Habarlar / Habarlar
“Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň dabaralanmagy” atly maslahat

2025-nji ýylyň 24-nji martynda paýtagtymyzyň “Mekan” köşgünde BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň 61-nji umumy mejlisinde “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň dabaralanmagy” atly maslahat geçirildi. Bu barada TDH habar berýär.

Maslahatyň işine Türkmenistanyň Hökümetiniň agzalary, Türkmenistanda akkreditlenen diplomatik wekilhanalarynyň we halkara guramalarynyň wekilhanalarynyň ýolbaşçylary we işgärleri, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary we talyplary, şeýle hem jemgyýetçilik guramalarynyň, milli we daşary ýurt KHBS-iň wekilleri gatnaşdylar.

Dabaraly maslahat Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş akademiki drama teatrynyň artistleriniň ýerine ýetirmeginde “Ýaşasyn Bitarap Türkmenistan” atly edebi-sazly kompozisiýa bilen açyldy.

Maslahatda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow, S.A.Niýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň kafedra müdiri, pofessor Italmaz Saparlyýew, Magtymguly adyndaky Türkmen Döwlet Uniwersitetiniň kafedra müdiri, professor Atajan Burunow, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory Gülşat Ýusupowa, BMG-niň Baş sekretarynyň ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy Kaha Imnadze, BMG-niň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistandaky wekilhanasynyň ýolbaşçysy Jalpa Ratna, ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkeziniň ýolbaşçysy Jon MakGregor, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň, Hytaý Halk Respublikasynyň, Türkiýe Respublikasynyň, Russiýa Federasiýasynyň, Gazagystan Respublikasynyň, Eýran Yslam Respublikasynyň, Özbegistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçileri çykyş etdiler.

Ýygnananlar türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa gutlag hatyny uly üns bilen diňlediler.

Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow öz çykyşynda bu Kararnamanyň, häzirki zamanyň prosessleri bilen baglanyşykly bolan möhüm syýasy-diplomatik üstünlik bolmak bilen, Türkmenistanyň öz garaşsyz ösüşiniň başlangyç döwründen bäri alyp barýan yzygiderli we üýtgewsiz daşary syýasat ugrunyň logiki we kanunalaýyk netijesidigini belledi.

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň diňe bir milli bähbitlere laýyk gelmek bilen çäklenmän, eýsem, parahatçylyk döredijiligiň, sebit we dünýä derejesinde howpsuzlygy, durnuklylygy berkitmegiň netijeli guraly hökmünde özüni görkezendigi nygtaldy.

Maslahata gatnaşyjylaryň çykyşlarynda bellenip geçilişi ýaly, Milletler Bileleşiginiň giň goldawyna eýe bolan oňyn Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirýän Türkmenistan ählumumy abadançylygyň, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmegiň bähbidine netijeli halkara hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna uly goşant goşýar.

Türkmenistanyň Bitaraplygynyň ösüşiniň geçen döwründe BMG-niň esasy gymmatlyklaryna we maksatlaryna laýyk gelýändigini subut edendigi we Milletler Bileleşiginiň umumy gazanany hökmünde ykrar edilendigi bellenildi.

Şol bir wagtyň özünde, Türkmenistanyň başlangyjy bilen 2025-nji ýyl BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edildi. Munuň özi ýurdumyzyň ählumumy parahatçylygy, durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen işleriniň ykrar edilýändiginiň aýdyň güwäsine öwrüldi.

Şunuň bilen baglylykda, häzirki zamanyň ählumumy gün tertibiniň esasy meselelerine, şeýle-de özara ynanyşmak, dialog we jogapkärçilik esasynda döwletleriň tagallalaryny birleşdirmek baradaky ýurdumyzyň garaýyşlarynyň beýany bolan Türkmenistanyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň dowamyndaky işleriniň we ileri tutýan ugurlarynyň Konsepsiýasyna aýratyn üns berildi.

Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul etdiler. Onda sebitde we dünýäde durnukly ösüşüň we abadançylygyň ugrunda alnyp barylýan parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasat üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirildi.

Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi TOPH we TOP taslamalarynyň ýagdaýyny ma...
Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi TOPH we TOP taslamalarynyň ýagdaýyny maslahatlaşdylar
Türkmenistan we Owganystan söwda ulgamynda hyzmatdaşlygy berkidýär...
Türkmenistan we Owganystan söwda ulgamynda hyzmatdaşlygy berkidýär
Türkmenistanyň we Gruziýanyň uniwersitetleriniň arasynda hyzmatdaşlygy giňeltmek maslahatlaşyldy
Türkmenistanda pagta ýygymy möwsümine badalga berildi...
Türkmenistanda pagta ýygymy möwsümine badalga berildi
Türkmenistan Eýranyň demirgazyk portlary bilen ulag hyzmatdaşlygyny ösdürm...
Türkmenistan Eýranyň demirgazyk portlary bilen ulag hyzmatdaşlygyny ösdürmäge taýýardygyny tassyklady
Türkmenistanyň Prezidenti KHDR-nyň we Täjigistanyň ýolbaşçylaryny milli ...
Türkmenistanyň Prezidenti KHDR-nyň we Täjigistanyň ýolbaşçylaryny milli baýramlary bilen gutlady
Germaniýada Türkmenistanyň Ykdysadyýet günleri geçiriler...
Germaniýada Türkmenistanyň Ykdysadyýet günleri geçiriler
Türkmenistanyň we Germaniýanyň işewürler toparlary özara göni gatnaşykl...
Türkmenistanyň we Germaniýanyň işewürler toparlary özara göni gatnaşyklary ösdürmekçi
Türkmenistan bilen Eýran üstaşyr ýük daşamalaryny 20 million tonna ýetir...
Türkmenistan bilen Eýran üstaşyr ýük daşamalaryny 20 million tonna ýetirmekçi
Türkmenistan Hytaýyň Milli Energetika Dolandyryş Edarasy bilen hyzmatdaşlyg...
Türkmenistan Hytaýyň Milli Energetika Dolandyryş Edarasy bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrýar