Habarlar / Habarlar
«Euronews» kompaniýasynyň ýolbaşçysy Türkmenistana gelmegi meýilleşdirýär

 

«Euronews» kompaniýasynyň ýolbaşçysy Pedro Wargas Dawid ýerli metbugat we mediaplatformalar bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmak, şeýle-de ýurduň medeniýeti bilen tanyşmak üçin Türkmenistana sapar etmegi meýilleşdirýär.

Bu barada «Euronews» kompaniýasynyň ýolbaşçysy Pedro Wargas Dawid bilen Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçisi Sapar Pälwanowyň duşuşygynda bellenildi diýip, Brýusseldäki türkmen diplomatik wekilhanasynyň metbugat gullugy habar berdi.

Duşuşygyň dowamynda Pedro Wargas Dawid «Euronews» kompaniýasynyň bitaraplyk ýörelgelerine ygrarlydygyny hem-de Merkezi Aziýadaky wakalaryň obýektiw we deňagramly beýan edilýändigini nygtady. Şeýle-de Türkmenistanyň sebitde söwda merkezi we ulag geçelgesi hökmünde möhüm orny eýeleýändigine ünsi çekdi.

Duşuşygyň çäklerinde «Euronews» bilen Türkmenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Syýahatçylygy ösdürmek, ykdysady ösüşi ilerletmek, medeni alyş-çalşy we möhüm wakalary beýan etmek ýaly ugurlar boýunça hyzmatdaşlyk mümkinçilikleri gözden geçirildi. «Euronews» Türkmenistany öz platformasynda giňişleýin dünýä tanatmaga gyzyklanma bildirip, brendleşdirilen filmlerden başlap mahabat mazmunyna çenli dürli hyzmatdaşlyk görnüşlerini teklip etdi.

Mundan başga-da, «Euronewsiň» ýolbaşçysy teleýaýlymyň Türkmenistany bar bolan gepleşiklerine goşmaga taýýardygyny mälim etdi. Olaryň arasynda syýahat gepleşikleri («Explore»), medeniýet boýunça görkezilýän gepleşikler («Cult») hem-de ýerli ilat bilen geçirilýän söhbetdeşlikler («Meet the Locals») ýaly programmalar bar.

Duşuşygyň jemleri boýunça iki tarap hem media hyzmatdaşlygyny ösdürmek hem-de Türkmenistany «Euronews» platformasynda giňişleýin açyp görkezmek üçin täze mümkinçilikleri öwrenmäge taýýardygyny tassyklady.

Pedro Wargas Dawidiň aýtmagyna görä, «Euronews» Ýewropanyň öňdebaryjy media platformasy bolmak bilen, ol 19 dilde gepleşikleri ýaýlyma berýär hem-de tomaşaçylarynyň sany 1,2 milliard adama ýetýär. Şeýle-de onuň 24 sagatlyk habar berýän teleýaýlymynyň web sahypasyna we mobil goşundysyna her aý ortaça 29 million ulanyjy girýär.

‘Dostluk’ tankeri Azerbaýjanyň we Türkmenistanyň hyzmatdaşlygyny berkid...
‘Dostluk’ tankeri Azerbaýjanyň we Türkmenistanyň hyzmatdaşlygyny berkider
Aşgabatda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky 13-nji mejlisi g...
Aşgabatda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky 13-nji mejlisi geçirildi
Türkmenistanyň DIM-nde Ýaponiýanyň Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi...
Türkmenistanyň DIM-nde Ýaponiýanyň Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi
Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-türk hökümetara toparynyň 9-njy me...
Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-türk hökümetara toparynyň 9-njy mejlisi geçirildi
Aşgabatda türkmen-amerikan biznes-forumy geçirildi...
Aşgabatda türkmen-amerikan biznes-forumy geçirildi
Aşgabatda we daşary ýurtlarda Bütindünýä welosiped güni mynasybetli köp...
Aşgabatda we daşary ýurtlarda Bütindünýä welosiped güni mynasybetli köpçülikleýin çäreler geçirildi
Türkmenistanyň Deňiz Administrasiýasy ISO 9001:2015 standartyna laýyklygyny...
Türkmenistanyň Deňiz Administrasiýasy ISO 9001:2015 standartyna laýyklygyny üstünlikli tassyklady
Türkmen-hytaý strategik hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlary ara alnyp maslahatla...
Türkmen-hytaý strategik hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy
Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy...
Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy
Türkmenistanyň wekiliýeti GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň çärelerin...
Türkmenistanyň wekiliýeti GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň çärelerine gatnaşdy