Habarlar / Habarlar
Türkmenistanyň Ilçisiniň Kipr Respublikasynyň Prezidentine ynanç hatyny gowşuryş dabarasy

2025-nji ýylyň 31-nji martynda Nikosiýa şäheriniň Prezident köşgünde Türkmenistanyň Kipr Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (oturýan ýeri Rim şäheri) T.Kömekowyň Kipr Respublikasynyň Prezidenti Nikos Hristodulidise ynanç hatyny gowşuryş dabarasy geçirildi. Bu barada Diplomatik wekilhanalaryň habarlar gullugy habar berýär.

Kipr Respublikasynyň Prezidenti Türkmenistanyň Prezidentine mähirli salamyny we türkmen halkyna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi. Kipr Respublikasynyň Baştutany Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyk syýasatynyň sebit we halkara derejesinde parahatçylygy, durnuklylygy we howpsuzlygy üpjün etmekdäki möhüm goşandyny belläp geçdi.

Ilçi T.Kömekow öz gezeginde Kipr Respublikasynyň Prezidentine we bu ýurduň halkyna Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan mähirli salamy we iň gowy arzuwlary ýetirdi.

Taraplar Türkmenistan bilen Kipr Respublikasynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary mundan beýläk hem ösdürmäge gyzyklanma bildirdiler.

Dabaranyň çäginde geçirilen ikitaraplaýyn duşuşykda Ilçi T.Kömekow 2025-nji ýylyň 12-nji dekabrynda geçiriljek Parahatçylygyň we ynanyşmagyň halkara forumyna gatnaşmak üçin türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan çakylyk hatyny gowşurdy.

‘Dostluk’ tankeri Azerbaýjanyň we Türkmenistanyň hyzmatdaşlygyny berkid...
‘Dostluk’ tankeri Azerbaýjanyň we Türkmenistanyň hyzmatdaşlygyny berkider
Aşgabatda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky 13-nji mejlisi g...
Aşgabatda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky 13-nji mejlisi geçirildi
Türkmenistanyň DIM-nde Ýaponiýanyň Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi...
Türkmenistanyň DIM-nde Ýaponiýanyň Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi
Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-türk hökümetara toparynyň 9-njy me...
Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-türk hökümetara toparynyň 9-njy mejlisi geçirildi
Aşgabatda türkmen-amerikan biznes-forumy geçirildi...
Aşgabatda türkmen-amerikan biznes-forumy geçirildi
Aşgabatda we daşary ýurtlarda Bütindünýä welosiped güni mynasybetli köp...
Aşgabatda we daşary ýurtlarda Bütindünýä welosiped güni mynasybetli köpçülikleýin çäreler geçirildi
Türkmenistanyň Deňiz Administrasiýasy ISO 9001:2015 standartyna laýyklygyny...
Türkmenistanyň Deňiz Administrasiýasy ISO 9001:2015 standartyna laýyklygyny üstünlikli tassyklady
Türkmen-hytaý strategik hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlary ara alnyp maslahatla...
Türkmen-hytaý strategik hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy
Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy...
Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy
Türkmenistanyň wekiliýeti GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň çärelerin...
Türkmenistanyň wekiliýeti GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň çärelerine gatnaşdy