tassyklady.

Hormatly Prezidentimiz energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meselelerine ünsi çekip, ýurdumyzda bu ulgamy diwersifikasiýalaşdyrmak bilen bir hatarda, arassa, daşky gurşawa zyýansyz “ýaşyl” energetika boýunça maksatnamalaýyn işleriň alnyp barylýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanda amala aşyrylýan durnukly energetika taslamalaryna hem-de täze başlangyçlara Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň gatnaşmagy üçin uly mümkinçilikleriň bardygy nygtaldy. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda oba hojalyk pudagyny ösdürmäge, hususan-da, suw serişdelerini tygşytly, rejeli peýdalanmaga möhüm ähmiýet berilýändigini we şunuň bilen baglylykda, Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň suwaryş desgalarynyň gurluşygy, ýokary tehnologik enjamlary ornaşdyrmak boýunça Türkmenistanyň degişli edaralary bilen hyzmatdaşlygynyň goldanylýandygyny belledi.

Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň bu iri halkara maliýe guramasy bilen milli banklarymyzyň, hususy pudagyň arasyndaky gatnaşyklaryň täze, has netijeli görnüşleriniň ulanylmagyny goldaýandygyny aýdyp, kiçi we orta telekeçiligi ösdürmekde maliýe-karz, maslahat beriş hyzmatlarynyň işjeňleşdirilmeginiň maksadalaýyk boljakdygyny belledi we ýurdumyzyň geljekde-de Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýardygyny tassyklady.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hem-de Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň ýolbaşçysy hanym Odil Reno-Basso ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirip, birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.

‘Dostluk’ tankeri Azerbaýjanyň we Türkmenistanyň hyzmatdaşlygyny berkid...
‘Dostluk’ tankeri Azerbaýjanyň we Türkmenistanyň hyzmatdaşlygyny berkider
Aşgabatda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky 13-nji mejlisi g...
Aşgabatda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky 13-nji mejlisi geçirildi
Türkmenistanyň DIM-nde Ýaponiýanyň Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi...
Türkmenistanyň DIM-nde Ýaponiýanyň Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi
Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-türk hökümetara toparynyň 9-njy me...
Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-türk hökümetara toparynyň 9-njy mejlisi geçirildi
Aşgabatda türkmen-amerikan biznes-forumy geçirildi...
Aşgabatda türkmen-amerikan biznes-forumy geçirildi
Aşgabatda we daşary ýurtlarda Bütindünýä welosiped güni mynasybetli köp...
Aşgabatda we daşary ýurtlarda Bütindünýä welosiped güni mynasybetli köpçülikleýin çäreler geçirildi
Türkmenistanyň Deňiz Administrasiýasy ISO 9001:2015 standartyna laýyklygyny...
Türkmenistanyň Deňiz Administrasiýasy ISO 9001:2015 standartyna laýyklygyny üstünlikli tassyklady
Türkmen-hytaý strategik hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlary ara alnyp maslahatla...
Türkmen-hytaý strategik hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy
Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy...
Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy
Türkmenistanyň wekiliýeti GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň çärelerin...
Türkmenistanyň wekiliýeti GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň çärelerine gatnaşdy