Habarlar / Habarlar
Söwda we ulag hem-de maglumat alyş-çalyş ulgamynda mümkinçilikleri ösdürmek üçin amallary ýeňilleşdirmek boýunça 18-nji halkara okuw maslahaty

Şu gün “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda, “Deňiz” myhmanhanasynda, Birleşen Milletler Guramasynyň Ýewropa ykdysady komissiýasy we Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite Maksatnamasynyň (SPECA) çäklerinde Söwda we ulag hem-de maglumat alyş-çalşyk ulgamynda mümkinçilikleri ösdürmek üçin amallary ýeňilleşdirmek boýunça 18-nji halkara okuw maslahaty öz işine başlady. Okuw maslahatynyň işine “Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň, “Türkmendemirýollary” agentliginiň, “Türkmenawtoulaglary” agentliginiň, “Türkmenaragatnaşyk” agentliginiň, “Türkmenhowaýollary” agentliginiň, Döwlet Gümrük gullugynyň we SPECA-nyň agza ýurtlarynyň degişli pudak edaralarynyň wekilleri gatnaşdylar. Okuw maslahatynyň birinji  gününde Hazarüsti ulag geçelgesi boýunça maglumatlary we resminamalary alyş-çalyş etmek boýunça temalarda çykyşlar edildi. Hususan-da, häzirki wagtda Aktau-Baku aralygynda ýük gatnawlary boýunça maglumat alyş-çalşygynyň ýola goýlandygy, geljekde bu ugurda Türkmenistanyň hem goşulmagynyň maksadalaýyk boljakdygy bellenildi. Çykyşlaryň dowamynda maglumat alyş-çalyşygynyň Birleşen Milletler Guramasynyň UN/CEFACT standartlaryna laýyk gelmelidigi nygtaldy. Okuw maslahaty iki gün dowam eder hem-de maslahatyň ahyrynda myhmanlary Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň mümkinçilikleri bilen ýerinde tanyşdyrylar.

‘Dostluk’ tankeri Azerbaýjanyň we Türkmenistanyň hyzmatdaşlygyny berkid...
‘Dostluk’ tankeri Azerbaýjanyň we Türkmenistanyň hyzmatdaşlygyny berkider
Aşgabatda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky 13-nji mejlisi g...
Aşgabatda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky 13-nji mejlisi geçirildi
Türkmenistanyň DIM-nde Ýaponiýanyň Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi...
Türkmenistanyň DIM-nde Ýaponiýanyň Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi
Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-türk hökümetara toparynyň 9-njy me...
Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-türk hökümetara toparynyň 9-njy mejlisi geçirildi
Aşgabatda türkmen-amerikan biznes-forumy geçirildi...
Aşgabatda türkmen-amerikan biznes-forumy geçirildi
Aşgabatda we daşary ýurtlarda Bütindünýä welosiped güni mynasybetli köp...
Aşgabatda we daşary ýurtlarda Bütindünýä welosiped güni mynasybetli köpçülikleýin çäreler geçirildi
Türkmenistanyň Deňiz Administrasiýasy ISO 9001:2015 standartyna laýyklygyny...
Türkmenistanyň Deňiz Administrasiýasy ISO 9001:2015 standartyna laýyklygyny üstünlikli tassyklady
Türkmen-hytaý strategik hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlary ara alnyp maslahatla...
Türkmen-hytaý strategik hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy
Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy...
Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy
Türkmenistanyň wekiliýeti GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň çärelerin...
Türkmenistanyň wekiliýeti GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň çärelerine gatnaşdy