Habarlar / Habarlar
Türkmenistanyň we Özbegistanyň goraghanalary ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna hödürleniler

Golaýda Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginde Köýtendag (Türkmenistan) we Surhan (Özbegistan) goraghanalaryny serhetüsti ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawy hökmünde hödürlemek bilen baglanyşykly duşuşyk guraldy. Bu barada ministrligiň resmi saýtynda habar berildi.

Duşuşyga Maýkl Zukkowyň Tebigaty goramak gaznasynyň (MSF, Germaniýa), Uly landşaftlary goramak saklamak merkeziniň (CLLC, ABŞ), Slowakiýanyň speleologiýa jemgyýetiniň, Kot d'Azur fransuz uniwersitetiniň, Özbegistan Respublikasynyň Ekologiýa, daşky gurşawy goramak we howanyň üýtgemegi ministrliginiň, Surhan döwlet goraghanasynyň, şeýle-de iki ýurduň ylmy jemgyýetçiliginiň wekilleri gatnaşdylar.

Köýtendagy ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna hödürlemek meselesi Türkmenistan üçin ileri tutulýan ugur bolup durýar we bu iş birnäçe ýyl bäri dowam edýär.

Duşuşygyň maksady Köýtendag (Türkmenistan) we Surhan (Özbegistan) goraghanalaryny serhetüsti ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawy hökmünde hödürlemek bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşmakdan ybarat boldy.

Ilkibaşda «Köýtendag dag ekosistemasy» Guşlary goramak boýunça Korollyk jemgyýetiniň (RSPB, Angliýa) hünärmenleri bilen bilelikde işlenip düzüldi we 2015-nji ýylda ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň komitetine tabşyryldy. 2016-njy ýylda tehniki gözden geçirilenden soň, bilermenler Köýtendag dag ekosistemasynyň bitewiligini saklamak üçin Surhan döwlet goraghanasy bilen bilelikde transmilli nominasiýa tabşyrmagy maslahat berdiler.

2021-nji ýylda Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrligi bilen Uly landşaftlary gorap saklamak merkeziniň (CLLC) arasynda özara düşünişmek Memorandumyna gol çekildi, onuň çäginde «Türkmenistan bilen Özbegistanyň goraghanalarynyň arasyndaky mümkinçilikleri we arabaglanyşygy ýokarlandyrmak» taslamasy durmuşa geçirilýär. Taslama Köýtendag dag ekosistemasynyň biodürlüligini gorap saklamak, goraghananyň mümkinçiliklerini artdyrmak, ylmy maglumatlary ýygnamakda goldaw bermek, bilelikdäki gözegçiligi geçirmek we Köýtendag döwlet goraghanasynda SMART barlagyny girizmek ýaly wezipeleri öz içine alýar.

Bu işleriň netijesi ÝUNESKO-nyňp Bütindünýä mirasyna dalaşgärleri taýýarlamakda uly tejribesi bolan M.Zukkow gaznasynyň hünärmenleri bilen bilelikde dalaşgärlik resminamasyny gutarnykly taýýarlamak üçin ulanylar.

‘Dostluk’ tankeri Azerbaýjanyň we Türkmenistanyň hyzmatdaşlygyny berkid...
‘Dostluk’ tankeri Azerbaýjanyň we Türkmenistanyň hyzmatdaşlygyny berkider
Aşgabatda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky 13-nji mejlisi g...
Aşgabatda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky 13-nji mejlisi geçirildi
Türkmenistanyň DIM-nde Ýaponiýanyň Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi...
Türkmenistanyň DIM-nde Ýaponiýanyň Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi
Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-türk hökümetara toparynyň 9-njy me...
Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-türk hökümetara toparynyň 9-njy mejlisi geçirildi
Aşgabatda türkmen-amerikan biznes-forumy geçirildi...
Aşgabatda türkmen-amerikan biznes-forumy geçirildi
Aşgabatda we daşary ýurtlarda Bütindünýä welosiped güni mynasybetli köp...
Aşgabatda we daşary ýurtlarda Bütindünýä welosiped güni mynasybetli köpçülikleýin çäreler geçirildi
Türkmenistanyň Deňiz Administrasiýasy ISO 9001:2015 standartyna laýyklygyny...
Türkmenistanyň Deňiz Administrasiýasy ISO 9001:2015 standartyna laýyklygyny üstünlikli tassyklady
Türkmen-hytaý strategik hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlary ara alnyp maslahatla...
Türkmen-hytaý strategik hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy
Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy...
Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy
Türkmenistanyň wekiliýeti GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň çärelerin...
Türkmenistanyň wekiliýeti GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň çärelerine gatnaşdy