Habarlar / Habarlar
BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary bilen Türkmenistanyň we BMG-niň bilelikdäki çäreleri ara alnyp maslahatlaşyldy

2025-nji ýylyň 24-nji fewralynda Türkmenistanyň DIM-de Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Aşgabada ilkinji gezek sapar bilen gelen BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary, Az derejede ösen, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar hem-de kiçi ada döwletler boýunça Ýokary wekili Rabab Fatimanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň hem-de onuň dürli ugurlar boýunça ýöriteleşdirilen edaralarynyň arasyndaky strategiki hyzmatdaşlygyň konstruktiw we köpýyllyk tejribesini nygtadylar.

Ýakyn hyzmatdaşlygy dowam etdirmegiň möhümdigini bellemek bilen, taraplar Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan edilen ýylda bilelikde geçirilmegi meýilleşdirilýän çäreleri jikme-jik ara alyp maslahatlaşdylar.

Hususan-da, şu ýylyň ikinji ýarymynda Türkmenistanda geçirilmegi meýilleşdirilýän BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyna (LLDC 3) taýýarlyk görmek bilen bagly meselelere garaldy.

Taraplar bu çäräniň dünýä möçberindäki ähmiýetini nygtadylar hem-de maslahatyň gün tertibi, protokol-guramaçylyk meseleleri, şol sanda Jemleýji we beýleki resminamalaryň taslamalaryny taýýarlamak bilen bagly meseleler boýunça giňişleýin pikir alyşdylar.

Söhbetdeşler bu çäräniň ulag we sanly arabaglanyşygy gowulandyrmak hem-de dünýä ýurtlarynyň söwda-ykdysady mümkinçiliklerini açmak arkaly durnukly ösüş, ekologiýa we azyk howpsuzlygy ugurlarynda anyk hereketler üçin netijeli meýdança boljakdygyna ynam bildirdiler. Munuň özi Türkmenistanyň milli bähbitlerine hem-de daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna laýyk gelýär.

500 milliondan gowrak ilaty bolan 32 sany deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň geografiki ýerleşişleri bilen baglanyşykly umumy wehimlere eýediklerini, munuň bolsa olaryň dünýäniň beýleki ýurtlary bilen ykdysady gatnaşyklaryna täsir edýändigini bellemek zerurdyr.

‘Dostluk’ tankeri Azerbaýjanyň we Türkmenistanyň hyzmatdaşlygyny berkid...
‘Dostluk’ tankeri Azerbaýjanyň we Türkmenistanyň hyzmatdaşlygyny berkider
Aşgabatda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky 13-nji mejlisi g...
Aşgabatda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky 13-nji mejlisi geçirildi
Türkmenistanyň DIM-nde Ýaponiýanyň Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi...
Türkmenistanyň DIM-nde Ýaponiýanyň Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi
Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-türk hökümetara toparynyň 9-njy me...
Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-türk hökümetara toparynyň 9-njy mejlisi geçirildi
Aşgabatda türkmen-amerikan biznes-forumy geçirildi...
Aşgabatda türkmen-amerikan biznes-forumy geçirildi
Aşgabatda we daşary ýurtlarda Bütindünýä welosiped güni mynasybetli köp...
Aşgabatda we daşary ýurtlarda Bütindünýä welosiped güni mynasybetli köpçülikleýin çäreler geçirildi
Türkmenistanyň Deňiz Administrasiýasy ISO 9001:2015 standartyna laýyklygyny...
Türkmenistanyň Deňiz Administrasiýasy ISO 9001:2015 standartyna laýyklygyny üstünlikli tassyklady
Türkmen-hytaý strategik hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlary ara alnyp maslahatla...
Türkmen-hytaý strategik hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy
Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy...
Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy
Türkmenistanyň wekiliýeti GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň çärelerin...
Türkmenistanyň wekiliýeti GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň çärelerine gatnaşdy