Habarlar / Habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti BAE-niň wise-prezidenti, Premýer-ministriniň orunbasary bilen duşuşdy

2025-nji ýylyň 21-nji fewralynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýurdumyza sapar bilen gelen Birleşen Arap Emirlikleriniň wise-prezidenti, Premýer-ministriniň orunbasary, Prezidentiň iş dolandyryş ministri Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýan bilen duşuşdy.

DIM-iň resmi saýtynyň habar berşine görä, myhman mähirli kabul edilendigi üçin hoşallyk bildirip, Türkmenistanyň Prezidentine Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti Şeýh Mohammed bin Zaýed Al Nahaýýanyň hem-de BAE-niň wise-prezidenti, Premýer-ministri, Goranmak ministri, Dubaýyň häkimi Şeýh Mohammed bin Raşid Al Maktumyň mähirli salamyny ýetirdi we BAE-de doganlyk Türkmenistan bilen konstruktiw gatnaşyklaryň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berilýändigini nygtady.

Türkmenistanyň Prezidenti myhmany mähirli mübärekläp, dostlukly döwletiň  ýolbaşçylaryna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi hem-de BAE-niň ýokary derejeli wekiliýetiniň ýurdumyza amala aşyrýan saparlaryna türkmen tarapynyň hemişe ýokary baha berilýändigini nygtady.

Bellenilişi ýaly, dost-doganlykly döwletara gatnaşyklar birek-birege hormat goýmak, deňhukuklylyk, özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýar. 1995-nji ýylda Türkmenistan bilen BAE-niň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulan döwründen bäri ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, maýa goýum, energetika, ulag-logistika, medeni-ynsanperwer ugurlarda yzygiderli ösdürilýär. Ýokary derejede amala aşyrylýan saparlar we gepleşikler arkaly syýasy-diplomatik hyzmatdaşlyk has-da pugtalandyrylýar.

Ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk babatynda soňky ýyllarda dürli ugurlarda özara söwda dolanyşygynyň möçberiniň yzygiderli artýandygy aýdyldy. Energetika, nebitgaz, ulag, oba hojalyk pudaklarynda hem işjeň hyzmatdaşlyk amala aşyrylýar. BAE-niň öňdebaryjy kompaniýalary Türkmenistanyň nebitgaz, energetika, gurluşyk pudaklarynda iri taslamalary durmuşa geçirýär.

Köptaraply hyzmatdaşlyk barada aýtmak bilen, taraplar Türkmenistanyň hemişelik bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň we BAE-niň halkara giňişlikdäki strategik maksatlarynyň iki ýurduň özara gatnaşyklaryny pugtalandyrmakdaky ornuny nygtadylar.

Türkmenistanyň başlangyjy esasynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 2025-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan etmek hakynda Kararnamany kabul etmek baradaky çözgüdiniň Türkmenistanyň bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň BMG tarapyndan ykrar edilmeginiň 30 ýyllygy bilen gabat gelýändigini nygtamak bilen, döwlet Baştutanymyz Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýana şu ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabatda geçiriljek halkara foruma çakylyk hatyny gowşurdy hem-de onuň bu foruma gatnaşmagynyň ikitaraplaýyn dostlukly gatnaşyklary has-da pugtalandyrmaga uly goşant boljakdygyna ynam bildirdi.

‘Dostluk’ tankeri Azerbaýjanyň we Türkmenistanyň hyzmatdaşlygyny berkid...
‘Dostluk’ tankeri Azerbaýjanyň we Türkmenistanyň hyzmatdaşlygyny berkider
Aşgabatda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky 13-nji mejlisi g...
Aşgabatda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky 13-nji mejlisi geçirildi
Türkmenistanyň DIM-nde Ýaponiýanyň Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi...
Türkmenistanyň DIM-nde Ýaponiýanyň Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi
Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-türk hökümetara toparynyň 9-njy me...
Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-türk hökümetara toparynyň 9-njy mejlisi geçirildi
Aşgabatda türkmen-amerikan biznes-forumy geçirildi...
Aşgabatda türkmen-amerikan biznes-forumy geçirildi
Aşgabatda we daşary ýurtlarda Bütindünýä welosiped güni mynasybetli köp...
Aşgabatda we daşary ýurtlarda Bütindünýä welosiped güni mynasybetli köpçülikleýin çäreler geçirildi
Türkmenistanyň Deňiz Administrasiýasy ISO 9001:2015 standartyna laýyklygyny...
Türkmenistanyň Deňiz Administrasiýasy ISO 9001:2015 standartyna laýyklygyny üstünlikli tassyklady
Türkmen-hytaý strategik hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlary ara alnyp maslahatla...
Türkmen-hytaý strategik hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy
Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy...
Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy
Türkmenistanyň wekiliýeti GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň çärelerin...
Türkmenistanyň wekiliýeti GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň çärelerine gatnaşdy