Habarlar / Habarlar
Türkmenistanyň Prezidentiniň Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany bilen duşuşygy

18-nji fewralda Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyza iş sapary bilen gelen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanow bilen duşuşdy.

Myhman mähirli kabul edilendigi hem-de däp bolan hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň hormatly Prezidentimize mähirli salamyny hem-de Türkmenistanyň halkyna bagtyýarlyk, abadançylyk, rowaçlyk baradaky arzuwlaryny ýetirdi.

Döwlet Baştutanymyz belent mertebeli myhmany myhmansöýer türkmen topragynda mähirli mübärekläp we hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, Russiýa Federasiýasynyň Prezidentine hem-de halkyna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Söhbetdeşligiň dowamynda özara bähbitleri nazara almak bilen, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy, ony mundan beýläk-de ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlary barada pikir alşyldy. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, Türkmenistan Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasy bilen gatnaşyklary ösdürmäge uly ähmiýet berýär. Onuň netijeli häsiýete eýe bolmagynda ýokary derejede yzygiderli geçirilýän duşuşyklara möhüm orun degişlidir. Döwlet Baştutanymyz R.Minnihanowa beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli geçen ýylyň oktýabrynda guralan halkara foruma işjeň gatnaşandygy üçin minnetdarlyk bildirdi.

Söhbetdeşler asyrlaryň dowamynda halklarymyzyň dostlukly gatnaşyklary saklap gelýändiklerini kanagatlanma bilen nygtadylar. Şol gatnaşyklar medeniýetleriň, diniň, diliň umumylygyna, däp-dessurlaryň meňzeşligine, birek-birege hormat goýmaga, deňhukuklylyga esaslanýar. Tatarystanyň Baştutany Türkmenistanyň türkmen halkynyň milli däplerini, özboluşly medeniýetini saklap galmaga ygrarlydygyna aýratyn ünsi çekip, ýurdumyza ýene bir gezek gelmäge döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirdi.

Ynsanperwer ulgamda, şol sanda bilim, medeniýet, sungat ulgamlarynda hyzmatdaşlyk türkmen-tatar gatnaşyklarynyň möhüm ugry bolup durýar. Pursatdan peýdalanyp, hormatly Prezidentimiz türkmen tarapynyň Russiýa Federasiýasy bilen strategik hyzmatdaşlygyň çäklerinde doganlyk Tatarystan bilen köpugurly gatnaşyklary pugtalandyrmaga gönükdirilen işi mundan beýläk-de dowam etdirmäge taýýardygyny tassyklady.

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň başlangyjy bilen 2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilendigini aýtdy. Munuň özi BMG-niň Baş Assambleýasynyň degişli Kararnamasy bilen berkidildi. Şunuň bilen baglylykda, şu ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabat şäherinde ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli wekilçilikli forum geçiriler. Hormatly Prezidentimiz Tatarystanyň Baştutanyny bu foruma gatnaşmaga çagyryp, munuň iri halkara çäräniň üstünlikli geçirilmegine saldamly goşant boljakdygyna ynam bildirdi.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanow birek-birege berk jan saglyk, döwlet işlerinde mundan beýläk-de üstünlikleri, Türkmenistanyň hem-de Tatarystanyň doganlyk halklaryna bolsa parahatçylyk, abadançylyk, rowaçlyk arzuw etdiler.

Awazada geçiriljek halkara forumyna 30-dan gowrak döwlet Baştutany gatnaşar...
Awazada geçiriljek halkara forumyna 30-dan gowrak döwlet Baştutany gatnaşar
Gurbanguly Berdimuhamedow myhmanhanalaryň LLDC3 maslahatyna taýýarlyk derejes...
Gurbanguly Berdimuhamedow myhmanhanalaryň LLDC3 maslahatyna taýýarlyk derejesi bilen tanyşdy
Gurbanguly Berdimuhamedow Awazada gämi ýüzüşi amala aşyrdy...
Gurbanguly Berdimuhamedow Awazada gämi ýüzüşi amala aşyrdy
TULM Hytaýyň konteýnerli synag otlusyny Türkmenbaşy porty arkaly Azerbaýja...
TULM Hytaýyň konteýnerli synag otlusyny Türkmenbaşy porty arkaly Azerbaýjana ugratdy
Yslamabat şäherinde Halkara parlamentariler kongressiniň baş sekretarynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi
“Türkmendeňizderýaýollary” agentligi iki sany Ro-Ro görnüşli gämiler...
“Türkmendeňizderýaýollary” agentligi iki sany Ro-Ro görnüşli gämileri we bir sany gury ýük daşaýan gämisiniň gurulmagy babatynda bäsleşik yglan etdi
Türkmenistanyň wekiliýeti Ösüşi maliýeleşdirmek boýunça dördünji hal...
Türkmenistanyň wekiliýeti Ösüşi maliýeleşdirmek boýunça dördünji halkara maslahata (FFD4) gatnaşýar
Russiýa Türkmenistan bilen ýük daşamalarda rus ýük daşaýjylaryň gatnaşmagyny giňeltmekçi
Raşid Meredow we Günbatar Afrika ýurtlarynyň DIM-leri bilen hyzmatdaşlygy m...
Raşid Meredow we Günbatar Afrika ýurtlarynyň DIM-leri bilen hyzmatdaşlygy maslahatlaşdylar
Şwesiýanyň kazyýeti MTS-iň Türkmenistana garşy ähli arzlaryny gutarnykly...
Şwesiýanyň kazyýeti MTS-iň Türkmenistana garşy ähli arzlaryny gutarnykly ret etdi