Habarlar / Habarlar
Türkmenistanyň wekiliýetiniň Tährana sapary başlandy

2025-nji ýylyň 11-nji fewralynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Eýran Yslam Respublikasynyň paýtagty Tährana iş sapary bilen geldi.

Şol gün türkmen wekiliýeti Eýran Yslam Respublikasynyň ýol we şäher gurluşygy ministriniň orunbasary, Ulag senagaty we ösüş kompaniýasynyň ýolbaşçysy Huşang Bazwand bilen duşuşdy.

Duşuşygyň barşynda taraplar hyzmatdaşlygyň oňyn tejribesini, şol sanda eýran kompaniýalarynyň Türkmenistanyň çäginde awtomobil ýollary gurmak boýunça taslamalaryna gatnaşýandygyny bellediler.

suR7UFQ9CbPxomaFTWsgJ5TMcYNBlM-1500x800.jpgTaraplar öňden baglanyşylan, hususan-da, ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara toparyň soňky mejlisleriniň netijeleri boýunça gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilişini ara alyp maslahatlaşdylar. Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmäge özara gyzyklanma bildirildi.

Soňra Eýranyň nebit ministri Mohsen Paknežad bilen duşuşyk geçirildi.

Ara alyp maslahatlaşmalaryň barşynda nebitgaz pudagynda hyzmatdaşlygyň häzirki möhüm meselelerine, hususan-da türkmen tebigy gazyny Eýranyň üsti bilen «SWAP» usuly arkaly Türkiýe Respublikasyna ibermek meselesine we geljegine garaldy. Şunuň bilen baglylykda, taraplar iki dostlukly ýurduň bar bolan mümkinçiliklerini durmuşa geçirmek üçin giň şertleriň bardygyny bellediler.

Şeýle-de, Türkmenistanyň wekiliýeti Eýran Yslam Respublikasynyň energetika ministri Abbas Aliabadi bilen duşuşyk geçirdi.

Taraplar geçen ýylyň dowamynda geçirilen gepleşikleriň netijeliligini bellediler we iki ýurduň hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge bolan meýillerini tassykladylar. Duşuşygyň barşynda elektroenergetika, Türkmenistanyň Mary – Maşat elektrik geçirijisiniň taslamasynyň “Mary” döwlet elektrik bekedinden Eýranyň serhedine çenli aralygyny gurmak, suw serişdelerinden tygşytly peýdalanmak boýunça hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan bilen Eýranyň degişli ugurly edaralarynyň arasynda utgaşykly işleriň ähmiýeti aýratyn bellenildi.

Türkmenistanyň wekiliýetiniň Eýrana sapary dowam edýär.

‘Dostluk’ tankeri Azerbaýjanyň we Türkmenistanyň hyzmatdaşlygyny berkid...
‘Dostluk’ tankeri Azerbaýjanyň we Türkmenistanyň hyzmatdaşlygyny berkider
Aşgabatda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky 13-nji mejlisi g...
Aşgabatda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky 13-nji mejlisi geçirildi
Türkmenistanyň DIM-nde Ýaponiýanyň Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi...
Türkmenistanyň DIM-nde Ýaponiýanyň Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi
Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-türk hökümetara toparynyň 9-njy me...
Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-türk hökümetara toparynyň 9-njy mejlisi geçirildi
Aşgabatda türkmen-amerikan biznes-forumy geçirildi...
Aşgabatda türkmen-amerikan biznes-forumy geçirildi
Aşgabatda we daşary ýurtlarda Bütindünýä welosiped güni mynasybetli köp...
Aşgabatda we daşary ýurtlarda Bütindünýä welosiped güni mynasybetli köpçülikleýin çäreler geçirildi
Türkmenistanyň Deňiz Administrasiýasy ISO 9001:2015 standartyna laýyklygyny...
Türkmenistanyň Deňiz Administrasiýasy ISO 9001:2015 standartyna laýyklygyny üstünlikli tassyklady
Türkmen-hytaý strategik hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlary ara alnyp maslahatla...
Türkmen-hytaý strategik hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy
Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy...
Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy
Türkmenistanyň wekiliýeti GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň çärelerin...
Türkmenistanyň wekiliýeti GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň çärelerine gatnaşdy