Habarlar / Habarlar
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Bütindünýä bankynyň wekilleri bilen duşuşdy

2025-nji ýylyň 28-nji fewralynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Bütindünýä bankynyň Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça wise-prezidenti hanym Antonella Bassani, bankyň Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin direktory hanym Tatýana Proskurýakowa, Halkara maliýe korporasiýasynyň Merkezi Aziýa we Türkiýe boýunça sebitleýin direktory hanym Wibke Şlýomer bilen duşuşdy.

Myhmanlar duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, myhmanlar Türkmenistanyň ýeten belent sepgitlerini we ykdysady özgertmelerini aýratyn bellediler. Hanym Antonella Bassani Bütindünýä bankynyň ýolbaşçysynyň Gahryman Arkadagymyza iberen mähirli salamyny ýetirdi.

Şeýle-de myhmanlar Türkmenistanyň içeri we daşary syýasatyna ýokary baha berip, ýurdumyzyň Bitaraplyk hukuk derejesiniň dünýäde parahatçylygy pugtalandyrmakdaky möhüm ornuny we öňe sürýän halkara başlangyçlarynyň ähmiýetini nygtadylar. Gahryman Arkadagymyzy we ähli türkmen halkyny Türkmenistanyň Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutladylar.

Gahryman Arkadagymyz iri halkara maliýe düzümleriniň wekillerini mähirli mübärekläp, hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirdi hem-de Bütindünýä bankynyň ýolbaşçysyna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi. Türkmen halkynyň Milli Lideri myhmanlaryň saparynyň çäklerinde geçiriljek duşuşyklaryň Türkmenistan bilen Bütindünýä bankynyň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljekki ugurlary barada pikir alyşmaga ýardam berjekdigine ynam bildirip, gepleşikleriň üstünlikli geçmegini arzuw etdi.

Duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, Türkmenistanda durmuşa geçirilýän ykdysady ösüş strategiýasynda halkara hyzmatdaşlygy giňeltmek, hususan-da, abraýly maliýe guramalary, bank-karz düzümleri bilen gatnaşyklary işjeňleşdirmek möhüm orny eýeleýär.

Gahryman Arkadagymyz bu ugurda Türkmenistan bilen Bütindünýä bankynyň arasynda ýola goýlan hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýetini belledi. Geçen ýyllaryň dowamynda bu bankyň saglygy goraýyş, bilim, ulag, aragatnaşyk, energetika ýaly pudaklarda ýurdumyzyň durnukly durmuş-ykdysady ösüşi üçin uly ähmiýete eýe bolan birnäçe taslamalary maliýeleşdirmäge gatnaşandygyny nygtaldy.

Ulag ulgamy hem Türkmenistan üçin möhüm strategik ugurlaryň biridir. Ulagyň dürli görnüşleriniň arabaglanyşygynyň üpjün edilmegi uly ähmiýete eýe bolup, şu maksat bilen, köpugurly we sebit ähmiýetli Demirgazyk — Günorta, Gündogar — Günbatar halkara ulag geçelgelerini döretmek boýunça işler alnyp barylýar.

Şunuň bilen baglylykda, Hazarüsti halkara gatnawlary işjeňleşdirmegiň, bu ugurdaky kuwwatlyklary doly peýdalanmagyň möhümdigi bellenildi.

Gahryman Arkadagymyz Ýewropa we Aziýa sebitlerini birleşdirýän Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň üstaşyr geçirijiligini artdyrmak boýunça uly mümkinçilikleriň bardygyny aýtdy. Türkmenistanyň üstaşyr ulag geçelgelerini döretmek boýunça amala aşyrylýan taslamalara gatnaşmak babatda Bütindünýä bankynyň anyk tekliplerine seretmäge, şeýle hem bu bank bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýardygyny tassyklanyldy.

Duşuşygyň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri we iri halkara maliýe düzümleriniň wekilleri netijeli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de üstünlikli dowam etdiriljekdigine ynam bildirip, birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.

Aşgabatda türkmen-hytaý işewürler forumy we sergisi açyldy...
Aşgabatda türkmen-hytaý işewürler forumy we sergisi açyldy
Serdar Berdimuhamedow Astanada Aral deňzi boýunça Türkmenistanyň teklibini ...
Serdar Berdimuhamedow Astanada Aral deňzi boýunça Türkmenistanyň teklibini beýan etdi
Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda Täjigistan Respublikasynyň wekilleri bil...
Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda Täjigistan Respublikasynyň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi
«Migrasiýa hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunyna girizilen täze üýtgetmeler...
«Migrasiýa hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunyna girizilen täze üýtgetmeler barada
Türkmenistan bilen Hytaý ikitaraplaýyn resminamalaryň birnäçesine gol çek...
Türkmenistan bilen Hytaý ikitaraplaýyn resminamalaryň birnäçesine gol çekdi
Türkmenistan we Russiýa Federasiýasy deňiz gämiçiligi ulgamynda strategiki...
Türkmenistan we Russiýa Federasiýasy deňiz gämiçiligi ulgamynda strategiki hyzmatdaşlygy täzeleýärler
Gahryman Arkadagymyz UNIDO-nyň Baş direktory bilen duşuşdy...
Gahryman Arkadagymyz UNIDO-nyň Baş direktory bilen duşuşdy
Gahryman Arkadagymyz Wenada AEHA-nyň Baş direktory bilen duşuşdy...
Gahryman Arkadagymyz Wenada AEHA-nyň Baş direktory bilen duşuşdy
Türkmenistanyň wekiliýeti Seulda geçirilen «Merkezi Aziýa – Koreýa Resp...
Türkmenistanyň wekiliýeti Seulda geçirilen «Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy» hyzmatdaşlyk forumynyň ýokary wezipeli wekilleriniň maslahatyna gatnaşdy
Gahryman Arkadagymyzyň Awstriýa Respublikasyna sapary başlandy...
Gahryman Arkadagymyzyň Awstriýa Respublikasyna sapary başlandy