Habarlar / Habarlar
General-admiral F.M.Apraksin adyndaky Hazar deňiz we derýa ulaglary institutynda Magtymgulynyň döredijiligine bagyşlanyp çäre geçirildi

5-nji martda General-admiral Russiýa Federasiýasynyň Astrahan sebitiniň F.M.Apraksin adyndaky Hazar deňiz we derýa ulaglary institutynda Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň döredijiligine bagyşlanyp aýdym-sazly çäre geçirildi.

«Beýik Magtymguly Pyragynyň şygryýet mirasynda zenan kalbynyň çuňlugy» diýip atlandyrylan bu çäre Halkara Zenanlar gününe mynasybetli guraldy. Bu barada Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky konsullygynyň (Astrahan ş.) metbugat gullugy habar berdi.

Çäräniň dowamynda talyplar Magtymguly Pyragynyň döredijiliginden ylham alyp, şahyryň goşgularyndan çeper okaýyşlary we aýdymlary ýerine ýetirdiler.

Şeýle-de çäräniň çäginde şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen çäreleri guramakda goşant goşan ýokary okuw mekdepleriň mugallymlaryna, jemgyýetçilik guramalaryň ýolbaşçylaryna Türkmenistanyň konsullygynyň we Astrahan sebitiniň Gubernatorynyň adynda Hormat hatlary we gül desseleri gowşuryldy.

‘Dostluk’ tankeri Azerbaýjanyň we Türkmenistanyň hyzmatdaşlygyny berkid...
‘Dostluk’ tankeri Azerbaýjanyň we Türkmenistanyň hyzmatdaşlygyny berkider
Aşgabatda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky 13-nji mejlisi g...
Aşgabatda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky 13-nji mejlisi geçirildi
Türkmenistanyň DIM-nde Ýaponiýanyň Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi...
Türkmenistanyň DIM-nde Ýaponiýanyň Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi
Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-türk hökümetara toparynyň 9-njy me...
Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-türk hökümetara toparynyň 9-njy mejlisi geçirildi
Aşgabatda türkmen-amerikan biznes-forumy geçirildi...
Aşgabatda türkmen-amerikan biznes-forumy geçirildi
Aşgabatda we daşary ýurtlarda Bütindünýä welosiped güni mynasybetli köp...
Aşgabatda we daşary ýurtlarda Bütindünýä welosiped güni mynasybetli köpçülikleýin çäreler geçirildi
Türkmenistanyň Deňiz Administrasiýasy ISO 9001:2015 standartyna laýyklygyny...
Türkmenistanyň Deňiz Administrasiýasy ISO 9001:2015 standartyna laýyklygyny üstünlikli tassyklady
Türkmen-hytaý strategik hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlary ara alnyp maslahatla...
Türkmen-hytaý strategik hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy
Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy...
Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy
Türkmenistanyň wekiliýeti GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň çärelerin...
Türkmenistanyň wekiliýeti GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň çärelerine gatnaşdy