Habarlar / Habarlar
Tokaýew Ýewraziýa Ykdysady Bileleşiginiň agza döwletlerini Aşgabat Ylalaşygyna goşulmaga çagyrdy

Moskwada geçen Ýewraziýa Ykdysady Bileleşiginiň ýubileý sammitinde Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew ÝYB-niň hyzmatdaşlaryny Merkezi Aziýa bilen Aýlag ýurtlarynyň arasyndaky ulag geçelgesine goşulmaga çagyrdy.

«Aýlag bazarlaryna girmek üçin Ykdysady bileleşige agza döwletleri halkara ulag geçelgelerini döretmek baradaky Aşgabat şertnamasyna goşulmaga çagyrýarys. Gazagystan eýýäm bu şertnamanyň içinde» — diýip, Gazagystanyň Prezidenti belledi.

Prezident Tokaýewiň sözlerine görä, uzak möhletleýin integrasiýany ýola goýmagyň esasy şerti daşarky bazarlar bilen durnukly ulag aragatnaşygynyň bolmagydyr.

Eýranyň, Omanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň arasynda halkara ulag we üstaşyr geçelgeleri döretmek baradaky şertnama (Aşgabat ylalaşygy) 2011-nji ýylda Aşgabatda gol çekildi. Şondan soň bolsa Gazagystan, Katar we Hindistan bu şertnama goşuldy.

Aşgabatda türkmen-hytaý işewürler forumy we sergisi açyldy...
Aşgabatda türkmen-hytaý işewürler forumy we sergisi açyldy
Serdar Berdimuhamedow Astanada Aral deňzi boýunça Türkmenistanyň teklibini ...
Serdar Berdimuhamedow Astanada Aral deňzi boýunça Türkmenistanyň teklibini beýan etdi
Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda Täjigistan Respublikasynyň wekilleri bil...
Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda Täjigistan Respublikasynyň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi
«Migrasiýa hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunyna girizilen täze üýtgetmeler...
«Migrasiýa hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunyna girizilen täze üýtgetmeler barada
Türkmenistan bilen Hytaý ikitaraplaýyn resminamalaryň birnäçesine gol çek...
Türkmenistan bilen Hytaý ikitaraplaýyn resminamalaryň birnäçesine gol çekdi
Türkmenistan we Russiýa Federasiýasy deňiz gämiçiligi ulgamynda strategiki...
Türkmenistan we Russiýa Federasiýasy deňiz gämiçiligi ulgamynda strategiki hyzmatdaşlygy täzeleýärler
Gahryman Arkadagymyz UNIDO-nyň Baş direktory bilen duşuşdy...
Gahryman Arkadagymyz UNIDO-nyň Baş direktory bilen duşuşdy
Gahryman Arkadagymyz Wenada AEHA-nyň Baş direktory bilen duşuşdy...
Gahryman Arkadagymyz Wenada AEHA-nyň Baş direktory bilen duşuşdy
Türkmenistanyň wekiliýeti Seulda geçirilen «Merkezi Aziýa – Koreýa Resp...
Türkmenistanyň wekiliýeti Seulda geçirilen «Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy» hyzmatdaşlyk forumynyň ýokary wezipeli wekilleriniň maslahatyna gatnaşdy
Gahryman Arkadagymyzyň Awstriýa Respublikasyna sapary başlandy...
Gahryman Arkadagymyzyň Awstriýa Respublikasyna sapary başlandy