Habarlar / Habarlar
Türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy

 

2025-nji ýylyň 20-nji fewralynda Türkmenistanyň Hytaý Halk Respublikasyndaky Ilçisi P.Durdyýew bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Daşary işler ministriniň kömekçisi Lýu Biniň arasynda duşuşyk geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.

Söhbetdeşler hemmetaraplaýyn strategiki hyzmatdaşlygyň çäklerinde türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň ugurlaryň giň toplumy boýunça depginli ösýändigini we iň ýokary derejedäki duşuşyklaryň iki ýurduň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmekde kesgitleýji orny eýeleýändigini nygtadylar.

Duşuşygyň barşynda türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň geçen ýylda ýeten esasy sepgitleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

P.Durdyýew Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň 2025-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etmek baradaky kararnamasynyň biragyzdan kabul edendigini aýtdy. Şu ýylda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygynyň hem bellenilýändigi nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, Ilçi Lýu Bine türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň adyndan HHR-iň Başlygy Si Szinpiniň, Döwlet Geňeşiniň Premýeri Li Sýanyň we Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komitetiniň Başlygy Çžao Lesziniň adyna ýollanan Parahatçylygyň we ynanyşmagyň halkara forumyna resmi çakylyk hatlaryny gowşurdy.

Duşuşygyň ahyrynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy has-da berkitmäge taraplaryň taýýardyklary mälim edildi.

‘Dostluk’ tankeri Azerbaýjanyň we Türkmenistanyň hyzmatdaşlygyny berkid...
‘Dostluk’ tankeri Azerbaýjanyň we Türkmenistanyň hyzmatdaşlygyny berkider
Aşgabatda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky 13-nji mejlisi g...
Aşgabatda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky 13-nji mejlisi geçirildi
Türkmenistanyň DIM-nde Ýaponiýanyň Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi...
Türkmenistanyň DIM-nde Ýaponiýanyň Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi
Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-türk hökümetara toparynyň 9-njy me...
Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-türk hökümetara toparynyň 9-njy mejlisi geçirildi
Aşgabatda türkmen-amerikan biznes-forumy geçirildi...
Aşgabatda türkmen-amerikan biznes-forumy geçirildi
Aşgabatda we daşary ýurtlarda Bütindünýä welosiped güni mynasybetli köp...
Aşgabatda we daşary ýurtlarda Bütindünýä welosiped güni mynasybetli köpçülikleýin çäreler geçirildi
Türkmenistanyň Deňiz Administrasiýasy ISO 9001:2015 standartyna laýyklygyny...
Türkmenistanyň Deňiz Administrasiýasy ISO 9001:2015 standartyna laýyklygyny üstünlikli tassyklady
Türkmen-hytaý strategik hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlary ara alnyp maslahatla...
Türkmen-hytaý strategik hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy
Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy...
Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy
Türkmenistanyň wekiliýeti GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň çärelerin...
Türkmenistanyň wekiliýeti GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň çärelerine gatnaşdy