Habarlar / Habarlar
Türkmenistan bilen Singapur ýokary derejeli saparlaryň guramaçylyk meselelerini maslahatlaşdylar

Şu ýylyň 12-nji martynda Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky ilçisi Begenç Durdyýew Singapuryň DIM-iniň Ýakyn Gündogar, Demirgazyk Afrika we Merkezi Aziýa ýurtlary departamentiniň baş direktory Samuel Tan bilen duşuşdy. Ýokary derejeli saparlaryň, syýasy geňeşmeleriň guramaçylyk hem-de parlamentara gatnaşyklaryň we halkara guramalaryň çäklerindäki hyzmatdaşlyk meseleleri gepleşikleriň esasy mazmunyny emele getirdi diýip, Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky ilçihanasy habar berýär.

Duşuşykda türkmen wekiliýeti Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygy we 2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçiriljek çäreler barada maglumat berdi. Ilçi Durdyýew Türkmenistanyň degişli ugurda alyp barjak işleriniň ugurlaryny kesgitleýän Konsepsiýa bilen singapur tarapyny tanyşdyrdy.  

15-nji martda Türkmenistanyň ilçisi Singapuryň Söwda we senagat ministrliginiň direktorynyň orunbasary Ýu Sin Taýem bilen gepleşikleri geçirdi.
Taraplar söwda-ykdysady gatnaşyklary berkitmek, hususan-da, Türkmenistanyň ýörite ykdysady zolaklaryna singapur maýalaryny çekmek mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Duşuşyga gatnaşyjylar elektron söwda ulgamynda tejribeleri alyşmak meselelerine, türkmen oba hojalyk önümleriniň eksportyny artdyrmagyň mümkinçiliklerine hem-de Singapuryň maliýe düzümleri bilen hyzmatdaşlygynyň geljegine garadylar. Işewürlik maslahatlaryny guramak boýunça ikitaraplaýyn ylalaşyga gol çekilmegi geçirilen gepleşikleriň möhüm ähmiýetli netijesi boldy.

Şeýle hem şol gün B.Durdyýewiň Singapuryň Ulag ministrliginiň Halkara gatnaşyklar we howpsuzlyk departamentiniň baş direktory Bernard Lim bilen duşuşygy boldy. Ulag-logistika ulgamynda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň, Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň döwrebaplaşdyrylmagynyň, gämileri gurmagyň we abatlamagyň mümkinçilikleri pikir alyşmalaryň esasy özenini emele getirdi.

“Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň, Türkmenistanyň Hazar deňzi institutynyň Singapuryň ugurdaş düzümleri bilen hyzmatdaşlygyny ösdürmäge hem aýratyn üns berildi.

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy we Birleşen Milletler Guramasy hyzmat...
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy we Birleşen Milletler Guramasy hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdylar
Türkmen-azerbaýjan hökümetara toparynyň 9-njy mejlisinde hyzmatdaşlygyň g...
Türkmen-azerbaýjan hökümetara toparynyň 9-njy mejlisinde hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlary kesgitlenildi
Türkmenistanda “Sanly çözgüt — 2026” atly innowasion taslamalaryň bä...
Türkmenistanda “Sanly çözgüt — 2026” atly innowasion taslamalaryň bäsleşigi yglan ediler
Gahryman Arkadagymyzyň Eýran Yslam Respublikasyna sapary...
Gahryman Arkadagymyzyň Eýran Yslam Respublikasyna sapary
Türkiýäniň 5-nji Deňiz sammiti geçirildi
Türkiýäniň 5-nji Deňiz sammiti geçirildi
Hytaýdan Balkan welaýatyna täze ýük otlusy gatnawy ýola goýuldy...
Hytaýdan Balkan welaýatyna täze ýük otlusy gatnawy ýola goýuldy
Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda tegelek stol duşuşygy geçirildi...
Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda tegelek stol duşuşygy geçirildi
Azerbaýjan tarapyndan sowgat berlen «Dostluk» nebit tankeri Türkmenbaşy por...
Azerbaýjan tarapyndan sowgat berlen «Dostluk» nebit tankeri Türkmenbaşy portuna geldi
Türkmenistanyň wekiliýeti Wenada geçirilen OPEK Gaznasynyň Ösüş forumyna...
Türkmenistanyň wekiliýeti Wenada geçirilen OPEK Gaznasynyň Ösüş forumyna gatnaşýar
Astana şäherinde türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň ösüşiniň täze...
Astana şäherinde türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň ösüşiniň täze ugurlary kesgitlenildi