Habarlar / Habarlar
Türkmen wekiliýeti söwda-ykdysady gatnaşyklary berkitmek maksady bilen Malaýziýada boldy

Söwda-senagat edarasynyň hem-de Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň wekillerini özünde jemleýän Türkmenistanyň wekiliýeti 2025-nji ýylyň 4 – 6-njy fewralynda Malaýziýanyň paýtagty Kuala-Lumpurda saparda boldy. Saparyň maksady telekeçilik we senagat pudagynda hyzmatdaşlygy giňeltmekden hem-de ikitaraplaýyn söwda gatnaşyklary işjeňleşdirmekden ybarat boldy diýip, Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň metbugat gullugy habar berýär.

Saparyň barşynda wekiliýet agzalary Malaýziýanyň Halkara söwda-senagat palatasynyň we Halal-senagat ösüşi boýunça korporasiýasynyň ýolbaşçylary bilen gepleşikleri geçirdiler.

2025-nji ýylyň aprel aýynda Kuala-Lumpur şäherinde geçiriljek maýa goýumlar boýunça halkara foruma taýýarlyk meseleleri gepleşikleriň üns merkezinde boldy. Şolarda ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy we syýahatçylygy ösdürmek esasy ugurlar boldy.

Türkmen wekiliýetiniň şu gezekki gepleşikleri Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň 2024-nji ýylyň dekabr aýynda Malaýziýa amala aşyran, möhüm ylalaşyklar baglaşylan, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak üçin täze mümkinçilikleri açan saparynyň özboluşly dowamydyr.

‘Dostluk’ tankeri Azerbaýjanyň we Türkmenistanyň hyzmatdaşlygyny berkid...
‘Dostluk’ tankeri Azerbaýjanyň we Türkmenistanyň hyzmatdaşlygyny berkider
Aşgabatda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky 13-nji mejlisi g...
Aşgabatda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky 13-nji mejlisi geçirildi
Türkmenistanyň DIM-nde Ýaponiýanyň Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi...
Türkmenistanyň DIM-nde Ýaponiýanyň Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi
Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-türk hökümetara toparynyň 9-njy me...
Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-türk hökümetara toparynyň 9-njy mejlisi geçirildi
Aşgabatda türkmen-amerikan biznes-forumy geçirildi...
Aşgabatda türkmen-amerikan biznes-forumy geçirildi
Aşgabatda we daşary ýurtlarda Bütindünýä welosiped güni mynasybetli köp...
Aşgabatda we daşary ýurtlarda Bütindünýä welosiped güni mynasybetli köpçülikleýin çäreler geçirildi
Türkmenistanyň Deňiz Administrasiýasy ISO 9001:2015 standartyna laýyklygyny...
Türkmenistanyň Deňiz Administrasiýasy ISO 9001:2015 standartyna laýyklygyny üstünlikli tassyklady
Türkmen-hytaý strategik hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlary ara alnyp maslahatla...
Türkmen-hytaý strategik hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy
Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy...
Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy
Türkmenistanyň wekiliýeti GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň çärelerin...
Türkmenistanyň wekiliýeti GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň çärelerine gatnaşdy