Habarlar / Habarlar
Duşanbe şäherinde Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna we Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan çäre geçirildi

2025-nji ýylyň 25-nji fewralynda Täjik milli uniwersitetinde 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegine, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan çäre, şeýle hem Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň «Magtymguly – dünýäniň akyldary» atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.

Türkmenistanyň Täjigistan Respublikasyndaky Ilçihanasy tarapyndan guralan çärä BMG-niň Täjigistandaky hemişelik utgaşdyryjysy Parwati Ramaswami, Täjigistanyň Ýazyjylar birleşiginiň we Täjik dostluk we daşary ýurtlar bilen medeni gatnaşyklar jemgyýetiniň wekilleri, Täjik milli uniwersitetiniň ýolbaşçy düzümi, professor-mugallymlary we talyplary, şeýle hem KHBS-iň wekilleri gatnaşdylar. Şeýle hem bu çärä uniwersitetiň talyplary, şol sanda bu ýerde okaýan türkmenistanly talyplar hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Çäräniň dowamynda Türkmenistanyň Ilçisi A.Goçmyradow, BMG-niň Täjigistandaky hemişelik utgaşdyryjysy P.Ramaswami, Täjigistanyň Ýazyjylar birleşiginiň başlygynyň birinji orunbasary A.Mirhoja, Täjigistan Respublikasynyň Oli Majlisiniň Namoýandagon majlisiniň Deputatyň etikasy boýunça komissiýasynyň Başlygy, F.Barotzoda, Täjigistanyň Ylymlar akademiýasynyň agzasy, filosofiýa ylymlarynyň kandidaty M.Asrori, uniwersitetiň diplomatiýa kafedrasynyň müdiri F.Salaimow, şeýle hem bu uniwersitetiň 5-nji ýyl talyby A.Ahmedowa çykyş etdiler.

Täjik milli uniwersitetiniň prorektory B.Safarmorat öz çykyşynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna bagyşlanan şeýle ähmiýetli çäräniň, hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasynyň geçirilmeginiň uniwersitet üçin uly hormatdygyny belledi. Şeýle hem ol ylym-bilim ulgamynda türkmen tarapy bilen hyzmatdaşlygyň has-da giňeldilmegine taýýardyklaryny beýan etdi.

Ilçi A.Goçmyradow öz çykyşynda Türkmenistanyň Prezidentiniň «Magtymguly – dünýäniň akyldary» atly kitabynyň many-mazmuny barada giňişleýin gürrüň bermek bilen, şahyryň döredijiliginiň parahatçylyk we ynanyşmak ýörelgelerini durmuşa geçirmekdäki ähmiýetini nygtady.

jCTrz4cIOugv91dqUIAhuypNGmpx4O-1500x800.jpg

BMG-niň Täjigistandaky hemişelik utgaşdyryjysy P.Ramaswami çykyşynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmeginiň we bu başlangyjyň 86 ýurt tarapyndan goldanylmagynyň ýurdumyzyň ählumumy derejede parahatçylygy, ynanyşmagy we halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak işine ygrarlydygynyň güwäsidigini nygtady.

Çäräniň çäklerinde oňa gatnaşyjylar bu ýokary okuw mekdebinde guralan ýörite sergi bilen tanyşdylar. Sergide türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň hem-de hormatly Prezidentimiziň kitaplaryna aýratyn orun berildi. Şeýle hem bu kitaplaryň birnäçesi uniwersitetiň kitaphanasyna sowgat berildi.

Şol gün Türkmenistanyň Ilçisi bilen uniwersitetiň prorektorlary B.Safarmoradyň we I.Gafforzodanyň arasynda duşuşyk geçirlip, onuň dowamynda ylym we bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Aşgabatda türkmen-hytaý işewürler forumy we sergisi açyldy...
Aşgabatda türkmen-hytaý işewürler forumy we sergisi açyldy
Serdar Berdimuhamedow Astanada Aral deňzi boýunça Türkmenistanyň teklibini ...
Serdar Berdimuhamedow Astanada Aral deňzi boýunça Türkmenistanyň teklibini beýan etdi
Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda Täjigistan Respublikasynyň wekilleri bil...
Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda Täjigistan Respublikasynyň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi
«Migrasiýa hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunyna girizilen täze üýtgetmeler...
«Migrasiýa hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunyna girizilen täze üýtgetmeler barada
Türkmenistan bilen Hytaý ikitaraplaýyn resminamalaryň birnäçesine gol çek...
Türkmenistan bilen Hytaý ikitaraplaýyn resminamalaryň birnäçesine gol çekdi
Türkmenistan we Russiýa Federasiýasy deňiz gämiçiligi ulgamynda strategiki...
Türkmenistan we Russiýa Federasiýasy deňiz gämiçiligi ulgamynda strategiki hyzmatdaşlygy täzeleýärler
Gahryman Arkadagymyz UNIDO-nyň Baş direktory bilen duşuşdy...
Gahryman Arkadagymyz UNIDO-nyň Baş direktory bilen duşuşdy
Gahryman Arkadagymyz Wenada AEHA-nyň Baş direktory bilen duşuşdy...
Gahryman Arkadagymyz Wenada AEHA-nyň Baş direktory bilen duşuşdy
Türkmenistanyň wekiliýeti Seulda geçirilen «Merkezi Aziýa – Koreýa Resp...
Türkmenistanyň wekiliýeti Seulda geçirilen «Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy» hyzmatdaşlyk forumynyň ýokary wezipeli wekilleriniň maslahatyna gatnaşdy
Gahryman Arkadagymyzyň Awstriýa Respublikasyna sapary başlandy...
Gahryman Arkadagymyzyň Awstriýa Respublikasyna sapary başlandy