Habarlar / Habarlar
Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşigi ilkinji "MA - ÝB" sammitine taýýarlygy maslahatlaşdylar

Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow çarşenbe güni Aşgabada sapar bilen gelen Ýewropanyň halkara hyzmatdaşlyk boýunça komissary Ýozef Sikela bilen duşuşyk geçirdi. Onuň barşynda ilkinji "Merkezi Aziýa - Ýewropa Bileleşigi" sammitine we Aşgabatda geçiriljek ministrler duşuşygyna taýýarlyk meselelerine garaldy.

Taraplar Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlaryny, syýasy-diplomatik dialogyň, söwda-ykdysady medeni-ynsanperwer ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdylar. Bu barada Türkmenistanyň DIM-i habar berýär.

Gepleşikler hyzmatdaşlygyň şertnama-hukuk binýadyny ösdürmek, bilelikdäki gurallaryň, şol sanda parlamentara dialogyň, adam hukuklary boýunça platformasynyň alyp barýan işleri hem-de ykdysady gatnaşyklary giňeltmegiň mümkinçiliklerini öz içine aldy. ÝB-niň "Global Gateway" başlangyjynyň çäklerinde ulag, energetika we maýa goýumlar ulgamlaryndaky taslamalaryna aýratyn üns berildi.

Duşuşygyň dowamynda ykdysady howpsuzlygyň, metan zyňyndylaryny azaltmagyň, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini ösdürmegiň meselelerine garaldy. Diplomatlar ylym-bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygy, Türkmenistanyň Bütindünýä Söwda Guramasyna goşulmagynyň ÝB tarapyndan goldanylmagy bilen bagly meseleleri hem maslahatlaşdylar.

‘Dostluk’ tankeri Azerbaýjanyň we Türkmenistanyň hyzmatdaşlygyny berkid...
‘Dostluk’ tankeri Azerbaýjanyň we Türkmenistanyň hyzmatdaşlygyny berkider
Aşgabatda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky 13-nji mejlisi g...
Aşgabatda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky 13-nji mejlisi geçirildi
Türkmenistanyň DIM-nde Ýaponiýanyň Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi...
Türkmenistanyň DIM-nde Ýaponiýanyň Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi
Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-türk hökümetara toparynyň 9-njy me...
Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-türk hökümetara toparynyň 9-njy mejlisi geçirildi
Aşgabatda türkmen-amerikan biznes-forumy geçirildi...
Aşgabatda türkmen-amerikan biznes-forumy geçirildi
Aşgabatda we daşary ýurtlarda Bütindünýä welosiped güni mynasybetli köp...
Aşgabatda we daşary ýurtlarda Bütindünýä welosiped güni mynasybetli köpçülikleýin çäreler geçirildi
Türkmenistanyň Deňiz Administrasiýasy ISO 9001:2015 standartyna laýyklygyny...
Türkmenistanyň Deňiz Administrasiýasy ISO 9001:2015 standartyna laýyklygyny üstünlikli tassyklady
Türkmen-hytaý strategik hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlary ara alnyp maslahatla...
Türkmen-hytaý strategik hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy
Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy...
Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy
Türkmenistanyň wekiliýeti GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň çärelerin...
Türkmenistanyň wekiliýeti GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň çärelerine gatnaşdy