Habarlar / Habarlar
Türkmenistanyň DIM-de LLDC-3 taýýarlyk görmek boýunça BMG-niň ilkinji baha beriş missiýasynyň netijelerine bagyşlanan brifing geçirildi

2025-nji ýylyň 28-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary, Az derejede ösen, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar hem-de kiçi ada döwletler boýunça Ýokary wekili Rabab Fatimanyň ýolbaşçylygyndaky LLDC-3 taýýarlyk görmek boýunça BMG-niň ilkinji baha beriş missiýasynyň netijelerine bagyşlanan brifing geçirildi.

Çärä degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralarynyň ýolbaşçylary we wekilleri, BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralarynyň ýolbaşçylary we wekilleri, şeýle hem ýerli KHBS-iň wekilleri gatnaşdy.

Brifingde şu ýylyň ikinji ýarymynda Türkmenistanda geçiriljek BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyna (LLDC-3) taýýarlyk görmek boýunça BMG-niň ilkinji baha beriş missiýasynyň işiniň netijeleri jemlendi.

Rabab Fatima her on ýylda bir gezek geçirilýän bu halkara çäräniň ähmiýetini belläp, LLDC-3 taýýarlyk görmek boýunça çäreleri mundan beýläk-de utgaşdyrmagyň zerurdygyny belledi.

Halkara maslahaty ýokary derejede geçirmäge gönükdirilen taýýarlyk we protokol-guramaçylyk çärelerini öz wagtynda geçirmek, şol sanda Jemleýji we beýleki resminamalaryň taslamasyny işläp taýýarlamak, LLDC-3 üçin maglumat-habar beriş işini guramak we çäreleriň geçiriljek ýerlerini tehniki taýdan üpjünçiligi meseleleri boýunça pikir alyşmalar geçirildi.

‘Dostluk’ tankeri Azerbaýjanyň we Türkmenistanyň hyzmatdaşlygyny berkid...
‘Dostluk’ tankeri Azerbaýjanyň we Türkmenistanyň hyzmatdaşlygyny berkider
Aşgabatda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky 13-nji mejlisi g...
Aşgabatda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky 13-nji mejlisi geçirildi
Türkmenistanyň DIM-nde Ýaponiýanyň Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi...
Türkmenistanyň DIM-nde Ýaponiýanyň Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi
Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-türk hökümetara toparynyň 9-njy me...
Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-türk hökümetara toparynyň 9-njy mejlisi geçirildi
Aşgabatda türkmen-amerikan biznes-forumy geçirildi...
Aşgabatda türkmen-amerikan biznes-forumy geçirildi
Aşgabatda we daşary ýurtlarda Bütindünýä welosiped güni mynasybetli köp...
Aşgabatda we daşary ýurtlarda Bütindünýä welosiped güni mynasybetli köpçülikleýin çäreler geçirildi
Türkmenistanyň Deňiz Administrasiýasy ISO 9001:2015 standartyna laýyklygyny...
Türkmenistanyň Deňiz Administrasiýasy ISO 9001:2015 standartyna laýyklygyny üstünlikli tassyklady
Türkmen-hytaý strategik hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlary ara alnyp maslahatla...
Türkmen-hytaý strategik hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy
Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy...
Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy
Türkmenistanyň wekiliýeti GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň çärelerin...
Türkmenistanyň wekiliýeti GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň çärelerine gatnaşdy