Habarlar / Habarlar
Türkmenistanyň Prezidentiniň Yrak Respublikasynyň Premýer-ministri bilen telefon arkaly söhbetdeşligi

2025-nji ýylyň 5-nji martynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Yrak Respublikasynyň Premýer-ministri Mohammed Şiýa Al Sudaniniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşler mähirli salamlaşyp, birek-biregi, iki ýurduň dostlukly halklaryny mukaddes Oraza aýynyň başlanmagy bilen tüýs ýürekden gutladylar we bu mübärek aýda ediljek doga-dilegleriň Beýik Allatagalanyň dergähinde kabul bolmagyny dileg etdiler.

Türkmenistanyň Prezidenti özara hormat goýmaga, deňhukuklylyga, ynanyşmaga esaslanýan ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň netijeli häsiýetini belledi hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz Yrak Respublikasynyň Prezidenti Abdul Latif Raşide mähirli salamyny beýan etdi.

Yragyň Premýer-ministri hoşniýetli sözler üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza Yragyň döwlet Baştutany Abdul Latif Raşidiň mähirli salamyny ýetirdi hem-de ýurtda Türkmenistan bilen dost-doganlyk ýörelgeleri esasynda ösdürilýän döwletara gatnaşyklara ýokary baha berilýändigini belledi.

Söhbetdeşligiň dowamynda nygtalyşy ýaly, häzirki wagtda türkmen-yrak hyzmatdaşlygy dürli ugurlar boýunça ösdürilýär. Muňa taryhy, medeniýeti, däp-dessurlary umumy bolan iki halkyň köpasyrlyk gatnaşyklary binýat bolup hyzmat edýär. Türkmenistan we Yrak Respublikasy syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlygy giňeldýärler.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine eýerýän daşary syýasy ugruny hem-de BMG-niň meýdançasynda, beýleki halkara düzümlerde öňe sürýän başlangyçlaryny yzygiderli goldaýandygy üçin yrak tarapyna minnetdarlyk bildirdi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow ikitaraplaýyn diplomatik gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmeginiň zerurdygyny belläp, Türkmenistanyň Aşgabatda Yrak Respublikasynyň diplomatik wekilhanasynyň açylmagy we onuň netijeli işlemegi üçin ähli amatly şertleri döretmäge hemmetaraplaýyn ýardam bermäge taýýardygyny tassyklady.

Türkmenistan öz energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna diwersifikasiýa ýoly bilen ibermek syýasatyna berk eýerýär. Şunuň bilen baglylykda, iki ýyl mundan ozal Türkmenistan bilen Yragyň gaz pudagynda bilelikdäki işlere girişendikleri hem-de her ýyl 10 milliard kub metr türkmen tebigy gazyny goňşy Eýranyň çäginden “swap” usulynda Yraga ibermek boýunça düýpli ylalaşygyň gazanylandygy aýdyldy.

Premýer-ministr Mohammed Şiýa Al Sudani Yrak Respublikasynyň bu ugurdaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de işjeňleşdirmäge taýýardygyny tassyklap, munuň üçin zerur işleriň durmuşa geçirilýändigini belledi.

Söhbetdeşligiň dowamynda hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň başlangyjy esasynda 2025-nji ýylyň BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilendigini, şeýle hem Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli şu ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabatda halkara forumyň geçiriljekdigini aýtdy we Premýer-ministr Mohammed Şiýa Al Sudanini bu wekilçilikli maslahata gatnaşmaga çagyrdy.

Yragyň Premýer-ministri çakylygy hoşallyk bilen kabul edip, bu çärelere gatnaşmagyň özi üçin uly hormat boljakdygyny aýtdy. Şeýle-de ol Türkmenistanyň ählumumy parahatçylygy, durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen halkara başlangyçlarynyň möhüm ähmiýetini belledi.

Söhbetdeşler ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň özara gyzyklanma bildirilýän beýleki ugurlary boýunça hem pikir alyşdylar.

Telefon arkaly söhbetdeşligiň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we Yrak Respublikasynyň Premýer-ministri Mohammed Şiýa Al Sudani özara bähbitli döwletara dialogyň iki ýurduň dostlukly halklarynyň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirip, birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.

Aşgabatda türkmen-hytaý işewürler forumy we sergisi açyldy...
Aşgabatda türkmen-hytaý işewürler forumy we sergisi açyldy
Serdar Berdimuhamedow Astanada Aral deňzi boýunça Türkmenistanyň teklibini ...
Serdar Berdimuhamedow Astanada Aral deňzi boýunça Türkmenistanyň teklibini beýan etdi
Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda Täjigistan Respublikasynyň wekilleri bil...
Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda Täjigistan Respublikasynyň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi
«Migrasiýa hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunyna girizilen täze üýtgetmeler...
«Migrasiýa hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunyna girizilen täze üýtgetmeler barada
Türkmenistan bilen Hytaý ikitaraplaýyn resminamalaryň birnäçesine gol çek...
Türkmenistan bilen Hytaý ikitaraplaýyn resminamalaryň birnäçesine gol çekdi
Türkmenistan we Russiýa Federasiýasy deňiz gämiçiligi ulgamynda strategiki...
Türkmenistan we Russiýa Federasiýasy deňiz gämiçiligi ulgamynda strategiki hyzmatdaşlygy täzeleýärler
Gahryman Arkadagymyz UNIDO-nyň Baş direktory bilen duşuşdy...
Gahryman Arkadagymyz UNIDO-nyň Baş direktory bilen duşuşdy
Gahryman Arkadagymyz Wenada AEHA-nyň Baş direktory bilen duşuşdy...
Gahryman Arkadagymyz Wenada AEHA-nyň Baş direktory bilen duşuşdy
Türkmenistanyň wekiliýeti Seulda geçirilen «Merkezi Aziýa – Koreýa Resp...
Türkmenistanyň wekiliýeti Seulda geçirilen «Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy» hyzmatdaşlyk forumynyň ýokary wezipeli wekilleriniň maslahatyna gatnaşdy
Gahryman Arkadagymyzyň Awstriýa Respublikasyna sapary başlandy...
Gahryman Arkadagymyzyň Awstriýa Respublikasyna sapary başlandy