Habarlar / Habarlar
Ýewropa Bileleşiginiň Halkara hyzmatdaşlyk boýunça Ýewropa komissarynyň Türkmenistana iş sapary

12-nji martda Ýewropa Bileleşiginiň Halkara hyzmatdaşlyk boýunça Ýewropa komissary Ýosef Sikelan Türkmenistana iş sapary bilen geldi. Merkezi Aziýanyň barha artýan geosyýasy ähmiýetiniň çäginde Ýewropa komissarynyň sapary Ýewropa Bileleşigi üçin sebit hyzmatdaşlygynyň ähmiýetini we bu ugurda Türkmenistanyň aýratyn ornuny nygtaýar.

Saparyň maksady Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak, hususan-da hyzmatdaşlygyň Türkmenistana we Ýewropa özara bähbit getirip biljek ugurlarynda ýagny, ykdysadyýetiň döwrebaplaşdyrmagy, ulag arabaglanyşyklarynyň giňeldilmegi we ýaşyl ykdysadyýete geçmegi öz içine alýar.

Saparyň çäklerinde Ýewropa komissarynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Türkmenbaşy Halkara deňiz portuna saparyny amala aşyrdy. Saparyň çäklerinde Ýewropa komissary bilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktorynyň arasynda duşuşyk boldy.  Duşuşykda Ýewropa bilen Aziýanyň arasyndaky esasy üstaşyr merkezine öwürjek Hazarüsti ulag geçelgesiniň uly mümkinçilikleriniň bardygy bellenildi. Bu geçelgäniň, logistika, ulag we söwda ugurlarynda maýa goýum mümkinçilikleri bolup, Ýewropa ýükleri ibermekligiň wagtyny takmynan 15 güne çenli azaldýar.

Şeýle-de duşuşykda taraplar, Global Gateway strategiýasynyň çäklerinde, Türkmenistanyň sebitleýin we global söwda torlaryna integrasiýasyny, infrastrukturany döwrebaplaşdyrmak we maýa goýumlaryny çekmek üçin mümkinçiliklerini giňeltmek babatda belläp geçdiler. Şunuň bilen baglylykda, 2024-nji ýylda Aşgabat şäherinde Global Gateway platformasynyň işe girizilendigi barada habar berildi.

Duşuşyň dowamynda “Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň başlygynyň we Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň başlygynyň çykyşlary boldy. Çykyşlarda Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň, “Deňiz söwda floty” ÝGPJ-ň, “Balkan” gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodynyň mümkinçilikleri hem-de maýa goýum mümkinçilikleri barada giňişleýin gürrüň berildi. Hususan-da, häzirki wagtda “Balkan” gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodynda ýük göterijiligi 6100 tonna bolan gury ýük gämileriniň gurluşyklarynyň dowam edýändigi barada bellenilip geçildi. Duşuşykdan soňra, myhmanlary Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň, “Balkan” gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodynyň mümkinçilikleri bilen ýerinde tanyşdyryldy.

‘Dostluk’ tankeri Azerbaýjanyň we Türkmenistanyň hyzmatdaşlygyny berkid...
‘Dostluk’ tankeri Azerbaýjanyň we Türkmenistanyň hyzmatdaşlygyny berkider
Aşgabatda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky 13-nji mejlisi g...
Aşgabatda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky 13-nji mejlisi geçirildi
Türkmenistanyň DIM-nde Ýaponiýanyň Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi...
Türkmenistanyň DIM-nde Ýaponiýanyň Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi
Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-türk hökümetara toparynyň 9-njy me...
Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-türk hökümetara toparynyň 9-njy mejlisi geçirildi
Aşgabatda türkmen-amerikan biznes-forumy geçirildi...
Aşgabatda türkmen-amerikan biznes-forumy geçirildi
Aşgabatda we daşary ýurtlarda Bütindünýä welosiped güni mynasybetli köp...
Aşgabatda we daşary ýurtlarda Bütindünýä welosiped güni mynasybetli köpçülikleýin çäreler geçirildi
Türkmenistanyň Deňiz Administrasiýasy ISO 9001:2015 standartyna laýyklygyny...
Türkmenistanyň Deňiz Administrasiýasy ISO 9001:2015 standartyna laýyklygyny üstünlikli tassyklady
Türkmen-hytaý strategik hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlary ara alnyp maslahatla...
Türkmen-hytaý strategik hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy
Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy...
Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy
Türkmenistanyň wekiliýeti GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň çärelerin...
Türkmenistanyň wekiliýeti GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň çärelerine gatnaşdy