Habarlar / Habarlar
Türkmenistanyň wekiliýeti Astanada geçirilen ýokary derejedäki duşuşyga gatnaşdy

2025-nji ýylyň 6-njy fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Pekin jarnamasynyň we Hereketleriň platformasynyň 30 ýyllygy mynasybetli geçirilen «2030-njy ýyla çenli Gün tertibiniň ýerine ýetirilmegine çenli 5 ýyl: Merkezi Aziýanyň geljegi» atly ýokary derejedäki duşuşyga gatnaşdy.

Çärä Merkezi Aziýa ýurtlarynyň degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary we wekilleri, şol sanda gender deňligi meselelerine ýöriteleşen hünärmenler gatnaşdy.

Ýokary derejedäki duşuşygyň maksady Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ýokary derejeli wekilleri we beýleki möhüm taraplar üçin DÖM-i we Durnukly ösüş boýunça 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Gün tertibini durmuşa geçirmekde ösüşi çaltlaşdyrmak üçin meýdançany döretmekden ybarat boldy.

M.Bäşimowa öz çykyşynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygyň ilkinji ýyllaryndan bäri aýal-gyzlaryň jemgyýetçilik-syýasy durmuşyň ähli ugurlaryna deňhukukly gatnaşmak boýunça ýörelgelerini berkitmäge gönükdirilen işjeň gender syýasatyny alyp barýandygyny nygtady. Gender ösüşiniň meseleleri aýal-gyzlaryň ýurduň durmuş-ykdysady we medeni ösüşine mundan beýläk-de goşulyşmagyny möhüm ugurlarynyň biri edinýän Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň ähli milli maksatnamalarynda öz beýanyny tapýar.

Bu ugurda gazanylan esasy üstünlikleriň hatarynda Türkmenistanyň Mejlisi tarapyndan degişli halkara konwensiýalarynyň düzgünlerini ýerine ýetirýän «Aýallaryň we erkekleriň deň hukuklarynyň we deň mümkinçilikleriniň üpjün edilmeginiň döwlet kepillikleri hakynda» Kanunynyň kabul edilendigi bellenildi.

Ýokary derejedäki duşuşyk oňa gatnaşyjylara Pekin +30 Sebit syny, Merkezi Aziýada DÖM 5 boýunça gazanylan ösüş we gender deňligini maliýeleşdirmek ýaly möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçilik berdi.

‘Dostluk’ tankeri Azerbaýjanyň we Türkmenistanyň hyzmatdaşlygyny berkid...
‘Dostluk’ tankeri Azerbaýjanyň we Türkmenistanyň hyzmatdaşlygyny berkider
Aşgabatda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky 13-nji mejlisi g...
Aşgabatda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky 13-nji mejlisi geçirildi
Türkmenistanyň DIM-nde Ýaponiýanyň Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi...
Türkmenistanyň DIM-nde Ýaponiýanyň Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi
Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-türk hökümetara toparynyň 9-njy me...
Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-türk hökümetara toparynyň 9-njy mejlisi geçirildi
Aşgabatda türkmen-amerikan biznes-forumy geçirildi...
Aşgabatda türkmen-amerikan biznes-forumy geçirildi
Aşgabatda we daşary ýurtlarda Bütindünýä welosiped güni mynasybetli köp...
Aşgabatda we daşary ýurtlarda Bütindünýä welosiped güni mynasybetli köpçülikleýin çäreler geçirildi
Türkmenistanyň Deňiz Administrasiýasy ISO 9001:2015 standartyna laýyklygyny...
Türkmenistanyň Deňiz Administrasiýasy ISO 9001:2015 standartyna laýyklygyny üstünlikli tassyklady
Türkmen-hytaý strategik hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlary ara alnyp maslahatla...
Türkmen-hytaý strategik hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy
Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy...
Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy
Türkmenistanyň wekiliýeti GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň çärelerin...
Türkmenistanyň wekiliýeti GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň çärelerine gatnaşdy